Kredit hasaplama

Walyuta
Goterim
Jemi pul
Yyl
Ortaca aylyk toleginiz: 0

Habarlar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ýurdumyzy ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy

12.01.2018

 

Aşgabat, 12-nji ýanwar 2018-nji ýyl. (TDH).  Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň täze ýyldaky ilkinji mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzy mundan beýläk-de depginli ösdürmäge hem-de halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen döwletimiziň syýasatyna degişli käbir meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlisiň barşynda möhüm resminamalaryň birnäçesiniň taslamalaryna hem garaldy.

Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibini yglan edip, ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradowa söz berdi.
Wise-premýer “Türkmenstandartlary” Baş döwlet gullugynyň işi, şol sanda Döwlet etalon merkeziniň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, ony häzirki zaman serişdeleri bilen enjamlaşdyrmak, bu ulgamda kadalaşdyryjy-hukuk namalaryny kämilleşdirmek boýunça görülýän anyk çäreler barada hasabat berdi.

Hökümet Baştutanynyň orunbasary bu edaranyň merkezi barlaghanalarynyň tapgyrlaýyn amala aşyrylýan halkara akkreditasiýasy barada maglumat berip, Döwlet etalon merkeziniň Ýylylyk barlaghanasynyň bu usuly ilkinjileriň biri bolup, Slowak milli akkreditasiýa gullugynyň halkara akkreditasiýasy tarapyndan üstünlikli geçirilendigini hem-de degişli şahadatnamany alandygyny habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, türkmen ykdysadyýetiniň hemme pudaklarynda ulanylýan ölçegleriň ýeke-täk ulgamyny üpjün etmegiň bu Merkeziň baş wezipeleriniň biridigini belledi. Milli Liderimiz ölçegleriň dogrulygynyň we takyklygynyň döwletimiz üçin durmuş-ykdysady hem-de syýasy ähmiýete eýedigini aýdyp, öndürilýän önümleriň we harytlaryň, ýerine ýetirilýän işleriň hem-de hyzmatlaryň hiliniň we howpsuzlygynyň barlanylyşy dünýä tejribesinde umumy kabul edilen hil ölçeglerine laýyk gelmelidigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz şu wezipelerden ugur alyp, milli etalon binýadyny, barlaýyş we synag geçiriş barlaghanalar ulgamyny kämilleşdirmek hem-de olary halkara güwänamalary bilen üpjün etmek üçin bar bolan ähli mümkinçilikleri peýdalanmagy göz öňünde tutmagyň zerurdygyna ünsi çekip, wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary O.Gurbannazarow gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy hem-de Türkmenistanyň «EKSPO-2020» Bütindünýä sergisine gatnaşmagyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. 2020-nji ýylyň oktýabryndan 2021-nji ýylyň 10-njy apreli aralygynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde “Akyl-paýhasymyzy birleşdirip, geljegi döredýäris” atly mowzuk bilen geçiriljek forumda milli sergimiz guralar. Häzirki wagtda «EKSPO-2020»-niň guramaçylyk komiteti bilen degişli işler alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň bu halkara foruma gatnaşmagynyň dünýä bileleşigine gazanýan üstünliklerimizi görkezmäge, ykdysadyýetiň dürli ulgamlaryny ösdürmek babatda durmuşa geçirilýän maksatnamalar, türkmen halkynyň baý medeni-mirasy bilen tanyşdyrmaga mümkinçilik berjekdigini hem-de ýurdumyzyň tehnologiýalaryny, ylmyň işläp taýýarlamalaryny, harytlaryny we hyzmatlaryny daşarky bazarda ilerletmäge ýardam etjekdigini belledi. Milli Liderimiz “EKSPO-2020”-niň täze gatnaşyklary ýola goýmak, dürli ulgamlarda tejribe alyşmak, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmek üçin netijeli çäredigini nygtap, bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Babaýew ýangyç-energetika toplumyny has-da kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler hem-de “Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasyny” üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen görülýän çäreler barada hasabat berdi. Şeýle-de "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda “Türkmengaz” döwlet konserni tarapyndan taýýarlanylan “Sergiler merkezini” gurmagyň taslamasy barada habar aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegiň maksatnamalarynda kesgitlenilen işleri yzygiderli ýerine ýetirmek üçin degişli çäreleri görmegiň zerurdygyny belläp, wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi. Şol maksatnamalar toplumyň senagat we eksport kuwwatyny pugtalandyrmaga, täze tehnologiýalary hem-de öňdebaryjy işläp taýýarlamalary peýdalanmagyň, işjeň maýa goýum syýasatynyň esasynda pudaklaýyn düzümleri döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilendir.

