Kredit hasaplama

Walyuta
Goterim
Jemi pul
Yyl
Ortaca aylyk toleginiz: 0

Habarlar

Türk­me­nis­ta­nyň Mi­nistr­ler Kabine­ti­niň mej­li­si

09.02.2018

Aşgabat, 2018-nji ýylyň fewral aýynyň 9-y (TDH). Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Gurbanguly Berdimuhamedow Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň no­bat­da­ky mej­li­si­ni ge­çir­di.On­da ýur­du­my­zy dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­mä­ge, mäh­ri­ban hal­ky­my­zyň aba­dan­çy­ly­gy­ny üp­jün et­mä­ge gö­nük­di­ri­len döw­le­ti­mi­ziň da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­na de­giş­li wa­jyp me­se­le­le­re ga­ral­dy hem-de bir­nä­çe res­mi­na­ma­la­ra gol çe­kil­di.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz mej­li­siň gün ter­ti­bi­ne ge­çip, il­ki bi­len, Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry G.My­ra­do­wa söz ber­di.Wi­se-prem­ýer gö­zeg­çi­lik ed­ýän ul­gam­la­ryn­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­riň ýag­da­ýy we döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň ozal be­ren tab­şy­ryk­la­ry­nyň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­li­şi ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.

Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, ýur­du­myz­da da­şyn­dan ge­ti­ril­ýän ha­ryt­la­ryň or­nu­ny tut­ýan önüm­çi­li­giň ýo­la go­ýul­ma­gy­na gö­nük­di­ri­len ugur­la­ry sel­jer­mek we ma­li­ýe­leş­dir­mek, ha­ryt­la­ry eks­port edi­ji­ler üçin ýe­ňil­lik­li bank hyz­mat­la­ry ba­ra­da hem aý­dyl­dy. Şeý­le hem mil­li Li­de­ri­mi­ziň ga­ra­ma­gy­na de­giş­li tek­lip­ler hö­dür­le­nil­di.

Ha­sa­ba­tyň bar­şyn­da Türk­me­nis­ta­nyň çäk­le­ri­ne ge­ti­ril­ýän önüm­le­riň aý­ry-aý­ry gör­nüş­le­ri­ne güm­rük paç­la­ry­ny bel­le­mek ha­kyn­da­ky ha­bar aý­dyl­dy.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ha­sa­ba­ty diň­läp, wi­se-prem­ýe­riň ün­sü­ni ma­li­ýe-yk­dy­sa­dy top­lu­myň mi­nistr­lik­le­ri­niň we pu­dak eda­ra­la­ry­nyň işi­ni mun­dan beý­läk-de öz­gert­mek, ýur­du­my­zy ös­dür­me­giň Pre­zi­dent mak­sat­na­ma­sy­ny dur­mu­şa ge­çir­mek iş­le­ri­ni güýç­len­dir­mek bo­ýun­ça çä­re­le­ri iş­jeň­leş­dir­me­giň mö­hüm­di­gi­ne çek­di.

Hä­zir­ki dö­wür­de Türk­me­nis­tan­da yk­dy­sa­dy­ýe­ti se­na­gat taý­dan ös­dür­mek, döw­let em­lä­gi­ni hu­su­sy­laş­dyr­mak we paý­dar­lar jem­gy­ýet­le­ri­ne öwür­mek, bank ul­ga­my­ny hem-de gym­mat­ly ka­gyz­la­ryň ba­za­ry­ny ös­dür­mek bo­ýun­ça ze­rur bo­lan iş­ler ge­çi­ril­ýär di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz sö­zü­ni do­wam et­di.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow bu­lar ba­ra­da aýt­mak bi­len, Sta­tis­ti­ka ba­ra­da­ky döw­let ko­mi­te­ti­niň işi­ni kä­mil­leş­dir­me­giň ze­rur­dy­gy­ny hem bel­le­di.Şo­ňa gö­rä-de, bu ugur­dan ze­rur bi­lim alyp, soň­ra tä­ze usul­la­ry ýur­du­myz­da or­naş­dy­rar ýa­ly, hü­när­men­le­ri­mi­zi ba­zar yk­dy­sa­dy­ýe­ti şert­le­rin­de iş­läp gel­ýän ýurt­la­ra ýy­gy-ýy­gy­dan oku­wa iber­me­li di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz nyg­ta­dy hem-de wi­se-prem­ýe­re bu ba­bat­da bir­nä­çe de­giş­li gör­kez­me­le­ri ber­di.

Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry O.Gur­ban­na­za­row ýur­du­my­zyň söw­da top­lu­my­nyň alyp bar­ýan iş­le­ri hem-de önüm­çi­lik dü­züm­le­ri­ni, hu­su­san-da, azyk pu­da­gy­ny ös­dür­mek bo­ýun­ça Türk­me­nis­ta­nyň Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si ta­ra­pyn­dan dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän çä­re­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.

Mu­nuň özi, il­kin­ji no­bat­da, da­şa­ry ýurt­lar­dan ge­ti­ril­ýän ha­ryt­la­ryň or­nu­ny tut­ýan önüm­le­ri ön­dür­ýän hem-de eks­por­ta ni­ýet­le­nen kär­ha­na­la­ry, şol san­da guş­çu­lyk top­lum­la­ry­ny dö­ret­mek bi­len bag­la­ny­şyk­ly­dyr.Ola­ryň iş­le­ri ýur­du­my­zyň içer­ki ba­za­ry­ny to­wuk eti we ýu­murt­ga bi­len do­ly möç­ber­de üp­jün et­mä­ge, ga­la­ny­ny bol­sa da­şa­ry ýurt­la­ra iber­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­miz­de te­le­ke­çi­li­giň tut­ýan or­nu­ny has-da ýo­kar­lan­dyr­ma­gyň Türk­me­nis­ta­ny 2018 — 2024-nji ýyl­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň mak­sat­na­ma­sy­nyň esa­sy ugur­la­ry­nyň bi­ri hök­mün­de kes­git­le­nen­di­gi­ni bel­le­di.

Mil­li Li­de­ri­miz ho­ja­ly­gy do­lan­dyr­ma­gyň ba­zar ul­ga­my­na geç­mek­de, yk­dy­sa­dy iş­le­riň tä­ze gör­nüş­le­ri­niň ke­ma­la gel­me­gin­de te­le­ke­çi­li­ge esa­sy orun be­ril­ýän­di­gi­ni, şo­ňa gö­rä-de, ýur­du­myz­da ki­çi we or­ta işe­wür­li­giň he­re­ket et­me­gi we ös­me­gi üçin iň amat­ly şert­le­ri dö­ret­me­giň mö­hüm­di­gi­ni aýt­dy.

Se­na­gat we oba ho­ja­lyk pu­dak­la­ryn­da­ky anyk he­re­ket­ler di­ňe bir da­şa­ry ýurt­lar­dan ge­ti­ril­ýän ha­ryt­la­ryň or­nu­ny tut­ýan önüm­çi­li­giň dö­re­dil­me­gin­den ugur al­man, eý­sem, hil taý­dan tä­ze teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň bin­ýa­dyn­da önüm­çi­li­giň öň­de­ba­ry­jy ösüş­le­ri­ne gö­nük­di­ril­me­li­dir, ýag­ny di­ňe bir şu gü­nüň we­zi­pe­le­ri­ni çöz­mä­ge däl, gel­jek­de ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy we azyk howp­suz­ly­gy­ny üp­jün et­mä­ge ugur alyn­ma­ly­dyr di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz nyg­ta­dy.

Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry M.Ba­ba­ýew ýur­du­my­zyň ýan­gyç-ener­ge­ti­ka top­lu­my­nyň eda­ra-kär­ha­na­la­ryn­da iş­le­riň ýag­da­ýy, şeý­le hem Türk­men­ba­şy­da­ky ne­bi­ti gaý­ta­dan iş­le­ýän za­wod­lar top­lu­myn­da­ky kä­bir des­ga­la­ry döw­re­bap­laş­dyr­mak bo­ýun­ça ge­çi­ril­ýän iş­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow ha­sa­ba­ty diň­läp, ýur­du­my­zyň ýan­gyç-ener­ge­ti­ka top­lu­my­ny has-da ös­dür­me­giň we­zi­pe­le­ri­ne ün­si çek­di. Ola­ryň çö­zül­me­gi mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­zi di­wer­si­fi­ka­si­ýa ýo­ly bi­len ös­dür­mä­ge, ýur­du­my­zy top­lum­la­ýyn se­na­gat­laş­dyr­ma­ga ýar­dam eder.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň bel­leý­şi ýa­ly, şol we­zi­pe­le­riň ha­ta­ryn­da ýan­gyç-ener­ge­ti­ka top­lu­my­nyň dü­zü­mi­ni döw­re­bap­laş­dyr­mak, dün­ýä ba­zar­la­ryn­da bäs­deş­li­ge ukyp­ly önüm­le­riň dür­li gör­nüş­le­ri­ni ön­dür­ýän tä­ze ne­bit we gaz­hi­mi­ýa önüm­çi­lik­le­ri­ni gur­mak iş­le­ri bar.

Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, mil­li Li­de­ri­miz ýur­du­my­zyň ýan­gyç se­riş­de­le­ri­ni ne­ti­je­li peý­da­lan­mak, daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak ba­bat­da we­zi­pe­le­ri çöz­mek mak­sa­dy bi­len ne­bit­gaz pu­da­gy­na in­no­wa­sion teh­no­lo­gi­ýa­la­ry or­naş­dyr­ma­gyň mö­hüm­di­gi­ni aýt­dy.

Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry E.Oraz­gel­di­ýew ýur­du­myz­da al­nyp ba­ryl­ýan möw­süm­le­ýin meý­dan iş­le­ri ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Hä­zir­ki wagt­da güýz­lük bug­da­ýa ideg et­mek bo­ýun­ça ze­rur ag­ro­teh­ni­ki çä­re­ler ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ýär — ak ekin­le­re ösüş su­wy be­ril­ýär, olar mi­ne­ral dö­kün­ler bi­len iý­mit­len­di­ril­ýär, ha­şal ot­la­ryň öňü­ni al­mak bo­ýun­ça iş­ler ge­çi­ril­ýär. Şu­nuň bi­len bir­lik­de, ýer­le­ri, oba ho­ja­lyk teh­ni­ka­la­ry we to­hum­la­ry ýaz­ky go­wa­ça eki­şi­ne taý­ýar­la­mak iş­le­ri ama­la aşy­ryl­ýar.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ga­ra­ma­gy­na “Ýur­du­myz­da 2018-nji ýyl­da bag ek­mek ha­kyn­da­ky” ka­ra­ryň tas­la­ma­sy hö­dür­le­nil­di.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow ha­sa­ba­ty diň­läp, oba ho­ja­lyk top­lu­myn­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­ri döw­rüň ta­la­byn­dan ugur alyp gu­ra­ma­gyň wa­jyp­dy­gy­ny bel­le­di.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz oba ho­ja­lyk pu­da­gyn­da çö­zül­me­gi­ni ta­lap ed­ýän mö­hüm me­se­le­le­riň bir­nä­çe­si­ne ün­si çek­di.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz pu­da­gyň ýol­baş­çy­la­ryn­dan suw how­dan­la­ry­nyň dur­ku­ny tä­ze­le­mek bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­ri çalt­lan­dyr­ma­gy, suw se­riş­de­le­ri­ni do­lan­dyr­ma­gyň ul­ga­my­ny ta­la­ba­la­ýyk ýo­la goý­ma­gy, zeý­keş ul­gam­la­ry­nyň we aka­ba­la­ry­nyň dur­ku­ny tä­ze­le­mek hem-de aras­sa­la­mak bo­ýun­ça çä­re­le­ri gör­me­gi ta­lap et­di.Eke­ran­çy­ly­gyň yl­my taý­dan esas­lan­dy­ry­lan suw tyg­şyt­laý­jy tas­la­ma­la­ry­ny ama­la aşyr­ma­gy çalt­lan­dyr­ma­ly.Ýer­le­re dö­kün ber­me­giň, su­war­ma­gyň, ekin do­la­ny­şy­gy­na geç­me­giň, oba ho­ja­lyk teh­ni­ka­la­ry­ny möw­sü­me taý­ýar­la­ma­gyň kä­mil ul­ga­my­ny or­naş­dyr­ma­ly.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ýur­du­myz­da ot-iým­lik ekin­le­riň meý­da­ny­ny has-da gi­ňelt­mek üçin äh­li müm­kin­çi­lik­le­ri­mi­ziň bar­dy­gy­ny nyg­ta­dy.Mun­dan baş­ga-da, mil­li Li­de­ri­miz oba ho­ja­lyk ekin­le­ri­niň ha­syl­ly­ly­gy­ny ýo­kar­lan­dyr­mak, suw ho­ja­lyk gu­ra­ma­la­ry­nyň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­ny ber­kit­mek ýa­ly örän der­wa­ýys me­se­le­le­riň üs­tün­lik­li çö­zül­me­gi­ne oý­la­ny­şyk­ly çe­me­leş­me­li­di­gi­ni bel­le­di.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz sö­zü­ni do­wam edip, oba ho­ja­ly­gy­na zäh­me­ti gu­ra­ma­gyň tä­ze, şol san­da daý­han bir­le­şik­le­ri­niň ne­ti­je­li­li­gi­ni üp­jün ed­ýän öň­de­ba­ry­jy usul­la­ry­nyň iş­jeň or­naş­dy­ryl­ma­gy­nyň ze­rur­dy­gy­ny aýt­dy.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow wi­se-prem­ýer E.Oraz­gel­di­ýe­we ýur­du­my­zyň Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si bi­len bi­le­lik­de ýa­kyn wagt­da her we­la­ýat­dan bir daý­han bir­le­şi­gi­ni hu­su­sy gör­nüş­de iş­le­mä­ge ge­çir­mek me­se­le­si­niň üs­tün­de iş­le­me­gi, soň­ra beý­le­ki daý­han bir­le­şik­le­ri­ni hem işiň şu gör­nü­şi­ne ge­çir­me­gi tab­şyr­dy.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz oba­se­na­gat top­lu­my­nyň ýol­baş­çy­la­ry­nyň hem-de we­la­ýat hä­kim­le­ri­niň gat­naş­ma­gyn­da oba ho­ja­lyk pu­da­gyn­da ge­çi­ril­jek çä­re­le­riň, şol san­da gal­la we pag­ta ha­sy­ly­ny ön­dür­me­giň bel­le­ni­len möç­ber­le­ri­ni üp­jün et­mek mak­sa­dy bi­len ýe­ri­ne ýe­ti­ril­jek iş­le­riň mak­sat­na­ma­sy­ny taý­ýar­la­ma­gy tab­şyr­dy.

Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry D.Aman­gel­di­ýe­we Aş­ga­bat şä­he­ri­niň suw bi­len üp­jün­çi­li­gi­ne de­giş­li me­se­le­ler bo­ýun­ça ha­sa­bat taý­ýar­la­mak tab­şy­ryl­dy.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz eko­lo­gi­ýa aba­dan­çy­ly­gy­nyň, türk­me­nis­tan­ly­la­ryň dur­mu­şy üçin amat­ly şert­le­ri dö­ret­me­giň nuk­daý­na­za­ryn­dan ýur­du­myz­da dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän umu­my­mil­li ba­gy-bos­san­ly­ga bü­re­mek mak­sat­na­ma­sy­nyň uly äh­mi­ýe­ti­ni nyg­ta­dy.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow «Ýur­du­myz­da 2018-nji ýyl­da bag ek­mek ha­kyn­da­ky» Ka­ra­ra gol çe­kip, adam­la­ra has köp peý­da ge­tir­jek hem-de Türk­me­nis­ta­nyň öz çä­gi­ni gi­ňeld­ýän paý­tag­ty­nyň et­rap­la­ryn­da, şä­her­le­riň we oba­la­ryň ýa­ky­nyn­da tä­ze to­kaý se­ýil­gäh zo­lak­la­ry­nyň dö­re­dil­me­gi­ne üns ber­me­gi tab­şyr­dy.

Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry K.Dur­dy­my­ra­dow Se­na­gat mi­nistr­li­gi­niň «Türk­men­de­mir­be­to­nö­nüm­le­ri» önüm­çi­lik bir­le­şi­gi ta­ra­pyn­dan ýur­du­myz­da döw­re­bap ýa­şa­ýyş jaý­la­ry­nyň gur­lu­şy­gy­nyň al­nyp bar­ly­şy ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.

«Türk­men­de­mir­be­to­nö­nüm­le­ri» önüm­çi­lik bir­le­şi­gi­niň iri pa­nel­li jaý gur­lu­şyk za­wod­la­ryn­da Ýew­ro­pa­da ön­dü­ri­len ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­ly en­jam­lar otur­dy­lyp, za­wod­la­ryň dur­ku­nyň tä­ze­le­nil­me­gi ne­ti­je­sin­de ýa­şa­ýyş jaý­la­ry­nyň, şol san­da otag­la­ry­nyň ýer­le­şi­şi go­wu­lan­dy­ry­lan we ýo­ka­ry amat­lyk­ly jaý­la­ryň gu­rul­ýan möç­ber­le­ri­ni art­dyr­mak üçin müm­kin­çi­lik­ler dö­re­dil­di.Bu za­wod­la­ryň çy­kar­ýan önüm­le­ri paý­tag­ty­myz­da we we­la­ýat­lar­da giň­den ula­nyl­ýar.

Aş­ga­bat şä­he­ri­niň Büz­me­ýin et­ra­byn­da, Ma­ry, Baý­ra­ma­ly, Türk­me­na­bat we Da­şo­guz şä­her­le­rin­de ýa­şa­ýyş jaý­la­ry­nyň on­lar­ça­sy­nyň gur­lu­şy­gy­nyň ta­mam­laý­jy tap­gy­ra ga­dam ba­san­dy­gy, beý­le­ki­le­ri­niň gur­lu­şy­gy­nyň bol­sa bat­ly dep­gin­ler­de do­wam ed­ýän­di­gi ha­bar be­ril­di.Şun­da jaý­la­ryň gur­lu­şy­gyn­da ula­nyl­ýan se­riş­de­le­riň hem­me­si di­ýen ýa­ly Se­na­gat mi­nistr­li­gi­niň kär­ha­na­la­ry ta­ra­pyn­dan ön­dü­ril­ýär.

Gur­lu­şyk we bi­na­gär­lik mi­nistr­li­gi bi­len bi­le­lik­de we­la­ýat­lar­da sag­lyk öý­le­ri­ni, 160 orun­lyk mek­de­be çen­li ça­ga­lar eda­ra­la­ry­ny, 600 orun­lyk we 720 orun­lyk umu­my­bi­lim ber­ýän or­ta mek­dep­le­ri gur­ma­gyň tas­la­ma­la­ry iş­le­nip taý­ýar­la­nyl­ýar.Olar Oba mil­li mak­sat­na­ma­sy­ny dur­mu­şa ge­çir­me­giň çäk­le­rin­de ama­la aşy­ry­lar.

Şeý­le hem wi­se-prem­ýer döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň ga­ra­ma­gy­na “2018-nji ýyl­da pi­le ön­dür­mek ha­kyn­da­ky” ka­ra­ryň tas­la­ma­sy­ny hö­dür­le­di.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow ha­sa­ba­ty diň­läp, hal­ky­my­zyň bäh­bi­di­ne hyz­mat et­jek, türk­me­nis­tan­ly­la­ryň ýo­ka­ry dur­muş şert­le­ri­ni üp­jün et­jek dur­muş mak­sat­ly des­ga­la­ryň gur­lu­şy­gy­na örän jo­gap­kär­çi­lik­li çe­me­leş­me­giň mö­hüm­di­gi­ni bel­le­di.Mil­li Li­de­ri­mi­ziň nyg­taý­şy ýa­ly, adam­lar ha­kyn­da hem­me­ta­rap­la­ýyn ala­da, ola­ryň amat­ly ýa­şa­ma­gy we oňaý­ly dynç al­ma­gy, ön­jeý­li zäh­met çek­me­gi üçin äh­li şert­le­riň dö­re­dil­me­gi ile­ri tu­tul­ýan we­zi­pe bol­ma­ly­dyr.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz giň ge­rim­li ýa­şa­ýyş jaý mak­sat­na­ma­sy ama­la aşy­ry­lan­da her bir za­dyň, şol san­da ze­rur ýa­şa­ýyş-dur­muş, in­že­ner­çi­lik-teh­ni­ki hem-de ulag-ara­gat­na­şyk dü­zü­mi­niň dö­re­dil­me­gi­niň göz öňün­de tu­tul­ma­gy­na ün­si çek­di. Hä­zir uly müm­kin­çi­lik­le­re eýe bo­lan gur­lu­şyk se­na­ga­ty­nyň kuw­wa­ty­ny ne­ti­je­li ulan­mak ge­rek.Ýer­li çig mal­dan taý­ýar­la­nyl­ýan tä­ze gur­lu­şyk se­riş­de­le­ri­niň önüm­çi­li­gi­ni öz­leş­di­rip, hu­su­sy işe­wür­le­riň tas­la­ma­la­ry­ny ama­la aşyr­ma­ly di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz wi­se-prem­ýe­re bu ba­bat­da bir­nä­çe anyk tab­şy­ryk­la­ry ber­di.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ýü­pek­çi­li­gi ös­dür­mek me­se­le­si ba­ra­da du­rup ge­çip, pu­da­gy hä­zir­ki se­na­gat de­re­je­si­ne çy­kar­mak bo­ýun­ça yzy­gi­der­li çä­re­le­ri ge­çir­me­giň mö­hüm­di­gi­ni bel­le­di. Ola­ryň ha­ta­ryn­da tut agaçlarynyň eki­li­şi­ni art­dyr­mak, önüm ön­dü­ri­ji­le­ri ýü­pek gur­çuk­la­ry­ny ös­dür­me­giň ne­ti­je­li teh­no­lo­gi­ýa­la­ry bi­len üp­jün et­mek we­zi­pe­le­ri bar.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow ýur­du­my­zyň her bir we­la­ýa­ty üçin ön­dü­ril­me­li pi­lä­niň möç­ber­le­ri kes­git­le­nen Ka­ra­ra gol çe­kip, dok­ma se­na­ga­ty­nyň kär­ha­na­la­ry­ny gym­mat­ly çig mal bi­len do­ly üp­jün et­mek üçin ýü­pek­çi­le­riň öz üs­tü­ne alan borç­na­ma­la­ry­ny üs­tün­lik­li ýe­ri­ne ýe­tir­me­gi­niň üp­jün edil­me­gi­ni tab­şyr­dy.

Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry B.Ab­dy­ýe­wa Aş­ga­bat şä­he­ri­niň G.Ku­ly­ýew kö­çe­si­niň ug­run­da tä­ze gur­lan, Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­ne de­giş­li eda­ra we söw­da mak­sat­ly bi­na­lar top­lu­my­nyň hem-de Ahal we­la­ýa­ty­nyň Owa­dan­de­pe oba­syn­da «Türk­men aý­na önüm­le­ri» kär­ha­na­sy­nyň 14-nji few­ral­da ge­çi­ril­jek açy­lyş da­ba­ra­la­ryn­da gu­ral­jak me­de­ni çä­re­le­re gö­rül­ýän taý­ýar­lyk ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Tä­ze des­ga­la­ryň açy­lyş da­ba­ra­la­ry­na ýur­du­my­zyň us­sat hem-de çe­per hö­wes­jeň to­par­la­ry, sun­gat us­sat­la­ry gat­na­şar­lar.

Wi­se-prem­ýer şeý­le hem Ma­ry we­la­ýa­ty­nyň çä­gin­de ýer­leş­ýän Daň­da­na­kan ga­la­syn­da ar­heo­log­lar ta­ra­pyn­dan ýü­ze çy­ka­ry­lan tä­ze ta­pyn­dy­lar ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Ma­ry şä­he­rin­den 30 ki­lo­metr gün­ba­tar­da ýer­leş­ýän or­ta asyr­lar döw­rü­ne de­giş­li bu ýa­dy­gär­lik­de ga­zuw-ag­ta­ryş we yl­my-bar­lag iş­le­ri Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ta­ry­hy-me­de­ni mi­ra­sy­ny öw­ren­mek bo­ýun­ça iş­le­riň çäk­le­rin­de al­nyp ba­ryl­ýar.

Ge­çen ýy­lyň ba­ha­ryn­da Ta­ry­hy we me­de­ni ýa­dy­gär­lik­le­ri go­ra­mak, öw­ren­mek we re­je­le­mek ba­ra­da­ky mil­li mü­dir­li­gi­ň, “Ga­dy­my Merw” hem-de “Kö­ne Sa­rahs” ta­ry­hy-me­de­ni döw­let go­rag­ha­na­la­ry­nyň hü­när­men­le­ri­niň we ar­heo­log­la­ry­nyň bi­le­lik­dä­ki to­pa­ry bu ýer­de tä­ze bar­lag­la­ra baş­la­dy­lar.Ge­çen ýy­lyň güýz möw­sü­min­de ga­la­nyň gü­nor­ta-gün­do­gar çe­tin­de ga­zuw-bar­lag iş­le­ri­niň ge­çi­ril­me­gi ne­ti­je­sin­de tä­sin ta­pyn­dy­lar ýü­ze çy­ka­ryl­dy.Bu ýer­de bi­şen ker­piç­den gur­lan ga­la di­wa­ry­nyň we oňa ýa­na­şyk gur­lan otag­la­ryň bir­nä­çe­si­niň üs­ti açyl­dy, ga­la­nyň daş ýü­zün­de bi­şen ker­piç­den örü­lip ýa­sa­lan suw ge­çi­ri­ji­niň hem-de ke­ra­mi­ki tur­ba­la­ryň üs­ti açyl­dy.

Bu­lar­dan baş­ga-da, ar­heo­lo­gik ga­zuw-bar­lag iş­le­ri­niň do­wa­myn­da bi­şen ker­piç­den gur­lan, otag­la­ry­nyň ýer­le­şi­şi ada­ty ýa­şa­ýyş jaý­la­ryn­dan ta­pa­wut­lan­ýan or­ta asyr des­ga­sy­nyň üs­ti açyl­dy. Onuň otag­la­ry­nyň bi­rin­den köp san­ly aý­na önüm­le­ri­niň bö­lek­le­ri we abat sak­la­nyp ga­lan öz­bo­luş­ly çüý­şe gap­la­ryň hem-de ow­nuk me­tal gu­ral­la­ryň bir­nä­çe­si çyk­dy. Bar­lag­ha­na­da ge­çi­ri­len de­ňeş­di­riş-sel­jer­me iş­le­ri bu tä­sin ta­pyn­dy­la­ryň te­bip­le­riň we luk­man­la­ryň gu­ra­ly bo­lup hyz­mat eden­di­gi­ni tas­syk­la­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär.

