Kredit hasaplama

Walyuta
Goterim
Jemi pul
Yyl
Ortaca aylyk toleginiz: 0

Bankyň sylaglary

 

   

 “The Banker” žurnalynyň bäsleşligi boýunça  2016-njy ýylda “Senagat” Paýdarlar täjirçilik banky Türkmenistanyň  iň gowy bank edarasy adyna mynasyp boldy

         Beýik Britaniýanyň meşhur “Financial Times” neşiriniň “The Banker” žurnalynyň 2016-njy ýylda geçiren bäşleşiginiň netijesinde “Senagat” paýdarlar täjirçilik banky Türkmenistanyň iň gowy bank edarasy adyna mynasyp boldy we “Türkmenistanyň Ýylyň Banky” diplomyna eýe boldy.

         The Banker her ýylda dünýäniň iň gowy maliýe guramalaryny ýygnaýar we baýraklar bilen sylaglaýar. “Senagat” paýdarlar täjirçilik banky indi bassyr iki ýyl bäri bu abraýly sylaga mynasyp bolup gelýär.

„Senagat“ Paýdarlar täjirçilik banky 2010 – 2016-njy ýyllarynda dürli bank hyzmatlaryny ornaşdyryp, olaryň hilini ýokarlandyryp, girdejilerini has artdyrmak bilen, netijeli ösýän bank höküminde özüni tanatdy. Bank ýyllaryň dowamynda bank amallaryny geçirmekligi kämilleşdirmegiň ýolunda düýpli çäreleri durmuşa ornaşdy. Bu bolsa onuň maliýe-ykdysady görkezijileriniň ösmegine ýardam berdi. Soňky ýyllaryň dowamynda   bankyň jebislendirilen aktiwi  5,5 esse, hususy serişdesi 11 esse, esaslyk maýasy 2 esse, bankyň peýdasy 5 esse, karz goýumlar 21 esse, hyzmat edýän müşderileriniň sany  5 esse ýokarlandy. Şeýlelikde, munuň özi biziň bankymyz içerki bazary daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan ýerli önümler bilen baýlaşdyrmaga, ýurdumyzda azyk howpsuzlygyny üpjün etmäge, täze iş orunlarynyň döredilmegine mynasyp goşant goşýandygynyň hem görkezijisidir.

         „Senagat“ paýdarlar täjirçilik banky berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiziň Bank ulgamynyň öňünde goýýan wezipelerini üstünlikli ýerine ýetirmek üçin täze hyzmatlary we tehnologiýalary ornaşdyryp, ýurdumyzy dünýäniň ösen döwletleriniň derejesine ýetirmek, ykdysady ösüşiň ýokary depginlerini gazanmak, maliýe serişdelerini netijeli peýdalanmak, haryt bazaryny ýerli önümlerden doldurmak, haryt öndürijileri höweslendirmek, nagt däl hasaplaşyklary ösdürmek, halkyň maddy hal-ýagdaýyny gowulandyrmak, milli manadymyzyň hümmetini has-da pugtalandyrmak maksady bilen,  maliýe-ykdysady pudaklar bilen bir hatarda, biziň umumy işimiziň ilerlemegine öz mynasyp goşandyny goşýar.

 

 

 

 

 

 

“The Banker” žurnalynyň bäsleşligi boýunça  2015-nji ýylda “Senagat” Paýdarlar täjirçilik banky Türkmenistanyň  iň gowy bank edarasy adyna mynasyp boldy

         Beýik Britaniýanyň meşhur “Financial Times” neşiriniň “The Banker” žurnalynyň 2015-nji ýylda geçiren bäşleşiginiň netijesinde “Senagat” Paýdarlar Täjirçilik Banky Türkmenistanyň iň gowy bank edarasy adyna mynasyp boldy we “Türkmenistanyň Ýylyň Banky” diplomyna eýe boldy.

            The Banker her ýylda dünýäniň iň gowy maliýe guramalaryny ýygnaýar we baýraklary bilen sylaglaýar. “Senagat” Paýdarlar Täjirçilik banky  hem 2015-nji ýylda bu ýokary sylaga birinji gezek mynasyp boldy.

“Senagat” Paýdarlar Täjirçilik banky Türkmenistanda dörän ilkinji täjirçilik banklarynyň biridir. “Senagat” Paýdarlar Täjirçilik banky Türkmenistanyň Hormatly Prezidentiniň kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak hakynda Kararlary laýyklykda, “Türkmenistanyň bank ulgamyny ösdürmegiň 2011-2030-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda” bellenen işleri amala aşyrmak bilen, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň derejesiniň ýokarlanmagy, ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmaga, içerki önüm öndürijileri maliýe taýdan godamak we ýurtda telekeçiligiň ösmegine ýardam bermek,  halkyñ maddy hal-ýagdaýyny gowulandyrmaga ykdysadyýetiň maliýe böleginiň ösdürilmegi üçin öz mynasyp goşandyny goşýar. 

 „Senagat“ Paýdarlar Täjirçilik Banky müşderilere dürli bank hyzmatlaryny amala aşyrmak bilen, ýokary hilli bank tehnologiýalaryny ornaşdyryp, hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak bilen, netijeli ösýän bank höküminde özüni tanatdy.