Hormatly Prezidentimiz “Awazadaky” “Sergiler merkeziniň” taslamasynyň üstünde durup geçip, Hazaryň kenar ýakasynda bina edilýän desgalaryň ählisiniň ajaýyplygy bilen tapawutlanmalydygyny, syýahatçylyk zolagynyň umumy binagärlik keşbine sazlaşykly goşulmalydygyny belledi. Milli Liderimiz wekilçilikli işewür forumlary hem-de ýokary derejeli duşuşyklary geçirmäge niýetlenilen binalaryň ählisi işlenip taýýarlanylanda dünýä ölçeglerini nazara almagyň zerurdygyna ünsi çekip, wise-premýere bu babatda degişli tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew ýurdumyzyň oba hojalyk meýdanlarynda dowam edýän möwsümleýin işler barada hasabat berdi. Güýzlük bugdaýa ideg etmek, şol sanda ak ekinleri mineral we organiki dökünler bilen iýmitlendirmek, haşal otlara garşy göreşmek boýunça zerur bolan agrotehniki çäreler geçirilýär. Ýerleri ýazky ekiş möwsümine taýýarlamak maksady bilen, sürüm bilen birlikde, tekizlemek işleri dowam edýär. Şunuň bilen birlikde, gowaça ekişinde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny möwsüme doly taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Pagta arassalaýjy kärhanalarda tohumlyk çigitleri taýýarlamak işlerine aýratyn üns berilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bugdaýyň we gowaçanyň hasyllylygyny ýokarlandyrmagy, sürümli ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmagy, suw bilen üpjün edilmegini Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan oba hojalyk özgertmeleriniň esasy ugurlary hökmünde görkezdi. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere ähli möwsümleýin oba hojalyk işlerini gysga möhletde geçirmek babatda birnäçe tabşyryklary berdi. Şeýle hem obasenagat toplumynyň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen, agrotehnikanyň öňdebaryjy usullaryny ornaşdyrmak babatda anyk görkezmeler berildi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Aýdogdyýew Ahal welaýatynyň Owadandepe obasynda «Türkmen aýna önümleri» täze kärhanasyny işe girizmäge taýýarlyk görlüşiniň barşy barada hasabat berdi. Bu desga daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan harytlary öndürmek boýunça döwlet maksatnamasynyň durmuşa geçirilmeginiň çäklerinde amala aşyryldy. Ol dünýäniň esasy önüm öndürijilerinden getirilen enjamlar bilen üpjün edildi. Kärhana gurluşyk aýnalarynyň dürli görnüşlerini hem-de dürli görnüşli çüýşe gaplaryny öndürmäge mümkinçilik berýär. Aýna önümçiligi ulgamynda ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak maksady bilen, türkmen hünärmenleri degişli okuwy geçdiler.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, dünýäniň meşhur önüm öndürijilerinden getirilen ýokary tehnologiýaly öňdebaryjy enjamlar bilen üpjün edilen döwrebap senagat desgalarynyň işe girizilmegi bilen, milli ykdysadyýetimiziň pudaklary, şol sanda gurluşyk serişdeleri, ýerli çig malyň esasynda dürli aýna önümlerini öndürmek ýaly geljegi uly ugurlar ep-esli ösdürilýär. Täze kärhananyň açylmagy ýurdumyzyň içerki bazaryny özümizde öndürilen ýokary hilli önümlere bolan islegleri has doly kanagatlandyrmaga mümkinçilik berer. Milli Liderimiz dünýäniň iň gowy tejribesini ulanmak arkaly gurluşyk serişdeleri senagatynyň düzümini mundan beýläk-de ösdürmegiň, bu ulgama öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmagyň wajypdygyny aýdyp, wise-premýere täze aýna kärhanasynyň işlemegi baradaky meseläni yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary D.Amangeldiýew Marynyň döwlet elektrik stansiýasynyň çäklerinde utgaşykly dolanyşykda işleýän täze elektrik stansiýasynyň gurluşygynyň barşy barada hasabat berdi. Elektrik stansiýasynyň umumy kuwwaty 1574 MWt bolar, onda her biriniň kuwwaty 263,25 MWt bolan 4 sany gazturbinasy hem-de her biriniň kuwwaty 260,5 MWt bolan 2 sany bugturbinasy oturdylar. Häzirki wagtda işe goýberiş-sazlaýyş işleri alnyp barylýar, bugturbinalarynyň binasynyň gurluşyk işleri, geçiriji turbalary kebşirlemek hem-de degişli enjamlary gurnamak we beýleki işler dowam edýär.

