Kredit hasaplama

Walyuta
Goterim
Jemi pul
Yyl
Ortaca aylyk toleginiz: 0

Habarlar

Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde ykdysadyýetiň pudaklarynyň we durmuş ulgamynyň 2017-nji ýylyň geçen dokuz aýy jemi jemlendi

05.10.2017

 

Aşgabat, 5-nji oktýabr (TDH). Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi, onda ykdysadyýetiň pudaklarynyň we durmuş ulgamynyň şu ýylyň dokuz aýynda ýerine ýetiren işleriniň jemleri jemlenildi, döwlet maksatnamasynyň ýerine ýetirilişiniň barşyna garaldy hem-de ýakyn geljek üçin wezipeler kesgitlenildi.

Mejlisde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, aýry-aýry ministrleriň we welaýatlaryň häkimleriniň hasabatlaryny diňlenildi, olaryň alyp baran işiniň netijelerine baha berildi.

Ministrler Kabinetiniň mejlisine Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri, welaýatlaryň, şäherleriň we etraplaryň häkimleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, gazetleriň we žurnallaryň redaktorlary hem-de beýleki ýolbaşçylar çagyryldy.

Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibine geçip, maliýe ministri G.Myradowa söz berdi. Ministr Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi hem-de 2017-nji ýylyň üç çärýeginde maliýe-býujet ulgamynda ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.

Şu ýylyň 9 aýynda esasy maliýe meýilnamasynyň girdeji bölegi 122,3 göterim, çykdajylar bolsa 91 göterim ýerine ýetirildi. Ýanwar-sentýabr aýlarynda Döwlet býujetiniň çykdajylarynyň umumy möçberiniň 79,6 göterimi durmuş ulgamyna gönükdirildi.

Ýerli býujetiň girdejiler bölegi 9,5 milliard manat, çykdajylar bölegi bolsa 8,7 milliard manat möçberinde ýerine ýetirildi.

Döwlet býujetinden maliýeleşdirilýän edaralarda aýlyk zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary öz wagtynda hem-de doly möçberde maliýeleşdirildi.

Hormatly Prezidentimiziň kararyna laýyklykda amala aşyrylan işleriň netijesinde, şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynyň jemleri boýunça özara hasaplaşyklar geçirildi.

Şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda balans toparlarynyň 130 mejlisi, şol sanda Merkezi balans toparynyň 9 mejlisi, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň balans toparlarynyň 42 mejlisi hem-de welaýatlaryň balans toparlarynyň 79 mejlisi geçirildi. Olaryň barşynda 9 ministrligiň we pudak edaralarynyň hem-de kärhanalaryň we guramalaryň 464-siniň maliýe-hojalyk işlerine seredildi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, ykdysadyýetimiziň uzak möhlet üçin durnuklylygyny üpjün etmek maksady bilen, ony diwersifikasiýa ýoly arkaly ösdürmek boýunça işleri dowam etdirmegiň zerurdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz halk hojalyk toplumynyň pudaklaryny ösdürmegiň täze maksatnamalaryny işläp taýýarlamagy gaýragoýulmasyz wezipeleriň hatarynda kesgitledi. Şunuň bilen birlikde, maýa goýumlarny çekmek hem-de has amatly ugurlar boýunça ýurdumyzyň eksport kuwwatyny artdyrmak we importuň düzümini kämilleşdirmek möhüm ugur bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Strategiki meýilnamalaşdyryş we ykdysady ösüş institutynyň işi bilen baglanyşykly meselelere ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň dünýäniň hojalyk gatnaşyklary ulgamynda eýeleýän ornuny has-da pugtalandyrmak boýunça ylmy taýdan esaslandyrylan maslahatlary taýýarlamagyň zerurdygyny belläp, bu babatda ministre anyk tabşyryklary berdi. Milli Liderimiz kiçi we orta telekeçili ösdürmegiň häzirki wagtda esasy wezipeleriň biridigini belläp, bu ugurda degişli çäreleri görmek barada birnäçe görkezmeleri berdi.

Soňra Statistika badaky döwlet komitetiniň başlygy A.Öräýewa ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Maglumatlara laýyklykda, hasabat döwründe pudaklaryň köpüsinde öndürilýän önümleriň möçberleri yzygiderli aptýar.

2016-njy ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, şu ýylyň 9 aýynda tebigy gazyň çykarylyşynyň artyş depgini 7,8 göterime barabar boldy. Bu görkeziji benziniň we dizel ýangyjynyň öndürilişinde 0,2 göterime, çalgy ýaglarynyň öndürilişinde 1,9 göterime, demir önümleriniň öndürilişinde 5,1 göterime, elektrik energiýasynyň öndürilişinde 4,8 göterime, nah matalaryň öndürilişinde 10,2 göterime, eýlenen deri babatda 6,3 göterime, tikin we örme önümleriniň öndürilişinde 9,4 göterime deň boldy. Sementiň öndürilişi 2 million 734,2 müň tonna ýetip, geçen ýylyň 9 aýynyň derejesinde boldy. Şonuň ýaly-da, azyk senagatynyň möhüm pudaklary boýunça durnukly ösüş gazanylýar.

Statistika baradaky döwlet komitetiniň ýolbaşçysy oba hojalygynda gazanylan netijeler barada hasabat berip, 2016-njy ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, gök önümleriň öndürilişiniň 1,1 göterim, bakjanyň öndürilişiniň 8,2 göterim, ýeralmanyň öndürilişiniň 1,7 göterim, miweleriň öndürilişiniň 1 göterim artandygyny habar berdi.

Ulaglaryň ähli görnüşleriniň ýük dolanyşygy 12 göterim, şol sanda awtomobil ulagy boýunça 4,6 göterim, demir ýol ulaglary boýunça 2,6 göterim artdy. 9 aýda jemi ýolagçy dolanyşygy 3,9 göterim, şol sanda awtomobil ulagy boýunça 3,5 göterim, howa ulagy boýunça 10,7 göterim artdy. Aragatnaşyk ulgamynda ilata edilýän hyzmatlar üçin girdejileriň möçberleri ýokarlandy.

Eksport görkezijiler boýunça hem habar berildi. Şu ýylyň ýanwar-awgust aýlarynda eksportuň möçberi 2016-njy ýylyň degişli döwrüne görä 7,9 göterim köpeldi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, statistika edaralarynyň durmuş-ykdysady özgertmeleri geçirmeginiň, ýurdumyzyň düzümleýin we maýa goýum syýasatyny üýtgedip guramagyň möhümdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz hödürlenýän statistiki maglumatlaryň takyk bolmalydygyny hem-de ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň görkezijilerini toplumlaýyn we içgin seljermegiň esasynda taýýarlanylmalydygyny nygtady. Milli Liderimiz bu edaranyň işiniň döwrüň talaplaryna laýyklykda hem-de ýurdumyzyň ösüşiniň strategiýasyny nazara almak arkaly guralmalydygyny belläp, Statistika baradaky döwlet komitetiniň ýolbaşçysyna bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

Soňra ykdysadyýet we ösüş ministri B.Bazarow gözegçilik edýän düzümlerinde şu ýylyň 9 aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Geçirilen seljermelere laýyklykda, hasabat döwründe maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna milli ykdysadyýetimizi ösdürmäge gönükdirilen maýa goýumlarynyň möçberi 39,4 milliard manat bolup, onuň 48 götirimi önümçilik, 52 götirimi bolsa durmuş we medeni maksatly binalaryň gurluşugyna gönükdirildi.

"Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasynyň" çäklerinde, 1 milliard 410,1 million manatlyk maýa goýum serişdeleri özleşdirildi. Ahal welaýaty boýunça bu görkeziji 461,4 million manada, Balkan welaýaty boýunça 121,2 million manada, Daşoguz welaýaty boýunça 366,1 million manada, Lebap welaýaty boýunça 319,5 million manada, Mary welaýaty boýunça bolsa 141,9 million manada deň boldy.

Şeýle hem hasabat döwründe bu maksatnamanyň çäklerinde 1 hassahana we 1 saglyk öýi, 1 orta mekdep, 808,4 inedördül metr ýaşaýyş jaýlary guruldy. Inženerçilik ulgamlarynyň we ugurdaş desgalaryň 430,9 kilometri, 2588,8 kilometr aragatnaşyk ulgamy çekildi. Häzirki döwürde medeni-durmuş maksatly desgalaryň 64-siniň, suw arassalaýjy desgalaryň 30-synyň, 2167,7 kilometrlik inženerçilik ulgamlarynyň, 388,9 müň inedördül metr meýdany bolan ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy dowam edýär.

Türkmenistanda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilik we eksport kuwwatlyklarynyň möçberlerini artdyrmak boýunça döwlet maksatnamasyny ýerine ýetirmegiň barşy barada hasabat berildi. Häzirki döwürde 8 desganyň gurluşygy tamamlandy, olaryň 74-sinde bolsa işler dowam edýär. 39 taslama-çenlik resminamalary taýýarlanylýar we degişli guramaçylyk işleri alnyp barylýar.