Wi­se-prem­ýer Daň­da­na­kan ga­la­syn­da ta­py­lan tä­ze ar­heo­lo­gik zat­la­ry, şol san­da Be­ýik Sel­juk­lar döw­rün­de te­bip­le­riň we luk­man­la­ryň ula­nan en­jam­la­ry­ny we gu­ral­la­ry­ny wi­deo­şe­kil­ler­de gör­kez­mek bi­len, bu ta­pyn­dy­la­ryň ze­rur bo­lan ber­ki­diş iş­le­ri ge­çi­ri­len­den soň ýur­du­my­zyň mu­zeý­le­ri­niň ba­ha­sy­na ýe­tip bol­ma­jak gym­mat­ly­gy­na öw­rül­jek­di­gi­ni bel­le­di.Hä­zir­ki wagt­da bu ta­pyn­dy­lar “Ga­dy­my Merw” ta­ry­hy-me­de­ni döw­let go­rag­ha­na­syn­da sak­la­nyl­ýar hem-de şol ýer­de ze­rur bo­lan il­kin­ji ber­ki­diş iş­le­ri ge­çi­ril­ýär.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ha­sa­ba­ty diň­läp, tä­ze des­ga­la­ryň açy­lyş da­ba­ra­sy­ny ýo­ka­ry gu­ra­ma­çy­lyk de­re­je­sin­de ge­çir­me­gi tab­şy­ryp, bu ba­bat­da wi­se-prem­ýe­re anyk gör­kez­me­le­ri ber­di.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow ýur­du­my­zyň ga­dy­my ta­ry­hy­ny şöh­le­len­dir­ýän hem-de türk­men­le­riň ýo­ka­ry me­de­ni­ýe­ti­niň, ola­ryň yl­my ös­dür­mä­ge hem-de umu­ma­dam­zat si­wi­li­za­si­ýa­sy­na go­şan­dy­nyň wa­jyp su­but­na­ma­la­ry bo­lan Daň­da­na­kan ga­la­syn­da ýü­ze çy­ka­ry­lan tä­ze ta­pyn­dy­la­ryň mö­hüm äh­mi­ýet­i­ni bel­le­di hem-de bu ugur­da ar­heo­log­la­ryň-alym­la­ryň alyp ba­ran iş­le­ri­ne my­na­syp ba­ha ber­me­giň mak­sa­da­la­ýyk bol­jak­dy­gy­ny aýt­dy.

Mil­li Li­de­ri­mi­ziň bel­leý­şi ýa­ly, bi­ziň ga­dy­my top­ra­gy­myz Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň mer­ke­zin­de ýer­leş­ýär hem-de ge­çen asyr­la­ryň syr­la­ry­ny we wa­ka­la­ry­ny özün­de sak­la­ýar.Ola­ryň üs­tü­ni aç­mak bi­len, Türk­me­nis­tan no­bat­da­ky ge­zek öz baý ta­ry­hy­na tu­tuş dün­ýä­niň ün­sü­ni çe­ker.

Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz wi­se-prem­ýe­re Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ug­run­da ýur­du­my­zyň çä­gin­de ýer­le­şen ýa­dy­gär­lik­ler­de ar­heo­lo­gik ga­zuw-ag­ta­ryş iş­le­ri­ni ge­çir­me­giň 2018 — 2021-nji ýyl­lar üçin döw­let mak­sat­na­ma­sy­ny ama­la aşyr­mak, şol san­da Türk­me­nis­ta­nyň ga­dy­my we or­ta asyr ýa­dy­gär­lik­le­rin­de ýü­ze çy­ka­ry­lan ar­heo­lo­gik ta­pyn­dy­la­ryň esa­syn­da ar­heo­lo­gi­ýa­nyň, bi­na­gär­li­giň, et­nog­ra­fi­ýa­nyň we ta­ry­hyň dür­li me­se­le­le­ri bo­ýun­ça bar­lag­la­ry ge­çir­mek bi­len bag­ly anyk gör­kez­me­le­ri ber­di.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz bu gym­mat­ly ta­pyn­dy­la­ryň Ma­ru-Şa­hu-Ja­ha­nyň Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň çat­ry­gyn­da ýer­le­şen­di­gi­ne şa­ýat­lyk ed­ýän­di­gi­ni, hut şo­ňa gö­rä-de, türk­men hal­ky­nyň mad­dy we mad­dy däl gym­mat­lyk­la­ry­ny ÝU­NES­KO-nyň Bü­tin­dün­ýä mi­ra­sy­nyň sa­na­wy­na gi­riz­mek bo­ýun­ça iş­le­ri ge­çir­me­giň mö­hüm­di­gi­ni aý­ra­tyn nyg­ta­dy we Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň mi­ra­sy­ny öw­ren­mek hem-de onuň bi­len bag­ly mil­li ta­ry­hy-me­de­ni baý­lyk­la­ry giň­den ýaý­ma­ga gö­nük­di­ri­len iri çä­re­le­ri ge­çir­mek ba­bat­da bir­nä­çe tab­şy­ryk­la­ry ber­di.

Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry P.Aga­my­ra­dow bi­lim we ylym, sag­ly­gy go­ra­ýyş, sport ul­gam­la­ry­ny ös­dür­mek, jem­gy­ýe­ti­mi­ziň aň-paý­has kuw­wa­ty­ny art­dyr­mak ba­ra­da döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň ozal be­ren tab­şy­ryk­la­ry­na la­ýyk­lyk­da ge­çi­ril­ýän iş­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow yl­myň, önüm­çi­li­giň we bi­li­miň ara­syn­da­ky gat­na­şyk­la­ry mek­dep döw­rün­de ös­dü­rip, okuw­çy­la­ryň hö­wes bil­dir­ýän hü­när ug­ru­na aý­ra­tyn üns ber­me­giň mö­hüm­di­gi­ni bel­le­di.Şah­sy­ýe­ti saz­la­şyk­ly we hem­me­ta­rap­la­ýyn ös­dür­mä­ge, bi­lim ber­me­giň usu­ly­ýet bin­ýa­dy­ny kä­mil­leş­dir­mä­ge gö­nük­di­ri­len tä­ze usul­la­ry we teh­no­lo­gi­ýa­la­ry giň­den or­naş­dyr­mak mö­hüm­dir. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz iň esa­sy­sy hem ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­lar­dan oňat baş çy­kar­ýan hal­ka­ra de­re­je­li hü­när­men­le­ri taý­ýar­la­ma­gyň ze­rur­dy­gy­ny bel­le­di.

Mil­li Li­de­ri­miz ýur­du­my­zyň Ylym­lar aka­de­mi­ýa­sy­na «San­ly Türk­me­nis­tan» at­ly tä­ze döw­let mak­sat­na­ma­sy­ny iş­läp taý­ýar­la­ma­gy tab­şyr­mak ba­ra­da­ky we­zi­pä wi­se-prem­ýe­riň ün­sü­ni çek­di.Onuň esa­sy mak­sa­dy ýur­du­my­zyň je­mi içer­ki önü­min­de mag­lu­mat-kom­mu­ni­ka­si­ýa teh­no­lo­gi­ýa­la­ry ul­ga­my­nyň goş­ma­ça ösü­şi­ni üp­jün et­mek­den hem-de san­ly ara­gat­na­şyk ba­bat­da we­la­ýat­la­ryň, şä­her­le­riň we oba­la­ryň ara­syn­da­ky ta­pa­wu­dy ara­dan aýyr­mak­dan yba­rat bol­ma­ly­dyr.

Bu mak­sat­na­ma yk­dy­sa­dy­ýe­tiň yl­my ga­za­ny­lan­la­ry köp ta­lap ed­ýän pu­dak­la­ryn­da ila­tyň iş bi­len üp­jün­çi­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­ma­ga, öň­de­ba­ry­jy teh­no­lo­gi­ýa­la­ry önüm­çi­lik­de ulan­ma­gy çalt­lan­dyr­ma­ga, elekt­ron res­mi­na­ma­lar do­la­ny­şy­gy­na hem-de elekt­ron şah­sy­ýet­na­ma­lar ul­ga­my­na do­ly geç­me­gi üp­jün et­mä­ge ýar­dam et­me­li­dir.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz sö­zü­ni do­wam edip, te­le­luk­man­çy­lyk, komp­ýu­ter hem-de te­le­kom­mu­ni­ka­si­ýa teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­ny ulan­mak ar­ka­ly uzak ara­lyk­dan mas­la­hat we bi­lim ber­mek ýa­ly goş­ma­ça elekt­ron hyz­mat­la­ry ýe­ri­ne ýe­tir­me­giň ha­sa­by­na san­ly dü­züm­le­ri ös­dür­mek ba­bat­da hem ep-es­li müm­kin­çi­li­giň bar­dy­gy­ny bel­le­di.