Soňky ýyllarda häzir hereket edýän desgalary döwrebaplaşdyrmaga hem-de täze döwrebap gazturbinaly elektrik stansiýalary gurmaga gönükdirilen iri möçberli taslamalar durmuşa geçirilýär, elektrik geçirijiler çekilýär, paýlaýjy kiçi beketleriň onlarçasy gurulýar, paýtagtymyzyň, ýurdumyzyň beýleki şäherleriniň we ilatly ýerleriniň energiýa üpjünçilik ulgamy täzelenýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Döwlet Baştutanymyz elektrik energetika pudagynyň goşmaça öndüriji kuwwatlyklaryny ulanmaga tabşyrmagyň meseleleriniň üstünde durup geçip, bu ugurdaky işleri dowam etmegiň zerurdygyny aýtdy. Munuň özi elektrik energiýasynyň her ýylda barha artýan içerki sarp edilişini durnukly üpjün etmäge hem-de ozal bar bolan we täze ugurlar boýunça onuň daşary ýurtlara iberilişini artdyrmaga mümkinçilik berer.

Milli Liderimiz Türkmenistan üçin aýratyn ähmiýeti bolan energetika hyzmatdaşlygynyň meselelerine ünsi çekip, energiýa serişdeleriniň diwersifikasiýalaşdyrylmagynyň, täze, köpugurly turbageçiriji düzümleriň döredilmeginiň strategiki ileri tutulýan ugur bolup durýandygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz häzirki wagtda energiýa çeşmelerine hem-de olary ibermegiň serişdelerine deňhukuklylyk, kepillikli elýeterlilik meseleleriniň ählumumy häsiýete eýe bolandygyny nygtady hem-de ýurdumyzyň ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmäge degişli netijeli başlangyçlarynyň şu maksatlara ýetilmegine gönükdirilendigini belledi. Hormatly Prezidentimiz pudaklaýyn taslamalar amala aşyrylanda iň täze tehnologiýalary, ýokary netijeli, ygtybarly enjamlary we serişdeleri peýdalanmagyň möhümdigini nygtap, wise-premýere bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annameredow ýurdumyzda Internet ulgamyny giňeltmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Wise-premýer ilatyň Internet hyzmatlaryna isleglerini kanagatlandyrmak maksady bilen, nyrhnamalaryň täze görnüşleriniň girizilendigini, şunuň netijesinde Internet torundan peýdalanýanlaryň sanynyň artandygyny habar berdi. Netijede, Internet ulanyjylarynyň sany ep-esli artdy. Içerki internet ulgamynyň işe goýberilmegi bilen “Altyn asyr” öýjükli aragatnaşyk ulgamynyň müşderilerine türkmen telewideniýesiniň ýedi sany teleýaýlymlaryna öýjükli telefonlaryň üsti bilen tomaşa etmäge mümkinçilik döredi.