Hasabat döwründe jemi 42 sany döwlet emlägi hususylaşdyryldy hem-de döwlet býujetine 52,9 million manat serişde geçirildi. Şeýle hem şu döwürde döwlet emläginden alnan kärende tölegi 96,2 million manada deň boldy.

Ministrlik tarapyndan 2017-nji ýylyň 1-nji oktýabry ýagdaýyna Türkmenistanyň Edara görnüşindäki taraplarynyň ýeke-täk döwlet sanawyna jemi 525 sany edara görnüşindäki taraplar hasaba alyndy. Şu geçen döwürde ministrligiň intellektual eýeçilik boýunça döwlet gullugynyň umumy güwänama işinden jemi 8,5 million manat serişde döwlet býujetine gelip gowuşdy. Degişli döwürde oýlap tapyşlaryň jemi 25 birligi, senagat nusgalarynyň 23 birligi we haryt nyşanlarynyň 457 birligi döwlet sanawynda bellige alyndy.

Hormatly Prezidentimiz döwlet hem-de milli maksatnamalarynda bellenilen ähli wezipeleriň, ilkinji nobatda bolsa, dürli maksatly binalaryň we desgalaryň gurluşygynyň öz wagtynda ýerine ýetirilmeginiň möhümdigine ünsi çekip, bu wezipeler bilen baglanyşykly meseleleri yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň welaýatlarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek maksatnamasynda göz öňünde tutulan çäreleriň durmuşa geçirilişiniň ýokary depginlerini üpjün etmek boýunça ministre birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Ýurdumyzyň Merkezi bankynyň başlygy M.Annadurdyýew bank edaralarynda şu ýylyň 9 aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Ýerine ýetirilen hyzmatlar üçin ministrlikleriň we pudak edaralarynyň hasabyna daşary ýurt pulunyň gelip gowuşmagy boýunça meýilnamanyň amala aşyrylyşy barada hasabat bermek bilen, Merkeziň bankyň ýolbaşçysy bu görkezijiniň geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 111,96 göterime deň bolandygyny, meýilnamanyň bolsa 125,02 göterim derejesinde ýerine ýetirilendigini habar berdi.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiziň düzümleriň işini kämilleşdirmek doýunça bank edaralarynyň öňünde goýan wezipelerini üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen durmuşa geçiriýän giň möçberli çäreler barada hasabat berildi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, bank edaralarynyň öňünde durýan esasy wezipeleriň puluň hümmetsizlenmegini görkezilen derejede saklamakdan, ýurdumyzyň ykdysadyýetini pul serişdeleriniň dolanyşygyny kadalaşdyrmagyň we oňa gözezgçiligi güýçlendirmegiň hasabyna zerur bolan serişdeler bilen üpjün etmekden ybaratdygyny belledi. Halk hojalygy toplumynyň dürli pudaklary üçin ykdysady taýdan bähbitli taslamalara ülgamlaýyn esasda seljermeleri amala aşyrmagyň we hususy düzümlerer berilýän karz serişdeleriniň ulanylyşyna gözegçiligi güýçlendirmegiň zerurdygyny belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu babatda Merkezi bankyň ýolbaşçysyna birnäçe tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz ýygnananlara ýüzlenip, öz döwründe ýurdumyzyň ykdysadyýetini üýtgedip guramak, şäher we oba ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak, önümçilik degalaryny giň gerim bilen gurmak boýunça tutumly işleriň başlanandygyny belledi.

Soňky ýyllarda «Awaza» Milli syýahatçylyk zolagy, Olimpiýa şäherjigi, zawodlar we fabrikler, demir hem-de awtomobil ýollary, sebitde iri köprüler, Aşgabatda we ýurdumyzyň beýleki şäherlerinde howa menzilleri, köp sanly mekdepler, çagalar baglary we aýlawlar, sport toplumlary ýaly iri desgalaryň gurluşygy tamamlandy.

Giň gerimli bu gurluşyklar hem-de pudaklary ösdürmek bilen bagly meseleleri netijeli çözmek üçin biz Ykdysadyýet we ösüş ministrligini döretdik. Bellenen ösüş maksatnamalarynyň ählisi diýen ýaly tamamlanan häzirki döwürde, indi bu Ministrligiň zerurlygy aradan aýrylýar diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz Maliýe hem-de Ykdysadyýet we ösüş ministrliklerini birleşdirmek, onuň binýadynda Maliýe we ykdysadyýet ministrligini döretmek kararyna gelendigini aýtdy we täze düzümiň esasy wezipelerini hem-de işiniň ugurlaryny kesgitledi. Ykdysady ösüşiň depginini güýçlendirmegi üpjün etmegiň örän möhüm we zerur şerti hasaplanýan maýa goýumlaryny ykdysadyýete çekmek, ykdysady we maliýe düzümlerini döwrebap ýagdaýa getirmek hem-de diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, olaryň dünýä bazarlarynda bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmak onuň işiniň möhüm ugurlarynyň hatarynda görkezildi.

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň maddalaryna laýyklykda bazar özgertmelerini – hususy eýeçilige geçmegi dowam etmek zerurdyr. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz bu işiň ykdysadyýetiň önüm öndürýän pudaklarynda, ilkinji nobatda bolsa, oba hojalygynda, senagatda we onuň esasy pudaklarynda uly orny eýelemelidigini, munuň üçin berk hukuk binýadynyň döredilmelidigini nygtady. Eýeçilik hukuklarynyň ýuridik kadalarynyň we kepillendirmeleriniň netijeli ulgamyny emele getirmek hem-de şonuň esasynda hususyýetçileriň güýçli synpyny döretmegi üpjün etmek zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Ykdysadyýetimiziň bäsleşige ukyply bolmagyny we eksport mümkinçiligini ýokarlandyrmak üçin, ýurdumyzy senagat taýdan ösdürmek, şeýle hem elektron senagatyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri mundan beýläk-de dowam etmek wajypdyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, milli pulumyzy we ýurdumyzda maliýe ýagdaýyny durnukly saklamak maliýe toplumynyň öňünde durýan möhüm wezipedir.

Soňra döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligini döretmek hem-de onuň meseleleri hakyndaky resminama gol çekdi.

Milli Liderimiz O.Gurbannazarowy Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ykdysady, bank we halkara maliýe guramalarynyň meseleleri boýunça orunbasarynyň borçlaryny hem wagtlaýyn ýerine ýetirmekden boşatdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ykdysady, bank we halkara maliýe guramalarynyň meseleleri boýunça orunbasary wezipesine G.Myradow bellenildi.

Döwlet Baştutanymyz maliýe we ykdysadyýet ministri wezipesine Batyr Bazarowy belledi hem-de oňa ministriň orunbasarlary wezipesine işbaşarjaň, mynasyp adamlary hödürlemegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisine gatnaşyjylara ýüzlenip, ähli düzümleriň öňünde şu ýylyň ahyryna çenli durýan gaýragoýulmasyz wezipelere ünsi çekdi. Ýylyň ahyryna çenli az wagt galdy. Galan döwürde biz şu ýyl üçin göz öňünde tutan işlerimiziň ählisini üstünlikli tamamlamak möhümdir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradowa beýleki wise-premýerler bilen bilelikde täze ýylyň Döwlet býujetiniň taslamasyny taýýarlamak bilen bagly ýene-de bir gezek maslahat geçirmegi tabşyrdy. Milli Liderimiz şeýle hem ýurdumyzyň baş maliýe resminamasynyň taslamasyny taýýarlamak işi tamamlanandan soň, ony Türkmenistanyň Mejlisiniň garamagyna ibermek barada görkezme berdi. Döwlet býujetinde Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, 2018-nji ýylda zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberlerini, şeýle hem beýleki durmuş tölegleriniň birnäçesiniň möçberlerini ýokarlandyrmagy göz öňünde tutmaly diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M. Babaýew ýangyç-energetika toplumynda geçen 9 aýyň dowamynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri hem-de “Türkmenistanyň Nebitgaz toplumyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasyny” durmuşa geçirmegiň barşy barada hasabat berdi. Nebiti we gaz kondensatyny çykarmak, uglewodorod serişdelerini gaýtadan işlemek babatda ýerine ýetirilen işleriň görkezijileri barada aýdyldy. Benzin öndürmek boýunça meýilnama 106,7 göterim, dizel ýangyjy boýunça- 103,5 göterim, polipropilen önümçiliginiň meýilnamasy 111,1 göterim, çalgy ýaglarynyňky -102,1 göterim, suwuklandyrylan gaz öndürmegiň meýilnamasy 113,9 göterim berjaý edildi. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, tebigy we ugurdaş gazy çykarmagyň ösüş depgini 107,8 göterime, “mawy ýangyjyň” eksportunyň ösüş depgini 108,1 göterime, maýa goýumlary özleşdirmegiň ösüş depgini 113,3 göterime deň boldy.

