Kredit hasaplama

Walyuta
Goterim
Jemi pul
Yyl
Ortaca aylyk toleginiz: 0

Bank barada maglumat

«Senagat»  Paýdarlar täjirçilik banky Türkmenistanda döredilen ilkinji täjirçilik banklaryň biri bolup, ol 22 sany esaslandyryjylar-paýdarlar tarapyndan 1989-njy ýylyň 18-nji oktýabrynda Türkmen täjirçilik banky hökmünde döredildi.Banky döretmegiň esasy maksady – söwda we önümçilik bilen meşgullanýan huhusy telekeçileri we kärhanalary goldamakdan ybaratdyr.  1993-nji ýylyň 20-nji noýabrynda Türkmen täjirçilik banky «Senagat» Paýdarlar Täjirçilik banky na öwrüldi. 

            Häzirki wagtda «Senagat»PTB açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bolup, Türkmenistanyň «Kredit edaralary we bank işi hakynda», «Paýdarlar jemgyýeti hakynda» kanunlaryna we beýleki kanun çykaryje namalaryna we Bankyň Tertipnamasyna laýyklykda öz işini alyp barýar.  

            Bankyň ähli welaýat merkezlerinde,Aşgabat şäherinde, şeýle hem Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy we Serdar şäherlerinde şahamçasy, Daşoguz welaýatynyň Gubadag şäherçesiniň "Gubadag" gullugy, paýtagtymyzda 6 nokady we Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherindäki 1 sany  nokady bar. Bankyň hyzmat edýän müşderileriniň sany 120 müňden hem gowrak bolup, olaryň 96% fiziki taraplar we hususy telekeçilerdir.

 

GYMMAT BAHALY KAGYZLAR

«Senagat» Paýdarlar Täjirçilik banky döredilen pursatyndan bäri adaty paýlaryň 18-siniň çykarylyşy bolup, olar Türkmenistanyň Merkezi bankynda hasaba alyndylar.

            01.04.2016 –ýylyň ýagdaýyna görä, bankyň esaslyk maýasy bellenen we hakyky tölenen  28 000 müň manada ýa-da ABŞ-nyň 8 million ABŞ dollaryna barabardyr   Şu wagta çenli bankyň paýdarlarynyň sany 1 650 gowrak bolup,olaryň 25 göterimini edara görnüşli taraplar, 75 göterimini bolsa, fiziki şahslar we telekeçilerdir. 

Biziň hyzmatlarymyz