Wise-premýer mejlisiň dowamynda ýurdumyza, şol sanda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyna gelýän syýahatçylara we ýolagçylara ýokary hilli hyzmat etmek maksady bilen amala aşyrylýan toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi. Şu babatda dürli kysymly täze awtobuslaryň ulanmaga berlendigi barada habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, pudaklaýyn düzümi toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmagyň we diwersifikasiýa ýoly arkaly ösdürmegiň, iň öňdebaryjy enjamlary hem-de täzelikleri ulanmagyň netijesinde ýurdumyzda aragatnaşygyň köp şahaly ulgamynyň üstünlikli hereket edýändigini, maglumat serişdeleriniň terminalynyň işlenip taýýarlanylýandygyny belledi. Telefon beketleriniň ösen awtomatlaşdyrylan ulgamy, şol sanda öýjükli aragatnaşygyň ösdürilmegi, şeýle hem internete birikmek we maglumatlary geçirmek üçin ýokary tizlikli ýaýlymlar aragatnaşyk hyzmatlarynyň ýokary hilli bolmagyna mümkinçilik berýär diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi hem-de hyzmatlaryň tehniki üpjünçiligini gowulandyrmak, internet ýaýlymlarynyň geçiriş ukybyny ýokarlandyrmak boýunça çäreleri görmegi tabşyrdy.

Hojalygy ýöretmegiň ähli ulgamlarynyň bökdençsiz işlemegi, ýurdumyzyň sebitlerinde adamlaryň ýaşaýyş-durmuşy üçin amatly şertleriň döredilmegi, jemgyýetçilik ulagynyň sazlaşykly hereketiniň guralmagy häzirki günde ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda durýar diýip, milli Liderimiz aýtdy. Hormatly Prezidentimiz Türkmenistana gelip gowuşýan awtoulag serişdeleriniň ähli kysymlarynyň hökmany suratda öňünden ýerli howa-toprak şertlerine laýyk gelýändigi babatda synagdan geçirilýändigini aýdyp, ýolagçy gatnawlaryny amala aşyrmakda jemgyýetçilik ulagynyň möhüm ornuny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere ýolagçylara ýokary hilli hyzmat etmek boýunça sazlaşykly işi üpjün etmek we täze döwrebap tehnikalary netijeli ulanmak üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Garajaýew 24–26-njy ýanwarda Türkmenistanda Belarus Respublikasynyň Medeniýet günlerini geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Bu döredijilik çäresi iki ýurduň Medeniýet ministrlikleriniň arasynda 2017-2020-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk maksatnamasyna laýyklykda hem-de dostlukly döwletleriň arasynda diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygy mynasybetli geçirilýär. Medeniýet günleriniň çäklerinde Belarusuň sungat ussatlarynyň konsertini, fotosergi, kinolaryň görkezilişini, bu ýurduň şahyrlarynyň we ýazyjylarynyň türkmen kärdeşleri bilen duşuşyklaryny guramak meýilleşdirildi.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň daşary syýasaty ugruny amala aşyrmakda milli medeniýetiň ähmiýetli ornuny belledi hem-de wise-premýere türkmen halkynyň köpasyrlyk däp-dessurlarynyň, ruhy-ahlak gymmatlyklarynyň çuňňur mazmunyny we özboluşlylygyny açyp görkezmek boýunça yzygiderli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzda Belarus Respublikasynyň Medeniýet günlerini geçirmegiň guramaçylyk meselesine ünsi çekip, bu medeni çäräniň biziň halklarymyzyň we döwletlerimiziň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy has-da berkitmekde ähmiýetiniň uludygyny belledi. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, häzir türkmen-belarus gatnaşyklary netijeli häsiýete eýe bolup, iki ýurduň bähbidine yzygiderli ösdürilýär. Deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak, açyklyk we ynanyşmak, uzakmöhletleýinlik esasynda ýola goýulýan hyzmatdaşlygyň ägirt uly mümkinçiliklerine özara düşünişmek döwletara gatnaşyklarynyň tapawutly aýratynlyklary bolup durýar. Döwlet Baştutanymyz medeni ulgamda nobatdaky bilelikdäki çäräniň ikitaraplaýyn ynsanperwer gatnaşyklaryny giňeltmäge ýardam etjekdigine ynam bildirip, ony ýokary derejede geçirmek babatda wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy, Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça «Amul–Hazar 2018» atly halkara awtorallini, welosiped we ylgaw ýaryşlaryny geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Bu çäreler häzirki wagtda täze görnüşde gaýtadan dikeldilýän şöhratly Beýik Ýüpek ýolunyň ähmiýetini, halkymyzyň baý taryhy-medeni mirasyny, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmäge, eziz Watanymyzyň halkara giňişligindäki sport abraýyny has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Şunuň bilen baglylykda, degişli guramaçylyk komitetini döretmek we onuň düzümini tassyklamak hakyndaky kararyň taslamasy döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, şeýle çäreleriň türkmenistanlylary, ilkinji nobatda bolsa, ýaş nesli sport bilen yzygiderli meşgullanmaga işjeň çekmäge, ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini mundan beýläk-de ösdürmäge, sport döwleti hökmünde onuň abraýyny has-da belende galdyrmaga ýardam etmelidigini belledi. Türkmen topragynyň üstünden geçen Beýik Ýüpek ýolunyň asyrlaryň dowamynda dürli döwletleri we halklary birleşdirip, olaryň arasynda dostluk gatnaşyklarynyň hem-de özara düşünişmegiň pugtalandyrylmagyna ýardam edipdir. Ol tutuş adamzat ösüşine oňyn täsirini ýetirdi.