Gazylyp çykarylýan nebitiň möçberini artdyrmak maksady bilen, “Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan 2018-2024-nji ýyllar aralygynda goşmaça nebit çykarmak, hem-de şu döwürde Demirgazyk Goturdepe, Altyguýy, Uzynada ýaly täze açylan ýataklary özleşdirmek bilen nebitiň möçberini artdyrmak boýunça geologiýa-tehniki çäreleriň meýilnamasy işlenip taýýarlanyldy.

Wise-premýer Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň türkmen böleginiň gurluşygy hakynda hem hasabat berdi. Şol işler tassyklanan tertipnama laýyklykda alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň gaz, geologiýa we nebit pudaklarynyň yzygiderli ösüşine gönükdirilen energetika syýasatyny durmuşa geçirmegiň aýratyn möhüm ugurlaryna ünsi çekdi.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, nebiti we gazy gaýtadan işlemekden alynýan önümleriň möçberini ýokarlandyrmaga, ýurdumyza maýa goýum işlerini çekmegi işjeňleşdirmäge, özygtyýarly Watanymyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşi boýunça maksatnamany üstünlikli ýerine ýetirmek üçin zerur çäreleri görmäge ünsi güýçlendirmelidir. Milli Liderimiz Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň we beýleki ugurlaryň gurluşygynyň yzygiderli gözegçilikde saklanmalydygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz ýangyç-energetika toplumyda alnyp barylýan guramaçylyk işlerinde käbir kemçilikleriň bardygyna ünsi çekip, bu ugurda ozal berlen tabşyryklary ýerine ýetirmek çärelerini işjeňleşdirmegi wise-premýerden talap etdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Aýdogdyýew gözegçilik edýän senagat toplumynda şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Senagat ministrligi boýunça hasabat döwründe öndürilen önümleriň meýilnamasy 108,7 göterim ýerine ýetirildi.

Dokma senagaty ministrligi boýunça dokuz aýda öndürilen önümleriň meýilnamasy 110,2 göterim ýerine ýetirildi.

“Türkmenhaly” döwlet birleşigi boýunça geçen dokuz aýyň önümçilik meýilnamasy 101,2 göterim ýerine ýetirildi.

“Türkmenhimiýa” döwlet konserni boýunça dokuz aýyň dowamynda önüm öndürmegiň meýilnamasy 102,6 göterim ýerine ýetirildi.

Döwlet balyk hojalygy komiteti boýunça hasabat döwründe önüdrilen önümleriň umumy möçberi 6 million 920 müň manada barabar bolup, meýilnama 107,4 göterim ýerine ýetirildi we ösüş depgini 9,6 göterim üpjün edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, önümçilik kuwwatyny pugtalandyrmaga, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan hem-de daşary bazarlarda bäsdeşlige ukyply önümleriň öndürilişini artdyrmaga gönükdirilen senagat pudaklaryny ösdürmegiň maksatnamalaryny yzygiderli durmuşa geçirmegiň wajypdygyny aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň oba hojalyk pudagyny zerur bolan mineral dökünleri bilen öz wagtynda we doly möçberde üpjün etmek baradaky önümçilik tabşyryklaryny ýerine ýetirip bilmeýändigini belläp, Ş.Meretliýewi «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmekden boşadýandygyny we bu wezipä N.Nyýazlyýewi belleýändigini aýtdy.

Daşary ýurtlara iberilýän önümleriň möçberleriniň azalmagyna ýol berendikleri üçin, senagat ministri A.Tuýliýewe we dokma senagaty ministri N.Gaýlyýewe käýinç yglan edildi.

Milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, “Türkmenhaly” döwlet birleşigini hususylaşdyrmak barada karara gelendigini aýdyp, degişli resminama gol çekdi hem-de şunuň bilen baglylykda, Maliýe we ykdysadyýet ministrligine bu ugurda bäsleşikleri geçirmegi hem-de onuň täze düzümi baradaky ähli zerur resminamalary taýýarlamagy tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow senagat toplumynyň ähli ýolbaşçylaryna bazar ykdysadyýetine geçmegiň depginini gowşadandyklaryny duýduryp, ýurdumyzyň telekeçilik düzümini giňden çekmegiň hasabyna bu ulgamy giňeltmek boýunça işleri işjeňleşdirmegi, ony ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklaryny ýokary götermek üçin esasy göreldeli pudaga öwürmegi talap etdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annameredow gözegçilik edýän ulag we aragatnaşyk pudaklarynda 2017-nji ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Umuman, ulag-aragatnaşyk toplumy boýunça hasabat döwründe hyzmatlary ýerine ýetirmegiň meýilnamasy 101 göterim berjaý edildi. Şunda, ösüş depgini 104 göterime barabar boldy.

Demirýol ulaglary ministrligi boýunça ýük daşamagyň we ýolagçy gatnatmagyň ösüş depgini degişlilikde 103 göterime we 100,1 göterime deň boldy.

Awtomobil ulaglary ministrligi boýunça hyzmatlary ýerine ýetirmegiň ösüş depgini 100 göterime barabar boldy. Bu görkeziji ýük daşamakda 103 göterime, ýolagçy gatnatmakda bolsa 101,1 göterime deň boldy.

Şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda Aragatnaşyk ministrligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 104 göterime barabar boldy. Şu döwürde ilatyň isleglerini kanagatlandyrmak maksady bilen, ýurdumyzda 375 müň telefon nokatlary, şol sanda 351 müň ykjam we 24 müň ýerli telefon nokatlary oturdylyp, bu baradaky meýilnama 216 göterim ýerine ýetirildi.

“Türkmenhowaýollary” gullugy boýunça şu ýylyň 9 aýynda ýerine ýetirilen hyzmatlaryň ösüş depgini 129 göterime deň boldy. Bu görkeziji ýük daşamakda we ýolagçy gatnatmakda degişlilikde 120 göterime we 108 göterime barabar boldy.

Hasabat döwründe Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy boýunça ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 108 göterime deň boldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň ulaglar ulgamynyň önümçilik kuwwatlyklarynyň ýük daşamagyň we ýolagçy gatnatmagyň şol sanda ýurdumyzyň çäginden geçýän üstaşyr ýükleriň möçberleriniň artdyrylmagyny üpjün edýän mümkinçilikleriň az däldigini belledi. Häzirkizaman ulag we üstaşyr düzüminiň döredilmegi, oňa täze çäkleriň çekilmegi diňe bir ýük dolanyşygynyň möçberleriniň artýandygy babatda däl, eýsem, ählumumy ösüşiň meýillerine, gadymy türkmen topragynyň medeniýetleriň çatrygy hökmündäki taryhy wezipesini ýerine ýetirmek meselelerine doly kybap gelýär.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ulag-aragatnaşyk ulgamyny döwrebap derejede ösdürmegiň zerurdygyna ünsi çekip, wise-premýeriň bu ugurda alyp barýan guramaçylyk işlerine nägilelik bildirdi. Aýratyn-da, Demir ýol ulaglary ministrligi hem-de Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy ýük daşamak boýunça bellenilen tabşyryklary ýerine ýetirip bilmedi.

Döwlet Baştutanymyz häzire çenli degişli düzümleriň işini gowulandyrmak boýunça teklipleriň taýýarlanylmandygyny aýdyp, bu ugurda alnyp barylýan işleri gyssagly düzetmegi wise-premýerden berk talap etdi. Hormatly Prezidentimiz ýylyň jemleri boýunça ýagdaý üýtgemese, degişli çäreleriň görüljekdigini duýdurdy.

Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow demir ýol ulaglary ministri D.Bäşimowa ýolagçylary gatnatmagyň we ýük daşamagyň möçberiniň, aragatnaşyk ministri B.Öwezowa bolsa aragatnaşyk hyzmatlarynyň möçberiniň azalmagyna ýol berendikleri üçin käýinç yglan etdi we degişli resminamalara gol çekdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz A.Atamyradowy Türkmenistanyň demir ýol ulaglary ministriniň orunbasary wezipesine bellemek hakyndaky Karara gol çekdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary D.Amangeldiýew Aşgabat şäherini ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler hem-de gözegçilik edýän pudaklarynda ýylyň başyndan bäri ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Hasabat döwründe bahasy 4 milliard 584 million 300 müň amerikan dollaryna barabar bolan dürli maksatly binalaryň we desgalaryň 927-si ulanmaga berildi. Ýylyň ahyryna çenli iri desgalaryň 338-sini ulanmaga bermek meýilleşdirilýär.

Ýanwar-sentýabr aýlarynda Aşgabat şäheriniň häkimligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň umumy möçberi 322 million 721 müň manatdan gowrak bolup, meýilnama 100 göterim ýerine ýetirildi. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 132,5 göterim ösüş depgini gazanyldy.

Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň umumy möçberi 117 million 917 müň manada deň bolup, meýilnama 103 göterim ýerine ýetirildi we ösüş depgini 100,3 göterime barabar boldy.

Energetika ministrligi boýunça öndürilen önümleriň, ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň umumy möçberi 836 müň 462 müň manatdan gowrak bolup, meýilnama 109,9 göterim ýerine ýetirildi we ösüş depgini 101,6 göterim üpjün edildi.

Hasabat döwründe jemi 18 milliard 360 million 611 müň kWt sagat elektrik energiýasy öndürilip, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 103,8 göterim ösüş depgini üpjün edildi. Elektrik energiýasynyň eksporty 2 milliard 870 million 835 müň kWt sagada deň bolup, 103,2 göterim ösüş depgini gazanyldy.

Jemagat hojalygy ministrliginiň ýanwar-sentýabr aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň hem-de hyzmatlarynyň möçberi 207 million 808 müň manatdan gowrak bolup, meýilnama 110,4 göterime, ösüş depgini 112,5 göterime deň boldy.

“Türkmenawtoýollary” döwlet konserni boýunça öndürilen önümiň we ýerine ýetirilen işleriň hem-de hyzmatlaryň umumy möçberi 543 million 84 müň manada deň bolup, meýilnama 102,5 göterim ýerine ýetirildi we 101,2 göterim ösüş depgini gazanyldy.

Wise-premýer, Aşgabat şäherini mundan beýläk-de abadanlaşdyrmagyň, ösen şäher düzümini kemala getirmegiň esasy meseleleri barada hasabat berip, ýol-ulag düzümini täzelemek we birnäçe desgalary gurmak boýunça alnyp barylýan işler barada habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, wise-premýer D.Amangeldiýewe, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň beýleki orunbasarlaryna hem-de Aşgabat şäheriniň häkimine ýüzlenip, paýtagtymyzda alnyp barylýan gurluşyk işlerine berk gözegçiligi üpjün etmegi tabşyrdy. Milli Liderimiz şu ýyl üçin göz öňünde tutulan ähli desgalaryň, aýratyn-da, ýaşaýyş jaýlarynyň hem-de durmuş maksatly desgalaryň bellenen wagtynda we ýokary hilli gurlup, ulanmaga berilmegini üpjün etmegiň hem-de geljek ýyl üçin maýa goýum maksatnamasyna ýene-de bir gezek düýpli seretmegiň wajypdygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz Aşgabat şäheriniň häkimine paýtagtymyzda alnyp barylýan ähli işleriň depginini çaltlandyrmagy, geljek ýylda bu ugurda edilmeli işleri seljermegi tabşyrdy. Milli Liderimiz ak mermerli paýtagtymyz Aşgabady ösdürmäge, öňküsi ýaly, ýene-de aýratyn üns beriljekdigini belledi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň gurluşyk we binagärlik ministriniň orunbasary Ç.Ahmedowy ministriň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmekden boşatmak, S.Selimowy Türkmenistanyň gurluşyk we binagärlik ministriniň orunbasary wezipesine belläp, onuň üstüne gurluşyk we binagärlik ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmegi ýüklemek hakyndaky Kararlara gol çekdi.

Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz S.Selimowy başga işe geçmegi sebäpli, Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrabynyň häkimi wezipesinden boşatmak, Ş.Goçmyradowy Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrabynyň häkimi wezipesine belläp, ony Aşgabat şäheriniň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşatmak, A.Ataýewi özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin Aşgabat şäheriniň Abadan etrabynyň häkimi wezipesinden boşatmak, R.Hydyrowy Aşgabat şäheriniň Abadan etrabynyň häkimi wezipesine belläp, ony Türkmenistanyň jemagat hojalygy ministriniň orunbasary wezipesinden boşatmak hakyndaky Permanlara gol çekdi.

Soňra Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy Ç.Gylyjow Aşgabat şäherinde desgalaryň gurluşygynda ýol berilýän kemçilikler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ykdysady, syýasy, medeni durmuşyň, sportuň we syýahatçylygyň merkezi hökmünde ýurdumyzyň baş şäherini toplumlaýyn ösdürmegiň taslamalaryny durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly ähli meseleleri berk gözegçilikde saklamagyň zerurdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzyň düzümini döwrebaplaşdyrmaga, has oňaýly ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyna, şäheriň ekologiýa abadançylygyna aýratyn üns bermegiň zerurdygyny aýdyp, bu babatda seljerme işlerini dowam etmek barada degişli tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary O.Gurbannazarow söwda toplumynda şu ýylyň 9 aýynda ýerinei ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Söwda we daşar ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça haryt dolanyşygynyň möçberi 3 milliard 503,7 million manada barabar boldy. Şol sanda bölek söwdanyňky 1 milliard 290,8 million manada, lomaý söwdanyňky 2 milliar 212,9 million manada deň boldy. 2016-njy ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, bu görkezijilder degişlilikde 14,6 göterim we 2,7 göterim artdy.Öndürilen önümleriň mukdary 202 million manada deň bolup, onuň önümçiligi 1,9 göterim ýokarlandy.

Döwlet haryt-çig mal biržasy boýunça hasabat döwründe 185 söwda geleşikleri geçirildi. Olaryň barşynda jemi 17 milliard 739,6 million manada deň bolan 13 müň 86 şertnama hasaba alyndy. Olaryň esasy bölegi eksport-import geleşiklerinden ybarat boldy. Umumy gazanylan girdejileriň mukdary 59,49 million manada deň bolup, bu baradaky meýilnama 141,5 göterim ýerine ýetirildi.

Söwda-senagat edarasy boýunça şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlary aralgynda 13,3 million manatlyk hyzmatlar ýerine ýetirildi.

Ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça 9 aýyň dowamynda bahasy 639,3 million manada barabar senagat önümleri öndürildi we olaryň möçberleri 36,3 göterim artdy. Şunda, oba hojalyk we azyk önümleriniň öndürilişi 953,9 million manat artdy we ol 42,6 göterim ýokarlandy. Ýerine ýetirilen gurluşyk-gurnama işleriniň möçberi 4 milliard 640,1 million manada barabar boldy. Söwda dolanyşygynyň mukdary 8 milliard 708,9 million manada deň bolup, ol 7,5 göterim ýokarlandy. Hyzmatlar ulgamynda 748 million manatlyk iş ýerine ýetirildi we onuň ösüşi 12,8 göterim derejesinde boldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Söwda-senagat edarasynyň öňünde durýan möhüm wezipelere ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz düzümiň işini kämilleşdirmek üçin netijeli çäreleri amala aşyrmagyň möhümdigini belläp, bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi. Milli Liderimiz ýakyn wagtda giň möçberli dabaralaryň geçirilmeginiň meýilleşdirilendigini belläp, baýramçylyk günlerinde bazarlarda we söwda dükanlarnda senagat hem-du azyk harytlarynyň bolçulygynyň üpjün edilmelidigini tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň olrunbasary S.Toýlyýew gözegçilik edýän düzümlerinde şu ýylyň 9 aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Wise-premýer bilim ulgamyndaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berip, Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli Jemagat hojalygy institutynyň binalar toplumynyň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň himiýa fakultetiniň täze binasynyň, her biri 600 orunlyk umumybilim berýän mekdepleriň 3-siniň, Aşgabatda 750 orunlyk iki mekdebiň, Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynda 500 orunlyk mekdebiň dabaraly ýagdaýda açylandygyny aýtdy.

Hasabat döwründe şu ýyl üçin meýilleşdirilen okuw kitaplarynyň we gollanmalaryň 156-sy neşir edildi.

Ýurdumyzyň zehinli mekdep okuwçylary halkara ders we taslama olimpiadalaryna gatnaşyp, 80 medal, şol sanda 11 altyn, 25 kümüş we 44 bürünç medal eýelediler. Türkmen talyplary şu döwürde jemi 21 medala mynasyp boldy. Şolaryň 4-si altyn, 6-sy kümüş we 11-si bürünç medallardyr. Mundan başga-da, mekdep okuwçylary, ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň talyplary halkara Internet bäsleşiklerine gatnaşyp, degişlilikde 141 medal we 151 medal gazandy. Şeýle hem baýrakly orunlaryň 18-sine, dürli derejedäki diplomlara mynasyp boldular.

Paýtagtymyzda ýaş zehinleriň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” baýragy ugrunda her ýylda geçirilýän bäsleşigiň çäklerinde guralýan “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” aýdym-saz bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Onuň ýeňijilerine ýörite baýraklar hem-de döwlet Baştutanymyzyň adyndan diplomlar, gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Wise-premýer milli saglygy goraýyş ulgamynda geçirilen işleriň netijeleri barada aýdyp, Aşgabatda 1-nji sentýabrda Halkara endokrenologiýa we hirurgiýa merkeziniň ulanylmaga berlendigini aýtdy.