Mil­li Li­de­ri­miz hä­zir­ki dö­wür­de ra­ýat­la­ry­my­zyň in­ter­net hyz­mat­la­ry bi­len oňat üp­jün edi­len­di­gi­ni bel­läp, ýo­ka­ry tiz­lik­li in­ter­net ul­ga­my­ny or­naş­dyr­mak bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­ri çalt­lan­dyr­ma­gyň ze­rur­dy­gy­na ün­si çek­di.Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz komp­ýu­ter so­wat­ly­ly­gyny go­wu­lan­dyr­mak we ýo­kar­lan­dyr­mak mak­sa­dy bi­len, ýur­du­my­zyň äh­li umu­my­bi­lim ber­ýän mek­dep­le­riň, baş­lan­gyç, or­ta hü­när we ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň komp­ýu­ter synp­la­ry hem-de mu­gal­lym­la­ry bi­len üp­jün­çi­li­gi­ni bar­la­ma­gyň ze­rur­dy­gy­ny bel­le­di.

Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry D.Aman­gel­di­ýew ýur­du­my­zyň ener­gi­ýa ul­ga­my­nyň yg­ty­bar­ly­ly­gy­ny ýo­kar­lan­dyr­mak bo­ýun­ça Ener­ge­ti­ka mi­nistr­li­gin­de ge­çi­ril­ýän iş­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.

Wi­se-prem­ýe­riň ha­bar ber­şi ýa­ly, hä­zir­ki wagt­da ýur­du­myz­da elekt­rik be­ket­le­ri­niň je­mi 13 sa­ny­sy iş­le­ýär.Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň ýur­du­my­zyň sarp edi­ji­le­ri­ni elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len bök­denç­siz üp­jün et­mek ba­ra­da ozal be­ren tab­şy­ryk­la­ry­ny ýe­ri­ne ýe­tir­mek mak­sa­dy bi­len hal­ka­la­ýyn ener­goul­ga­my dö­ret­mek me­ýil­leş­di­ril­ýär.Ha­sa­ba­tyň çäk­le­rin­de ýur­du­myz­da he­re­ket ed­ýän elekt­rik be­ket­le­rin­de gur­na­lan en­jam­lar­da abat­la­ýyş iş­le­ri­ni bel­le­nen möh­let­de ta­la­ba­la­ýyk ge­çir­mek üçin Ener­ge­ti­ka en­jam­la­ry­ny abat­la­ýyş hem-de hyz­mat ediş mer­ke­zi­ni gur­ma­gyň me­ýil­leş­di­ril­ýän­di­gi ha­bar be­ril­di.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow ha­sa­ba­ty diň­läp, mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň ös­me­gi, tä­ze za­wod­la­ryň gu­rul­ma­gy, ilat­ly ýer­le­riň kö­pel­me­gi bi­len elekt­rik ener­gi­ýa­sy­na bo­lan is­le­giň yzy­gi­der­li art­ýan­dy­gy­ny bel­le­di.Ýur­du­my­zyň beý­le­ki ul­gam­la­ryn­da bol­şy ýa­ly, elekt­rik ener­ge­ti­ka ul­ga­my hem çuň­ňur öz­gert­me­le­ri baş­dan ge­çi­rip, düýp­li döw­re­bap­laş­dy­ryl­ýar, önüm­çi­lik we dur­muş ul­gam­la­ry­ny ös­dür­me­giň, yk­dy­sa­dy ösü­şiň mä­käm bin­ýa­dy­ny dö­red­ýär. Döw­le­ti­miz gel­jek­de hem bu pu­da­gyň kuw­wa­ty­ny art­dyr­mak hem-de mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­ny ber­kit­mek me­se­le­le­ri­ne uly üns be­rer. Mil­li Li­de­ri­miz ýur­du­my­zy dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň iri möç­ber­li me­ýil­na­ma­la­ry­ny ama­la aşyr­mak­da bu pu­da­ga mö­hüm or­nuň de­giş­li­di­gi­ni aýt­dy.

Döw­let ener­ge­ti­ka sy­ýa­sa­ty Türk­me­nis­ta­nyň se­na­ga­ty­nyň, oba ho­ja­ly­gy­nyň, dur­muş ul­ga­my­nyň is­leg­le­ri­ni do­ly ka­na­gat­lan­dyr­ma­ga hem-de da­şa­ry ýurt­la­ra ibe­ril­ýän möç­ber­le­ri­ni art­dyr­ma­ga gö­nük­di­ri­len­dir. Ýo­ka­ry we has ýo­ka­ry öl­çeg­ler­de iş­le­ýän döw­re­bap elekt­rik be­ket­le­ri­niň işe gi­ri­zil­me­gi bi­len ener­gi­ýa çeş­me­le­ri­niň hem-de türk­men ener­goul­ga­my­nyň has amat­ly iş düz­gü­ni­ni kes­git­le­mä­ge we or­naş­dyr­ma­ga müm­kin­çi­lik dö­re­di. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, wi­se-prem­ýe­re hal­ka­la­ýyn ener­goul­ga­my­ny dö­ret­mek mak­sa­dy bi­len ýa­kyn gel­jek­de elekt­rik ener­ge­ti­ka pu­da­gyn­da ama­la aşy­ryl­jak dü­züm­le­ýin tas­la­ma­la­ry­ny iler­let­mek bo­ýun­ça iş dep­gin­le­ri­ni art­dyr­mak ba­bat­da anyk tab­şy­ryk­lar be­ril­di.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Ener­ge­ti­ka en­jam­la­ry­ny abat­la­ýyş hem-de hyz­mat ediş mer­ke­zi­ni gur­mak ba­ra­da­ky tek­li­bi ma­kul­lap, ho­ja­ly­gy do­lan­dyr­ma­gyň kä­mil gör­nüş­le­ri­ni we usul­la­ry­ny or­naş­dyr­ma­gyň mö­hüm­di­gi­ni bel­le­di hem-de bu ba­bat­da wi­se-prem­ýe­re bir­nä­çe anyk gör­kez­me­le­ri ber­di.