Häzirki zaman şertlerinde Beýik Ýüpek ýolunyň täsin mirasy Ýewraziýa giňişliginde hyzmatdaşlygyň täze möhüm usullaryny işläp taýýarlamak üçin esas bolup hyzmat edýär we Bitarap Türkmenistan bu işe saldamly goşant goşýar diýip, milli Liderimiz aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öňümizdäki çäreleriň aň-bilim wezipesini ýerine ýetirmelidigini, Gündogar bilen Günbataryň arasynda diňe bir söwda we ykdysady gatnaşyklary däl, eýsem, ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlygy hem ýola goýmakda bu gadymy ýoluň ornuna gyzyklanmany höweslendirmelidigini, ýurdumyzyň baý taryhyny we medeniýetini çuňňur öwrenmäge, netijeli halkara hyzmatdaşlygyny has-da ösdürmäge ýardam etmelidigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz hödürlenen karary makullap we oňa gol çekip, «Amul–Hazar 2018» atly halkara awtoralli, welosiped we ylgaw ýaryşlaryna ýokary guramaçylyk derejesinde taýýarlyk görmek we geçirmek boýunça zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň wekiliýetiniň 15–16-njy ýanwarda Pakistan Yslam Respublikasynyň, Yslamabat şäherine boljak saparyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Bu saparyň barşynda iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda geňeşmeleri geçirmek göz öňünde tutulýar.

Duşuşygyň gün tertibine däbe öwrülen dostlukly döwletara gatnaşyklaryny, özara bähbitli türkmen-pakistan hyzmatdaşlygyny has-da ösdürmegiň meseleleri giriziler. Şunda ikitaraplaýyn Hökümetara toparynyň işine ähmiýetli orun berilýär. Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisini gurmagyň taslamasyny we beýleki bilelikdäki möhüm taslamalary, hususan-da, elektroenergetika we aragatnaşyk pudaklarynda, ulag-kommunikasiýa toplumynda taslamalaryň durmuşa geçirilişine aýratyn üns berler. Iş saparynyň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyklaryň geçirilmegi hem göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz Aziýa sebiti boýunça goňşy ýurtlar, şol sanda Pakistan Yslam Respublikasy bilen netijeli hyzmatdaşlygy berkitmegiň Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýandygyny aýdyp, köptaraplaýyn esasda, abraýly halkara we sebit guramalarynyň ugry boýunça sazlaşykly ösýän döwletara gatnaşyklarynyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen belledi. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, türkmen-pakistan gatnaşyklarynyň netijeli, ynamly häsiýeti ýurtlarymyza özara gatnaşyklarynyň meýilnamalaryny diňe üstünlikli durmuşa geçirmäge däl-de, eýsem, onuň täze möhüm ugurlaryna çykmaga--dürli ugurlarda, şol sanda söwda-ykdysady we energetika, ulag-aragatnaşyk ulgamlarynda, medeni-ynsanperwer gatnaşyklarda bar bolan uly mümkinçiliklere daýanyp, täze ugurlara çykmaga ýardam edýär.