Döwlet meýletin lukmançylyk ätiýaçlandyrmasyndan gelip gowşan serişdeleriň möçberi boýunça ösüş depgini 108 göterime, ýerlenen önümler we ýerine ýetirilen hyzmatlar boýunça ösüş depgini 111 göterime, derman önümçiligi boýunça ösüş depgini 103 göterime deň boldy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary sport ulgamynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy baradaky meselä geçip, 2017-nji ýylyň 17-27-nji sentýabry aralygynda Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçendigini belledi. Onuň maksatnamasyna sportuň 21 görnüşi boýunça bäsleşikler girizildi. Bu abraýly ýaryşlar öz taryhynda has giň möçberli boldy. Oňa Aziýa ýurtlarynyň türgenleri bilen bir hatarda, Okeaniýa döwletleriniň hem-de bosgunlaryň ýygyndy toparynyň wekilleri gatnaşdy.

Ýurdumyzyň türgenleri bu ýaryşlarda jemi 245 medal, şol sanda 89 altyn, 70 kümüş we 86 bürünç medal eýeläp, uly üstünlik gazandylar. Netijede, Türkmenistanyň milli ýygyndysy V Aziýa oýunlarynyň umumy toparlaýyn hasabynda öňdeligi eýeledi.

Hasabat döwründe ýurdumyzda içerki ýaryşlaryň 161-si we köpçülikleýin sport çäreleriniň 100-si geçirildi. Türkmen türgenleri halkara bäsleşikleriniň 99-syna gatnaşyp, jemi 731 medal, şol sanda 242 altyn, 223 kümüş we 266 bürünç medal eýelediler. Munuň özi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 241 medal köpdür.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçirilişiniň meselelerine ünsi çekdi. Milli Liderimiz wise-premýere bu oýunlary taýýarlamakda we geçirmekde gazanylan tejribeleri, olaryň netijelerini jikme-jik seljermegi, tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz wise-premeýere hem-de ylym-bilim, saglygy goraýyş we sport ulgamlarynyň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, göz öňünde tutulan özgertmeleriň maksatnamalaryna laýyklykda, bu ulgamlaryň ähli basgançaklarynyň ähli maddy-enjamlaýyn we ylmy-usulyýet binýadyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri mundan beýäk-de dowam etmegi tabşyrdy.

Soňra ýurdumyzyň bilim ministri P.Agamyradow şu döwürde edilen işler barada hasabat berdi. Ministr ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyny hasaba almak bilen, Türkmenistanyň “Bilim hakynda” Kanunyna laýyklykda, şeýle hem ilata ministrlik tarapyndan edilýän tölegli bilim hyzmatlaryny giňeltmek maksady bilen bu ulgamdaky özgertmeleri mundan beýläk-de işjeňleşdirmek boýunça teklipleriň taýýarlanandygyny habar berdi.

Häzirki döwürde ýurdumyzda orta hünär okuw mekdepleriniň 42-si hereket edýär. Olaryň 22-si Döwlet býujetiniň hasabyna maliýeleşdirilýär, 20-si bolsa hojalyk hasaplaşygy esasynda işleýär. Şunuň bilen birlikde, paýtagtymyzda we welaýatlarda maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdepleriniň 6-sy hereket edýär. Olarda esasan hojalyk hasaplaşygynda işleýän kärhanalar üçin hünärmenleriň taýýarlanylýandygyny nazara alyp, bu okuw mekdeplerinde 2018-2019-njy okuw ýylyndan başlap sapaklary tölegli esasda ýola goýmagyň maksada laýyk boljakdygy bellenildi.

Şeýle hem ministr döwlet Baştutanymyzyň yzygiderli edýän atalyk aladasy netijesinde, Türkmenistanda ýaş nesilleriň abadan durmuşy we sazlaşykly ösüşi üçin ähli zerur şertleriň döredilendigini belledi. Olaryň ygtyýarynda ähli amatlyklary özünde jemleýän döwrebap çagalar baglary bar. Şunuň bilen baglylykda, körpeleriň çagalar baglarynda saklanmagy üçin ene-atalaryň aýlyk töleginiň möçberlerine täzeden garamak boýunça teklip hödürlenildi. Häzirki döwürde bu töleg umumy degişli çykdajylaryň 2,5 göterimine barabar bolup durýar. Häzirki zamanyň ýagdaýlaryny nazara almak bilen, ýokarda görkezilen tölegi 80 manat möçberinde girizmek teklip edilýär. Munuň özi umumy çykdajylaryň 25 göterimine barabardyr. Durmuş goraglylygyna mätäç maşgalalar üçin bu babatda dünýä tejribesinde degişli ýeňillikler göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz ösüp barýan ýaş nesilleriň bilimi we terbiýesi bilen baglanyşykly meseleleriň döwletimiziň mundan beýläk-de hemişelik üns merkezinde saklanjakdygyny aýdyp, bu ulgamda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleri durmuşa geçirmek, geljekki ugurlary nazara almak bilen, öňde durýan wezipeleriň çözgüdine toplumlaýyn çemeleşmeleri üpjün etmek boýunça anyk görkezmeleri berdi.

Milli Liderimiz teklipleri makullap, meýilleşdirilen özgertmeleriň mazmunyny we maksadyny raýatlara ýetirmek üçin degişli düşündiriş işlerini guramagy üpjün etmek barada degişli ýolbaşçylara birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N.Amannepesow ýolbaşçylyk edýän ulgamynda alnyp barylýan işler barada hasabat berip, “Saglyk” döwlet maksatnamasyna hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şäherlerde we obalarda innowasion tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze hassahanalaryň hem-de şypahanalaryň, Saglyk öýleriniň yzygiderli gurlup ulanylmaga berilýändigini belledi.

Şunuň bilen baglylykda, “Raýatlaryň saglygynyň goralmagy hakynda” we “Derman üpjünçiligi hakynda” Türkmenistanyň Kanunlary esasynda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, ilata edilýän saglygy goraýyş hyzmatlaryny kämilleşdirmek hakyndaky Kararyň taslamasynyň taýýarlanandygy barada habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow halkymyzyň saglygy hakdaky aladanyň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini belläp, hödürlenen kararyň taslamasyny makullady we jemgyýetçilik guramalary hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleri bilen bilelikde şu resminamadan gelip çykýan düzgünleri ilata düşündirmek boýunça degişli işleri guramagy tabşyrdy.

Milli Liderimiz saglygy goraýyş ulgamyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak, lukmançylyk ylmynyň öňdebaryjy gazananlaryny tejribä giňden ornaşdyrmak, keseli anyklaýşyň döwrebap usullaryny öwrenmek hem-de ulanmak, dürli keselleri anyklamak we bejermek boýunça toplumlaýyn çäreleri görmegiň zerurdygyny belläp, bu ulgamda netijeli tejribe alyşmak maksadynda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen ysnyşykly gatnaşyklary ýola goýmak babatda degişli ýolbaşçylara anyk görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Garajaýew gözegçilik edýän düzümlerde şu ýylyň dokuz aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, milli baýramçylyklara hem-de durmuş-medeni maksatly desgalaryň açylyşyna bagyşlanan dürli çäreleriň geçirilişi barada hasabat berdi.

Ýurdumyzda Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylynyň çäklerinde guralýan çäreler dowam edýär. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen medeniýet ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy üstünlikli amala aşyrylýar. Ýylyň başyndan bäri daşary ýurtlaryň birnäçesinde Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçirildi. Aşgabat şäherinde türkmen halkyny dostlukly ýurtlaryň medeniýeti we sungaty bilen tanyşdyrmaga gönükdirilen döredijilik çäreleri guraldy. Olaryň hatarynda geçen hepdede geçirilen Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günlerini görkezmek bolar. Hasabat döwründe kinofilmleriň görkezilişi, şekillendiriş sungatynyň sergileri hem-de daşary ýurtlaryň medeniýet işgärleriniň çykyşlary-da guraldy.

Ýurdumyzyň medeniýet ulgamynyň wekilleri dürli çärelere gatnaşmak üçin daşary ýurtlarda iş saparlarynda boldular.

Teatrlaryň, muzeýleriň, kitaphanalaryň işini kämilleşdirmek boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar. Ýanwar aýyndan bäri muzeýlere 385 müňe golaý adam baryp gördi. Munuň özi geçen ýylyň degişli döwründäkisinden ep-esli köpdür.

Türkmen döwlet neşirýat gullugy boýunça haryt öndürmegiň möçberi 106 million 871 müň manada deň bolup, meýilnama 136,5 göterim ýerine ýetirildi. Kitap önümleriniň 350 görnüşi çap edildi. Türkmenistanyň neşir önümleri halkara sergilerde ýokary baha mynasyp boldy.

Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň maliýe-hojalyk işinden alnan umumy girdeji 31 million 70 müň manatdan gowraga deň boldy. Ýylyň başyndan bäri 101,5 müň syýahatça hyzmat edildi.

Ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda amala aşyrylýan ägirt uly özgertmeleriň many-mazmunyny we ähmiýetini düşündirmek, dünýä bileleşigini Türkmenistanyň dürli ulgamlarda gazanýan üstünlikleri bilen tanyşdyrmak boýunça yzygiderli işleri alyp barýarlar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, medeniýet ulgamyny hem-de köpçülikleýin habar berişg serişdelerini döwrüň talabyna laýyklykda mundan beýläk-de ösdürmegiň wajypdygyny belledi we bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 26 ýyllygy hem-de Bitaraplyk güni mynasybetli geçiriljek çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegiň zerurdygyny belledi. Milli Liderimiz welaýatlaryň ählisinde, şäherlerde hem-de obalarda baýramçylyk çärelerini, sungat ussatlarynyň çykyşlaryny guramagyň, metbugatda hem-de teleradioýaýlymlarda eziz Watanymyzyň gazanýan üstünliklerini giňden beýan etmegiň wajypdygyny nygtady.

Hormatly Prezidentimiz mejlisiň barşynda G.Annakowany “Adalat” gazetiniň baş redaktorynyň orunbasary wezipesine bellemek, G.Myradalyýewi Türkmenistanyň medeniýet ministriniň orunbasary wezipesine belläp, ony Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň baş ýolbaşçysy wezipesinden boşatmak hakyndaky kararlara gol çekdi.

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa milli parlamentiň şu ýylyň 9 aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri barada habar berdi.

Şu döwürde milli parlamentiň mejlisleriniň dowamynda Türkmenistanyň kanunlarynyň we Mejlisiň kararlarynyň birnäçesi kabul edildi. Ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklarynyň sazlaşykly ösüşiniň kanunçylygynyň üpjün edilmegine hem-de döwletara gatnaşyklarynyň ösdürilmegine gönükdirilen kanunçylyk taslamalaryny taýýarlamak işleri dowam edýär.

Halkara hyzmatdaşlygyny we parlamentara gatnaşyklary ösdürmek maksady bilen, Mejlisiň deputatlary halkara çärelerine we maslahatlaryna gatnaşdylar. Olar kanun çykaryjylyk babatda halkara tejribesini öwrenmek üçin daşary ýurtlarda gulluk saparlarynda boldular.

Ýylyň başyndan bäri dürli döwletleriň we halkara guramalaryň wekilleri bilen duşuşyklar geçirildi. Birleşen Milletler Guramasynyň Aşgabatdaky düzüm bölümleri bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklary dowam edýär.

Ministrlikler we pudak edaralary bilen bilelikde 2018-nji ýyl üçin Döwlet býujetini taýýarlamak işleri dowam edýär.

Soňra milli parlamentiň ýolbaşçysy şu ýylyň 9-10-njy oktýabrynda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda boljak Ýaşulular maslahatynyň nobatdaky mejlisine görülýän taýýarlyk barada habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow habary diňläp, durmuş-ykdysady özgertmeleri sazlaşykly ilerletmegiň bähbidine milli kanunçylygy kämilleşirmek, kadalaşdyryş-hukuk namalaryny taýýarlamak we halkara hyzmatdaşlygynyň kanunçylyk binýadyny berkitmek boýunça Mejlisiň alyp barýan işiniň netijeli häsiýete eýe bolmalydygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz döwletimiziň ykdysady strategiýasynda kanunçylygy kämilleşdirmegiň zerurdygyny, bazar gatnaşyklaryna geçmäge aýratyn üns bermelidigini belledi.

2018-nji ýyl üçin Döwlet býujetini taýýarlamak işlerine ünsi çekip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow onuň üstünde düýpli işlemegi we kabul etmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda Ýaşulular maslahatyna möhüm ornuň degişlidigini belläp, umumymilli forumyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça zerur tagallalaryň görülmelidigini belledi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow ýurdumyzyň daşary syýasat ugrunyň 2017-2023-nji ýyllar üçin konsepsiýasyny durmuşa geçirmek boýunça dokuz aýyň dowamynda amala aşyrylan işler hem-de döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Watanymyzyň ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde, abraýly halkara guramalarynyň çäklerinde dostluk we netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň üstünlikli ösdürilýändigi bellenildi. Milli Liderimiziň daşary ýurtlara amala aşyran saparlarynyň hem-de daşary ýurtlaryň ýolbaşçylarynyň birnäçesiniň Türkmenistana bolan saparlarynyň çäklerinde, şol sanda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin Aşgabada gelen ýolbaşçylar bilen geçirilen ýokary derejedäki gepleşikleriň netijeleri hem muňa şaýatlyk edýär.

Ýanwar-sentýabr aýlarynda Daşary işler ministrliginiň üsti bilen jemi 356 sany dürli derejedäki wekiliýet döwletimize sapar bilen geldi. Şol bir döwürde Türkmenistanda daşary ýurtlara 448 wekiliýet gitdi. Hasabat döwründe Türkmenistanda we daşary ýurtlarda dürli derejedäki maslahatlaryň, duşuşyklaryň we beýleki çäreleriň 158-si guraldy. Ýylyň başyndan bäri halkara resminamalaryň 168-si taýýarlanyldy we olara gol çekildi.

Ilçihanalaryň üsti bilen diplomatik aragatnaşyklary ýola goýmak we olary giňeltmek ýurdumyzyň daşary syýasat işiniň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Häzirki wagtda Türkmenistan dünýäniň 145 döwleti bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy.

Daşary işler ministrlikleriniň arasynda maslahatlaşmalar yzygiderli geçirilýär. Hasabat döwründe bu ugurda 29 duşuşyk guraldy.

Daşary ýurt döwletleri bilen ýola goýlan söwda-ykdysady hem-de ynsanperwer-medeni gatnaşyklar okgunly ösdürilýär. Ýylyň başyndan bäri bilelikdäki hökümetara toparlarynyň 14 mejlisi, işewür maslahatlarynyň 8-si geçirildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýere, daşary işler ministrine ýüzlenip, amala aşyryljak halkara saparlaryna, Garaşsyzlygymyzyň 26 ýyllygyna we Bitaraplygymyzyň 22 ýyllygyna bagyşlanyp geçiriljek halkara maslahatlaryna hem-de beýleki halkara çärelerine ýokary derejede taýýarlyk görmegi tabşyrdy.

Şunuň bilen birlikde, milli Liderimiz geljek ýylda beýleki döwletleriň wekiliýetleriniň ýurdumyza boljak saparlarynyň we ýurdumyzyň Hökümet wekiliýetiniň beýleki döwletlere saparlarynyň meýilnamasyny hem-de halkara maslahatlaryny geçirmegiň tertibini taýýarlamagyň we tassyklamagyň wajypdygyny belledi.

Ykdysady jenaýatlara garşy göreş baradaky döwlet gullugynyň direktory M.Çakyýew ýurdumyzyň ilatyny sement önümi bilen üpjün etmek, agyz suwuny arassalamakda ulanylýan koagulýant himiki reagentini ýurdumyzda öndürmek mümkinçiligine geçirilen seljermeler, Senagat ministrligine degişli durky täzelenen demir-beton önümlerini öndürýän zawodlaryň işine hem-de oba hojalyk ekinlerini mineral dökünler bilen üpjün etmek işlerinde ýüze çykarylan kanun bozulmalar barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ykdysady jenaýatlaryň öňüni almak, saklamak we üstüni açmak boýunça işleriň kämilleşdirilmeginiň korrupsiýa garşy göreş baradaky işiň möhüm ugurlarydygyny belläp, döwlet dolandyryş ulgamynda işleýänleriň wezipe borçlaryndan hyýanatçylykly peýdalanmagy, parahorçulygy bilen baglanyşykly jenaýatlaryň, maýa goýumlary goramak işlerini degişli derejede alyp barmagyň zerurdygyny belledi.

Belent Serkerdebaşymyz bu işi dowam etmek barada degişli tabşyryklary berip, gullugyň işgärleriniň hünär derejesiniň we jogapkärçiliginiň ýokarlandyrylmagynyň zerurdygyny aýtdy.

Soňra ýurdumyzyň Baş prokurory B.Atdaýew döwlet Baştutanymyzyň dürli düzümlerde degişli seljermeleri geçirmek barada beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi we olaryň netijeleri barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz kanunçylygyň pugta berjaý edilişine berk gözegçiligiň zerurdygyna ünsi çekip, jenaýatçylygyň öňüni almak, hereket edýän milli kanunçylygy bozmaga bolan synanyşyklary ýüze çykarmak maksady bilen, prokuror gözegçiligini güýçlendirmek barada birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ýokary kazyýetiň başlygy G.Hallyýew ilatdan gelip gowuşýan arzalary seljermek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Belent Serkerdebaşymyz bu düzümiň alyp barýan işiniň Türkmenistanyň durmuş ulgamyny nazarlaýan syýasatynyň maksatlaryna we wezipelderine doly kybap gelmelidigini belläp, ýurdumyzyň ilatyndan Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanyna gelip gowuşýan arzalary seljermek boýunça Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň welaýatlara gözegçilik edýän orunbasarlaryna hem-de welaýatlaryň we etraplaryň häkimlerine degişli tabşyryklary berdi.