            “Senagat” PTB-nyň  ösüşiniň ileri tutýan esasy ugry Türkmenistanyň hususy haryt öndürijilerini goldamak bolup durýar. Häzirki wagtda, bankyň esasy müşderileri - hususy telekeçiler, eýeçiligiň ähli görnüşindäki edara-kärhanalar, şol sanda kiçi we orta telekeçilik bilen meşgulanýan, bilelikdäki we daşary ýurt kärhanalarydyr.

 

 

 

2013-nji ýylda milli bank ulgamynyň esasy wakalarynyň biri hem «Senagat» Paýdarlar Täjirçilik bankynyň Ženewa şäherinde Biznesiň halkara birleşigi (Business Initiative Directions) egidasy bilen geçirilen hil boýunça B.I.D. Halkara konwensiýasynda «Century International Quality ERA»  hil,  liderçilik, tehnologiýalar we innowasiýalar kategoriýasyndaaltyn baýrak bilen sylaglanmagydyr. Türkmenistanyň bankynyň wekillerine şeýle hem degişlilikdäki sertifikat gowşuryldy. 

Hil boýunça Halkara konwensiýa täçirçilik däl Business Initiative Directions (BID) guramasynyň esasy bölegidir. Bu uly kompaniýany esasy işi dünýädäki korporatiw biznesiň imižini goldamak we ähli ýurtlaryň öňdebaryjy kompaniýalarynyň hil medeniýetini ýaýratmakdan ybaratdyr. Hil boýunça Halkara konwensiýa  işiň dürli görnüşleri bilen meşgul bolýan kompaniýalaryň, guramalaryň we hünärmenleriň gazananlaryny kabul etmekden durýar. Olaryň iň ökdeleri öz gazanan üstünlikleri üçin aşakdaky kategoriýalardaky baýraklara mynasyp boldular: altyn, platina, brilliant. Her ýyl Business Initiative Directions halkara baýraklary bilen dürli pudaklara degişli we hyzmatlary amala aşyrýan kärhanalary we guramalary  (geografik ýerleşişine bagly bolmazdan) sylaglaýar.

Baýragy almak üçin aşakdaky görkezijileriň ýokary derejeleri esas bolup durýar: müşderiniň kanagatlanmagy; kommunikasiýanyň strategiýasy; bençmarking (öz işini gowulandyrmak maksady bilen kopaniýanyň täsirli işiniň öňde bar bolan nusgalaryny kesgitlemek, düşünmek we özleşdirmek); maglumat we seljeriş; pukakdaky öňdebaryjylygy; meýilleşdirmek; kadrlar çeşmesi we işgärleriň hünär derejeleriniň hemişe ýokarlandyrylmagy; ýokary ykdysady netijeler; ISO halkara standartlarynyň hiline laýyk gelmegi. Şu ýyl sylaglanmaga dünýäniň 74 ýurtlaryndan kompaniýalaryň wekilleri, şeýle hem işiň dürli ulgamlarynyň öňdebaryjylary, ykdysadyýet,  sunfgat, korporotiw imidž, hil ulgamynyň ekspertleri we diplomatik korpusyň işgärleri  gatnaşdylar. B.I.D. guramasynyň saýlaw topary CQE Century International Quality ERA we öň baýraga mynasyp bolan kompaniýalaryň ses bermekleriniň netijesinde halkara baýragy bilen sylaglanmaga mynasyplary alýar. Ol ýa-da beýleki guramalary sylaglamak baradaky gutarnykly karary CQE Century International Quality ERA saýlaw topary Hiliň Görnüşine (Total Quality Management) esaslanyp çözýär. Maglumat şeýle hem B.I.D. halkara ekspetlerinden (inženerlerden, ykdysadyýetçilerden, fiziklerden, binagärçilerden, aklawçylardan, žurnalisterden, sosiologlardan we psihologlardan ybarat bolan telekeçilik kommunikasiýasy) gelip gowuşýar.

Bu professionallar dürli hususy we jemgyýetçilik guramalaryň çeşmelerini – ýagny köpçülik habar  beriş serişdelerini, çaplary we publikasiýalary, mahabatlandyrmalary we sergileri, önümçilik marketingleri we uniwersitetleri, Ilçihanalary we Söwda palatalaryny, Täjirçilik wekilhanalaryny öwrenýärler. Türkmenistanyň «Senagat»  Paýdarlar Täjirçilik bankynyň gazanan üstünlikleriniň kabul edilmegi bankyň öz sektoryndaky we söwda-işewürlik çygryndaky öňdebaryjy orny eýeleýändigi  baradaky maglumaty ýaýratmaga esas bolup durýar.  Bu abraýly halkara baýragynyň gowşuryş dabarasynda bellenilişi ýaly, «Senagat» bank –işewirlik äleminde öňdebaryjylygy eýelemägi we hadysalaryň hemişe kämilleşdirilmegini özlerine makdat edinen professionallaryň topaydyr.

Biziň hyzmatlarymyz