Soň­ra Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň ulag we ara­gat­na­şyk top­lu­my­na gö­zeg­çi­lik ed­ýän orun­ba­sa­ry B.An­na­me­re­dow ga­ra­ma­gyn­da­ky pu­dak­la­ryň kär­ha­na­la­ry­nyň iş­le­ri­ni has-da kä­mil­leş­dir­mek, ola­ry döw­re­bap­laş­dyr­mak bo­ýun­ça ge­çi­ril­ýän iş­ler, pu­da­gyň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­ny mun­dan beý­läk-de pug­ta­lan­dyr­mak ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow ha­sa­ba­ty diň­läp, Türk­me­nis­ta­nyň ulag ul­ga­my­nyň ýük­le­ri da­şa­ma­gyň we ýo­lag­çy­la­ry gat­nat­ma­gyň, şol san­da ýur­du­my­zyň çä­gin­den üs­ta­şyr geç­ýän ýük­le­riň art­ýan möç­ber­le­ri­ni üp­jün et­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýän önüm­çi­lik kuw­wat­lyk­la­ry­nyň köp äti­ýaç­ly­gy­nyň bar­dy­gy­ny bel­le­di. Hä­zir­ki za­man ulag we üs­ta­şyr dü­züm­le­ri­niň dö­re­dil­me­gi, oňa tä­ze çäk­le­riň go­şul­ma­gy bu gün di­ňe bir ýük do­la­ny­şy­gy­nyň möç­ber­le­ri­niň art­ýan­dy­gy­ny aň­lat­man, eý­sem, äh­lu­mu­my ösü­şiň ýag­daý­la­ry­na hem-de ga­dy­my türk­men top­ra­gy­nyň ta­ry­hy we­zi­pe­si­ni ýe­ri­ne ýe­tir­mä­ge — si­wi­li­za­si­ýa­la­ryň çat­ry­gy bo­lup hyz­mat et­me­gi­ne ky­bap gel­ýär.

Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ýur­du­my­zyň hä­zir­ki za­man ulag-ara­gat­na­şyk ul­ga­my­nyň ös­dü­ril­me­gi­ne ün­si çe­kip, bar bo­lan müm­kin­çi­lik­le­ri do­ly möç­ber­de peý­da­lan­ma­gy ta­lap et­di hem-de wi­se-prem­ýe­re bir­nä­çe anyk tab­şy­ryk­la­ry ber­di.

Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry, da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri R.Me­re­dow DIM-niň iş­le­ri hem-de hal­ka­ra gu­ra­ma­la­r bi­len hyz­mat­daş­ly­gy has-da gi­ňelt­mek bo­ýun­ça ge­çi­ril­ýän iş­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.Şol iş­ler hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ýol­baş­çy­ly­gyn­da yzy­gi­der­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň da­şa­ry sy­ýa­sat ýö­rel­ge­si­niň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri­dir.

Hä­zir­ki wagt­da ýur­du­myz hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ry­nyň 46-sy­nyň ag­za­sy bo­lup dur­ýar.Şu­nuň bi­len bir­lik­de, Türk­me­nis­tan hal­ka­ra kon­wen­si­ýa­la­ry­na, şert­na­ma­la­ry­na we beý­le­ki köp­ta­rap­la­ýyn res­mi­na­ma­la­ra gat­naş­ýar. Bu hal­ka­ra res­mi­na­ma­la­ry­ iş ýü­zün­de dur­mu­şa ge­çir­mek mak­sa­dy bi­len, ýur­du­myz­da ýer­leş­ýän hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň we­kil­ha­na­la­ry bi­len bi­le­lik­de, 2018-nji ýy­lyň do­wa­myn­da tas­la­ma­la­ryň 95-si­ni ama­la aşyr­mak me­ýil­leş­di­ril­ýär.

Şun­da BMG bi­len stra­te­gi­k hyz­mat­daş­lyk hä­si­ýe­ti­ne eýe bo­lan ys­ny­şyk­ly gat­na­şyk­la­ra hem-de şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, onuň ýö­ri­te­leş­di­ri­len iri eda­ra­la­ry bi­len ne­ti­je­li ara­gat­na­şyk­la­ryň ber­ki­dil­me­gi­ne we ös­dü­ril­me­gi­ne mö­hüm äh­mi­ýet be­ril­ýär.

Şeý­le hem Ýew­ro­pa­da Howp­suz­lyk we Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy (ÝHHG) hem-de Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi bi­len gat­na­şyk­lar iş­jeň ös­dü­ril­ýär. 2018-nji ýy­lyň do­wa­myn­da “Türk­me­nis­tan—Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi” ko­mi­te­ti­niň iş­le­ri­niň çäk­le­rin­de dür­li ugur­lar­da bi­le­lik­dä­ki bir­nä­çe anyk tas­la­ma­la­ry ama­la aşyr­mak göz öňün­de tu­tul­ýar.

Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň bi­lim, ylym we me­de­ni­ýet ba­ra­da­ky gu­ra­ma­sy (ÝU­NES­KO) bi­len hyz­mat­daş­ly­ga aý­ra­tyn üns be­ril­ýär.Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň ta­gal­la­la­ry ne­ti­je­sin­de ýur­du­my­zyň Ga­dy­my Merw, Kö­neür­genç we Ga­dy­my Nu­saý ýa­ly ta­ry­hy-me­de­ni ýa­dy­gär­lik­le­ri­niň ÝU­NES­KO-nyň Bü­tin­dün­ýä mi­ra­sy­nyň ab­raý­ly sa­na­wy­na gi­ri­zi­len­di­gi nyg­tal­dy.

2017-nji ýy­lyň de­kab­ryn­da küşt­dep­di aý­dym we tans des­su­ry Adam­za­dyň mad­dy däl me­de­ni mi­ra­sy­nyň sa­na­wy­na gi­ri­zil­di. Mil­li Li­de­ri­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş­lan­gy­jy bo­ýun­ça hä­zir­ki wagt­da türk­men ha­ly­çy­lyk sun­ga­ty­ny we ahal­te­ke at­çy­lyk sun­ga­ty­ny bu ab­raý­ly sa­na­wa gi­riz­mek, Köý­ten­da­gyň ekoul­ga­my­ny we Bat­hyz döw­let go­rag­ha­na­sy­ny bol­sa, ÝU­NES­KO-nyň Bü­tin­dün­ýä te­bi­gy mi­ra­sy­nyň sa­na­wy­na gi­riz­mek bo­ýun­ça de­giş­li iş­ler ge­çi­ril­ýär.

Mun­dan baş­ga-da, ge­çen ýy­lyň no­ýab­ryn­da Türk­me­nis­ta­nyň bu gu­ra­ma­nyň Be­den­ter­bi­ýe we sport bo­ýun­ça Hö­kü­me­ta­ra ko­mi­te­ti­niň (CIGEPS) 2017 — 2020-nji ýyl­lar üçin ag­za­ly­gy­na saý­la­nan­dy­gy bel­le­nil­di. Ge­çen ýy­lyň 7-nji ap­re­lin­de «Awa­za» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da ge­çi­ri­len hal­ka­ra sport kong­re­si­niň jem­leý­ji Jar­na­ma­sy­na la­ýyk­lyk­da, Türk­me­nis­tan­da 2021-nji ýyl­da ÝU­NES­KO-nyň ho­wan­dar­ly­gyn­da be­den­ter­bi­ýe we spor­ta jo­gap­kär mi­nistr­le­riň 7-nji hal­ka­ra mas­la­ha­ty­nyň (MI­NEPS VII) ge­çi­ril­me­gi göz öňün­de tu­tul­ýar.