Mejlisiň dowamynda milli Liderimiz welaýatlaryň häkimlerine söz berdi.

Ahal welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew welaýatda hasabat döwründe ýerine ýetirilen işleriň netijeleri we sebitiň oba hojalyk pudagyndaky işleriň ýagdaýy, şol sanda bugdaý ekişiniň we pagta ýygymynyň barşy hem-de Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek ugrunda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli işler barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, welaýaty hemmetaraplaýyn ösdürmek, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň depginini güýçlendirmek we ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly meseleleriň hemişe üns merkezinde bolmalydygyny belledi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz geçen 9 aýyň dowamynda Ahal welaýatyndan Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanyna arzalaryň gelip gowşandygyny, olarda esasan ýaşaýyş jaýlaryny edinmek, mellek ýerlerini almak hem-de işe ýerleşmek bilen baglanyşykly meseleleriň gozgalýandygyny aýdyp, häkimden ýagdaýy düýpli seljerip, degişli netije çykarmagy talap etdi.

Soňra Balkan welaýatynyň häkimi S.Satlykow welaýatdaky işleriň ýagdaýy, oba hojalyk işleriniň barşy, hususan-da, bugdaý ekişiniň barşy we sebitiň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, günbatar sebitde oba hojalyk işleriniň barşyny, hususan-da, güýzlük bugdaýyň ekişini gözegçilikde saklamagy, bu möwsümiň guramaçylykly geçirilmegi üçin netijeli çäreleriň görülmegini üpjün etmegi talap etdi.

Döwlet Baştutanymyz Balkan welaýatyny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy wezipeleri barada aýdyp, sebitiň önümçilik kuwwatyny artdyrmagy we ilatyň abadançylygyny ýokarlandyrmagy ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezdi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz welaýatyň raýatlarynyň ýaşaýyş jaýlaryny hem-de mellek ýerlerini edinmek baradaky arzalary bilen baglanyşykly meseleleriň öz wagtynda çözülmeginiň wajypdygyny nygtady.

Soňra Daşoguz welaýatynyň häkimi M.Baýramgulyýew şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda welaýatyň etraplarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, döwlet Baştutanymyzyň buglaý ekişiniň we pugta ýygymynyň depginini güýçlendirmek boýunça ozal beren tabşyryklarynyň berjaý edilişi hem-de welaýatyň ilatynyň durmuş üpjünçiligini gowulandyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz möwsümleýin oba hojalyk işleriniň bellenen möhletlere laýyklykda ýokary hilli geçirilmeginiň wajypdygyny aýdyp, oba hojalygynyň ähli düzümleriniň netijeli işlemegini ýola goýmagy tabşyrdy.

Sebitiň ýolbaşçysynyň öňünde durýan wezipeler bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Daşoguz welaýatynyň ýaşaýjylaryndan Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanyna ýaşaýyş-durmuş häsiýetli köp sanly arzalaryň gelip gowşandygyny aýtdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýaşaýyş jaýlaryny, mellek ýerlerini almaga degişli meseleleriň öz wagtynda çözülmeginiň wajypdygyna ünsi çekip, welaýatyň ýaşaýyş-durmuş düzümini yzygiderli gowulandyrmagyň zerurdygyny belledi we bu babatda häkime anyk tabşyryklary berdi.

Şeýle-de hormatly Prezidentimiz mejlisiň barşynda H.Rejebowy Daşoguz şäheriniň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşatmak hem-de bu wezipä Ş.Jumaýewi bellemek hakyndaky Kararlara gol çekdi.

Lebap welaýatynyň häkimi Ç.Çarlyýew öz çykyşyny sebitde hasabat döwründe ýerine ýetirilen işleriň netijeleri baradaky hasabatdan başlady. Welaýatyň etraplarynda bugdaý ekişini we pagta ýygymyny bellenilen möhletlerde hem-de ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek ugrunda ähli zerur çäreler görülýär. Şeýle hem dürli maksatly desgalaryň gurluşugynda alnyp barylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, häkime bugdaý ekişini hem-de pagta ýygymyny agrotehniki talaplara laýyklykda geçirmek hem-de oba hojalygynda alnyp barylýan işleriň depginini ýokarlandyrmak boýunça tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz sebitiň senagat düzümini mundan beýläk-de pugtalandyrmak we döwrebaplaşdyrmak meselelerine jogapkärçilikli çemeleşmegiň, desgalaryň gurluşygyna gözegçiligi amala aşyrmagyň wajypdygyny belläp, bu babatda anyk görkezmeleri berdi.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz häkime welaýatyň ýaşaýjylarynyň ýaşaýyş-durmuşy bilen baglanyşykly meseleleriň çözülmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyryp, ilatyň arzalaryny seljermegi hem-de öz üstüne ýüklenen borçlara has jogapkärli çemeleşmegi talap etdi.

Mejlisiň dowamynda hormatly Prezidentimiz Ş.Jepbarowy Birata etrabynyň häkimi wezipesine belläp, ony Garaşsyzlyk etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşatmak hakyndaky Permana gol çekdi.

Soňra Mary welaýatynyň häkimi B.Annagurbanow welaýatyň çäklerinde şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda ähli ulgamlar boýunça ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Şeýle hem häkim hasabatyň çäklerinde ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, bugdaý ekişiniň we pagta ýygymynyň depginlerini güýçlendirmek boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli çäreler barada habar berdi.

Döwlet Baştutanymyz möwsümleýin oba hojalyk işleriniň bellenilen möhletlerde we ýokary hilli tamamlanmagynyň möhümdigine ünsi çekip, bu ugra degişli ähli düzümleriň işini döwrüň talabyna laýyk derejede guramak boýunça zerur tagallalaryň edilmelidigini belledi we bu babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz sebitde alnyp barylýan işlerde birnäçe kemçilikleriň bardygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz welaýatyň ýaşaýjylaryndan ýaşaýyş jaýlaryny almak we işi ýerleşmek bilen bagly köpsanly arzalaryň gelip gowşandygyny aýdyp, häkimden olary çözmek boýunça gaýragoýulmasyz çäreleri görmegi talap etdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň dokuz aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berip, tutuş obasenagat toplumy boýunça öndürilen önümleriň, ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depginlerini 102,4 göterime barabar bolandygyny aýtdy.

Oba we suw hojalyk ministrligi boýunça bu görkeziji 109,2 göterim, Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komiteti boýunça 106,8 göterim, “Türkmen atlary” döwlet birleşigi boýunça 106,4 göterim üpjün edildi. Azyk senagaty döwlet birleşigi boýunça meýilnama 100,1 göterim ýerine ýetirildi. Maýa goýumlarynyň özleşdirmegiň meýilnamasy 234,9 göterim berjaý edildi.

Häzirki wagtda welaýatlarda möwsümleýin oba hojalyk işleri dowam edýär. Tutuş ýurdumyz boýunça 607 müň gektardan gowrak meýdana güýzlük bugdaý ekildi, 751 müň tonna golaý pagta hasyly ýygnaldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýere, welaýatlaryň häkimlerine, oba hojalyk toplumynyň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, oba hojalygynda özgertmeleriň haýal alnyp barylýandygyny aýtdy. Milli Liderimiz häzirki döwürde esasy wezipäniň diňe ýurdumyzyň bazarlaryny oba hojalyk önümleri bilen bolelin üpjün etmek we olaryň daşary ýurtlardan getirilmegini bes etmek bilen çäklenmeýändigini, bu önümleriň daşary ýurtlara iberilmegini ýola goýmakdan hem ybaratdygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz geljekki bereketli galla we pagta hasylynyň düýbüniň şu ýyldan tutulýandygyny aýdyp, agrotehniki çäreleri ýokary hilli geçirmäge hem-de geljek ýylyň gowaça ekişine häzirden gowy taýýarlyk görmäge aýratyn üns bermegiň zerurdygyny nygtady.

Şunuň bilen birlikde, hormatly Prezidentimiz oba hojalygyny dolandyrmagyň gurluşyny kämilleşdirmek, ýer reformasyny geçirmek, Ýer kadastryny işläp düzmek boýunça alnyp barylýan işleri hem dowam etmek möhümdigini aýdyp, bu babatda wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň mejlisi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň çykyşy bilen dowam etdirildi. Onda hasabatlar jemlenildi we ýurdumyzyň 9 aýyň dowamynda durmuş-ykdysady ösüşiniň jemlerine toplumlaýyn baha berildi.