Diňe sebitde däl-de, eýsem, has giň gerimde ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirmäge ýardam etjek, hyzmatdaş döwletler bilen bilelikde amala aşyrylýan transmilli TOPH gaz geçirijisini gurmagyň iri möçberli taslamasy Türkmenistanyň we Pakistanyň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygyň aýdyň nyşany bolup durýar. Bu barada aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz wise-premýere , DIM-niň ýolbaşçysyna deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak we uzakmöhletleýinlik ýörelgelerinde guralýan türkmen-pakistan gatnaşyklaryny okgunly ösdürmek babatda degişli tabşyryklary berdi.

Mejlisiň Başlygy A.Nurberdiýewa ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça milli parlamentiň alyp barýan işleri barada, şeýle hem kanunçykaryjylyk işinde parlamentara gatnaşyklaryny giňeltmek hem-de tejribe alyşmak boýunça geçirilýän işler barada habar berdi. Bellenilişi ýaly, parlamentiň 5-nji ýanwarda geçirilen nobatdaky maslahatynda aýry-aýry pudaklary ösdürmäge gönükdirilen kanunlaryň birnäçesi, şeýle hem Ahal welaýatynyň we Aşgabat şäheriniň dolandyryş-çäk gurluşy bilen bagly resminamalar kabul edildi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça ýurdumyzyň welaýatlarynyň dolandyryş-çäk bölünişigi hem-de ilatly ýerleriň taryhy atlaryny dikeltmek boýunça işler dowam edýär. Şeýle hem Türkmenistanyň Mejlisiniň 6-njy çagyrylyşynyň deputatlarynyň, Halk maslahatynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryna taýýarlyk görmek boýunça habar aýdyldy.

Milli parlamentiň ýolbaşçysy Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Bileleşiginiň Musulman Zenan Parlamentarileriniň 7-nji maslahatyna we bu halkara guramanyň Parlament Bileleşiginiň 13-nji maslahatyna gatnaşmak üçin, Mejlisiň wekiliýetiniň Eýran Yslam Respublikasynyň Tähran şäherine gulluk iş saparyna görülýän taýýarlyk barada aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow jemgyýetçilik-syýasy durmuşy demokratiýalaşdyrmagy, düýpli durmuş-ykdysady özgertmeler ýolunda ýurdumyzy has-da ilerletmäge gönükdirilen wezipeleri çözmekde Mejlisiň işini işjeňleşdirmegiň möhümdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz halkara-hukuk gatnaşyklary babatda hyzmatdaşlyga ünsi çekip, deputatlaryň daşary ýurtly kärdeşleri bilen tejribe alyşmagyň, kanunçykaryjylyk işinde halkara tejribesini ulanmagyň möhümdigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki döwürde parlament diplomatiýasynyň mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmagyň aýratyn möhümdigini, munuň bolsa ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde halkara hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegine ýardam bermäge gönükdirilendigini aýdyp, sözüni dowam etdi. Bu babatda milli Liderimiz parlamentara gatnaşyklarynyň, şeýle hem BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralary we beýleki halkara guramalary, şol sanda Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen gatnaşyklary yzygiderli ösdürmegiň ähmiýetini belledi.

Soňra Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri Ý.Berdiýew Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna harby we hukuk goraýjy edaralaryndaky işleriň ýagdaýy hem-de döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz harby gullukçylaryň okgunly ösüş ýolunda ýurdumyzyň gazanýan üstünliklerine goşýan goşandyny belläp, döwletimiziň mundan beýläk-de harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň netijeli işlemegi, olaryň hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagy, gulluk we ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak üçin mundan beýläk-de alada etjekdigini belledi.

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisi jemläp, oňa gatnaşanlaryň ählisine eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri, türkmen halkyna bolsa «Türkmenistan–Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýlip yglan edilen ýylda abadançylyk arzuw etdi.

Biziň hyzmatlarymyz