Wi­se-prem­ýer, DIM-niň ýol­baş­çy­sy ýo­kar­da aý­dy­lan­lar­dan ugur alyp, Türk­me­nis­ta­nyň ÝU­NES­KO-nyň iş­le­ri ba­ra­da­ky mil­li to­pa­ry­nyň tä­ze dü­zü­mi­ni tas­syk­la­mak ha­kyn­da­ky ka­ra­ryň tas­la­ma­sy­ny döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň ga­ra­ma­gy­na hö­dür­le­di.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow ha­sa­ba­ty diň­läp, ata Wa­ta­ny­my­zyň mil­li bäh­bit­le­ri­ne hem-de tu­tuş dün­ýä­de pa­ra­hat­çy­ly­gyň we aba­dan­çy­ly­gyň mak­sat­la­ry­na ky­bap gel­ýän hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ry bi­len hä­zir­ki tap­gyr­da­ky hyz­mat­daş­ly­gyň has ne­ti­je­li hä­si­ýe­te eýe bo­lan­dy­gy­ny hem-de hil taý­dan tä­ze de­re­jä çy­kan­dy­gy­ny ka­na­gat­lan­ma bi­len nyg­ta­dy. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, mil­li Li­de­ri­miz ýur­du­my­zyň bu gün ne­ti­je­li gat­na­şyk­la­ry mun­dan beý­läk-de hem­me­ta­rap­la­ýyn ös­dür­me­gi mak­sat edin­ýän­di­gi­ni tas­syk­la­dy.Şol gat­na­şyk­la­ryň çäk­le­rin­de öza­ra he­re­ket et­me­giň baý tej­ri­be­si top­la­nyl­dy, dür­li ul­gam­lar­da bi­le­lik­dä­ki mak­sat­na­ma­lar hem-de tas­la­ma­lar üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­di we ama­la aşy­ryl­ýar.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz bu ba­ra­da­ky gür­rü­ňi do­wam edip, Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň gün ter­ti­bi­niň se­bit we dün­ýä möç­be­rin­dä­ki mö­hüm me­se­le­le­riň saz­la­şyk­ly çöz­güt­le­ri­ni iş­läp taý­ýar­la­mak bo­ýun­ça dün­ýä bi­le­le­şi­gi­niň ta­gal­la­la­ry­na mun­dan beý­läk-de iş­jeň gat­naş­jak­dy­gy­ny nyg­ta­dy. Ýur­du­myz bin­ýat­la­ýyn hal­ka­ra res­mi­na­ma­la­ra go­şu­lyp, öz üs­tü­ne alan borç­na­ma­la­ry­na yzy­gi­der­li yg­rar­ly­dy­gy­ny iş ýü­zün­de gör­kez­ýär.

Türk­me­nis­ta­nyň dö­re­di­ji­lik­li baş­lan­gyç­la­ry, şol san­da BMG-niň be­lent mün­be­rin­den be­ýan edi­len baş­lan­gyç­la­ry hem mu­nuň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr. Bu­lar ba­ra­da aýt­mak bi­len, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow wi­se-prem­ýe­re, DIM-niň ýol­baş­çy­sy­na hal­ka­ra gu­ra­ma­la­r bi­len däp bo­lan hyz­mat­daş­ly­gy pug­ta­lan­dyr­ma­ga hem-de ös­dür­mä­ge, onuň kuw­wa­ty­ny we müm­kin­çi­lik­le­ri­ni has do­ly peý­da­lan­ma­ga de­giş­li bir­nä­çe anyk tab­şy­ryk­la­ry ber­di. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ÝU­NES­KO-nyň iş­le­ri ba­ra­da Türk­me­nis­ta­nyň mil­li to­pa­ry­nyň dü­zü­mi­ni ma­kul­lap, ony tas­syk­la­mak ha­kyn­da de­giş­li Ka­ra­ra gol çek­di.

Mej­li­siň Baş­ly­gy A.Nur­ber­di­ýe­wa ýur­du­my­zyň ka­nun­çy­lyk-hu­kuk bin­ýa­dy­ny döw­re­bap­laş­dyr­mak, tä­ze ka­nun tas­la­ma­la­ry­nyň taý­ýar­la­ny­ly­şy bo­ýun­ça par­la­men­tiň alyp bar­ýan iş­le­ri ba­ra­da ha­bar ber­di. Mart aýyn­da Mej­li­siň al­tyn­jy ça­gy­ry­ly­şy­nyň de­pu­tat­la­ry­nyň, halk mas­la­ha­ty­nyň we ge­ňeş­le­riň ag­za­la­ry­nyň öň­de bol­jak saý­law­la­ry­ny ge­çir­mek bo­ýun­ça gu­ra­ma­çy­lyk iş­le­ri do­wam ed­ýär. De­pu­tat­lar ýer­ler­de tä­ze ka­nun­çy­lyk res­mi­na­ma­la­ry­nyň düz­gün­le­ri­ni dü­şün­dir­ýär­ler.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ha­ba­ry diň­läp, hä­zir­ki za­man ýag­daý­la­ry hem-de ýur­du­myz­da ýaý­baň­lan­dy­ry­lan öz­gert­me­ler ba­bat­da döw­le­ti­mi­ziň ka­nun­çy­lyk bin­ýa­dy­ny mun­dan beý­läk-de kä­mil­leş­dir­me­giň örän mö­hüm­di­gi­ni nyg­ta­dy.

Mil­li Li­de­ri­miz par­la­men­ta­ri­le­riň öz yg­ty­ýar­lyk­la­ry­ny ne­ti­je­li dur­mu­şa ge­çir­me­gi­niň saý­law­çy­lar bi­len ara­gat­na­şyk­la­ry sak­la­ma­gy­na esas­lan­ýan­dy­gy­ny bel­läp, ýaş ne­sil­le­ri ter­bi­ýe­le­mek, sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ni wa­gyz et­mek bo­ýun­ça iş­le­re iş­jeň gat­naş­ma­gy de­pu­tat­la­ra tek­lip et­di.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz öň­de bol­jak saý­law­la­ra ýo­ka­ry de­re­je­de taý­ýar­lyk gör­mek ba­ra­da­ky gür­rüň­le­re de­gip ge­çip, bu mö­hüm jem­gy­ýet­çi­lik-sy­ýa­sy möw­süm bi­len bag­la­ny­şyk­ly äh­li me­se­le­le­riň üs­tün­de düýp­li iş­le­me­giň ze­rur­dy­gy­ny aýt­dy.

Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň mej­li­sin­de döw­let dur­mu­şy­na de­giş­li baş­ga-da bir­nä­çe me­se­le­le­re ga­ral­dy.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow mej­li­si ta­mam­lap, oňa gat­na­şan­la­ra iş­le­rin­de uly üs­tün­lik­le­ri, «Türk­me­nis­tan — Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ýü­re­gi» diý­lip yg­lan edi­len ýyl­da ber­ka­rar Wa­ta­ny­my­zyň äh­li hal­ky­na gül­läp ösüş ar­zuw et­di.

Biziň hyzmatlarymyz