Biziň daşary syýasatymyz, ozalkysy ýaly, bitaraplyk, parahatçylygy söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine berk eýermek esasynda amala aşyryldy diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Daşary syýasat işimize, türkmen bitaraplygyna häzirki döwürde sebit hem-de halkara durnuklylygynyň möhüm we aýrylmaz bölegi hökmünde garalýar. Merkezi Aziýada we onuň çäklerinden daşarda netijeli döwletara gatnaşyklaryny ýola goýmagyň, bu ýerde ynanyşmak we hoşniýetli goňşuçylyk ýagdaýyny döretmegiň netijeli usuly hökmünde seredilýär.

Biziň içeri syýasatymyz ýurdumyzy ösdürmegiň tassyklanan maksatnamalaryna laýyklykda alnyp barylýar. Bu maksatnamalar häzirki zaman senagat üpjünçilik ulgamlaryny emele getirmegi, gaýtadan işleýän iri kärhanalary döretmegi göz öňünde tutýar. Daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri ýurdumyzda öndürmek, daşary ýurtlara iberilýän harytlarymyzyň möçberlerini artdyrmak, elektron senagatyny döretmek boýunça çäreleri durmuşa geçirmegi belleýär diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.

Hormatly Prezidentimiz döwletimiz tarapyndan durmuş meselelerini çözmäge, şeýle hem täze kärhanalaryň gurluşygyna we häzir hereket edýän kärhanalaryň durkuny täzelemäge ägirt uly maýa goýumlarynyň gönükdirilýändigini aýdyp, tutuş ýurdumyz boýunça şol serişdeleriň möçberiniň 40 milliard manada golaýlaýandygyny belledi.

Ýurdumyzda tebigy gazy ulanmak bilen, işledilýän energiýa serişdelerini öndüriji kuwwatlyklary artdyrmak hem işjeň alnyp barylýar. Iri halkara hem-de içerki taslamalary üstünlikli amala aşyrmak dowam etdirilýär. Nebitgaz känlerini özleşdirmek we abadanlaşdyrmak, täze gaz geçirijileri, sport desgalaryny, howa menzillerini, ýollary we köprüleri gurmak işlerini giň gerim bilen alnyp barylýar.

«Türkmenistan-Owganystan-Päkistan-Hindistan» gaz geçirijisini, şeýle hem beýleki gaz geçirijileri gurmak boýunça işler güýçli depginde dowam edýär. Şeýlelikde, biz kuwwatly senagat we ulag üpjünçilik ulgamlaryny döretmek arkaly ýurdumyzyň uzak möhletlere niýetlenen syýasy we ykdysady bähbitlerini hem üpjün edýäris diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.

Şu döwrüň dowamynda biz umumy bahasy 4 milliard amerikan dollaryna golaý bolan jemi 216 sany iri desgany işe girizdik. Şeýle hem, 1,5 million inedördül metr bolan ýaşaýyş jaýlaryny, şol sanda ýokary amatlyklary bolan öýleri, myhmanhanalary we dynç alyş toplumlaryny ulanmaga berdik. Aşgabatda uniwersitetleriň binalar toplumlaryny, ençeme lukmançylyk merkezlerini, umumybilim berýän mekdepleri, çagalar baglaryny we beýleki köp sanly desgalary gurduk diýip, milli Liderimiz nytgady.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, oba hojalygynda geçirilýän özgertmeler hem indi öz netijesini berip başlaýar. Şu ýyl ýurdumyzda gallanyň gowy hasyly ýygnalyp alyndy. Oba hojalyk toplumynyň ýolbaşçylarynyň şu günki hasabatyndan görnüşi ýaly, ýurdumyzyň Garaşsyzlyk baýramyna çenli pagta taýýarlamak boýunça tabşyryk hem ýerine ýetiriler.

Ykdysadyýetimizi ösdürmäge telekeçilerimiz saldamly goşant goşýarlar. Olar dürli pudaklarda yhlas bilen işläp, ussatlykda daşary ýurt kompaniýalaryndan birjik-de pes bolman, has çylşyrymly hem-de iri taslamalary amala aşyrýarlar. Ýurdumyzyň bilim, saglygy goraýyş we ylym ulgamlarynda hem özgertmeler dowam edýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Amala aşyrylýan tutanýerli şu işleriň netijesinde, ykdysadyýetimizi dürli görnüşli daşarky töwekgelçiliklere has durnukly edýän düýpli üýtgetmeler bolup geçdi. Bu işler dünýä ykdysadyýetindäki ýaramaz ýagdaýlaryň milli ykdysadyýete edýän täsirini azaldýar.

Bu bolsa, bize jemi içerki önümiň ösüşini ýokary depginde, ýagny 6,4 göterim möçberde saklamaga mümkinçilik berdi. Senagat önümlerini öndürmegiň möçberlerini artdyrmaga, manadyň durnukly bolmagyny saklamaga ýardam etdi. Içerki bazarda harytlar we hyzmatlar üçin nyrhlary pes derejede saklamaga, şeýle hem durmuş ulgamyna gönükdirilýän düýpli maýa goýumlarynyň möçberlerini köpeltmäge şert döretdi.

Elbetde, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aşgabat şäherinde ýokary derejede geçirilen V Aziýa oýunlary şu ýylyň halkara we sport ähmiýetli örän möhüm wakasy boldy. Umuman, mälim bolşy ýaly, sportuň 21 görnüşi boýunça geçirilen bu ýaryşlara dünýäniň 65 döwletinden türgenler gatnaşdylar diýip, milli Liderimiz aýtdy.

V Aziýa oýunlarynda biziň türgenlerimiz Garaşsyz ýurdumyza mynasyp wekilçilik etdiler. Olar umumytopar hasabynda ýeňiş gazanyp, has köp altyn we kümüş medallaryna eýe boldular. Bu bolsa, biziň durmuş meselelerini hemmetaraplaýyn ösdürmekde we çözmekde uly üstünlikleri gazanýandygymyza aýdyň şaýatlyk edýär. Şeýle giň gerimli halkara çärelerini geçirmegi başarýandygymyzy görkezýär.

V Aziýa oýunlarynda gazanan ýeňişlerimiziň mähriban halkymyzyň watançylyk duýgusyny has-da artdyrmaga, eziz Diýarymyza bolan buýsanjyny ýokarlandyrmaga ýardam berendigini aýtmaga biziň doly hukugymyz bardyr. Dünýä derejesinde geçirilen bu Oýunlar Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň Ýer ýüzündäki we dünýä Olimpiýa hereketindäki at-abraýyny has-da pugtalandyrdy diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Ertir biz Hatyra gününi belläp geçeris. Halkymyzyň Garaşsyzlygy, azatlygy we bagtyýar durmuşy üçin öz janlaryny beren ata-babalarymyzy hatyralarys diýip, milli Liderimiz aýtdy. Şenbe güni bolsa, Änewde ýowar geçirip, bag nahallaryny oturdarys. Bu ýerde geçiriljek Ýaşulularyň maslahatyna arkaýyn taýýarlyk işlerini geçirer ýaly, «Türkmeniň ak öýi» binasy hem dabaraly ýagdaýda açylar.

9-njy oktýabrda biz Ýaşulularyň nobatdaky maslahatyny geçireris. Maslahatda ýakyn geljek döwürde berkarar döwletimizi mundan beýläk-de ösdürmegiň örän möhüm meselelerine serederis. Şeýle hem, içeri we daşary syýasatymyza degişli ençeme meseleleri ara alyp maslahatlaşarys. Şoňa görä-de, ähli ýolbaşçylar bu maslahata gowy taýýarlyk görmeli diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.

Soňra döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny berkitmäge, jemgyýetimiziň hem-de her bir maşgalanyň agzybirligini, bitewüligini we ahlak sütünlerini pugtalandyrmaga goşan uly şahsy goşantlary, şeýle hem milli däp-dessurlarymyzy ösdürmekde, ýaş nesillerimize edep-terbiýe bermekde uly işleri bitirendikleri üçin, ýurdumyzyň raýatlaryny «Zenan kalby» ordeni bilen sylaglamak hem-de olara «Hormatly il ýaşulusy» diýen ady dakmak hakyndaky Permanlara gol çekdi. Biz watandaşlarymyza mynasyp bolan bu sylaglaryny Ýaşulularyň maslahatynda dabaraly ýagdaýda gowşurarys diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak hakyndaky Karara gol çekdi. Bäsleşiginiň ýeňijilerine baýraklar 7-nji oktýabrda gowşurylar.

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet durmuşynyň beýleki käbir meselelerine hem garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisiň jemini jemläp, oňa gatnaşanlara halkymyzyň abadynçylygy we eziz Watanymyzyň rowaçlygyň bähbidine alyp barýan işlerinde üstünlik arzuw etdi.

Biziň hyzmatlarymyz