Kredit hasaplama

Walyuta
Goterim
Jemi pul
Yyl
Ortaca aylyk toleginiz: 0

Habarlar

Aşgabat şäheriniň awtobuslarynyň elektron ýol töleglerini ýola goýmak

Nagt däl hasaplaşyklary ýaýbaňlandyrmak we kämilleşdirmek maksady bilen,  “Senagat” Paýdarlar täjirçilik banky Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrliginiň buýurmasy esasynda çykarylan ýol kartlaryň üsti bilen  Aşgabat şäheriniň awtobuslarynyň ýol töleglerini hasaplaşmak üçin täze hyzmaty girizdi.

Elektron ýol kartlarynyň üç görnüşi bolup, olary Aşgabat şäheriniň poçta bölümlerinden satyn alyp bolýar, ýagny umumy, mekdep okuwçylary, şeýle hem pensionerler üçin niýetlenilendir. Täze kartlar elektron gapjyk ýörelgesi esasynda hem hereket edýär. Olar hasaplaýjy enjamlar (walidator) bilen özara galtaşanda pul serişdeleri awtomatik ýagdaýda alynýar. Ol enjamlar paýtagtyň şäher içi ugurlarynda gatnaýan awtobuslarynda gurnalandyr.

Kartlary poçta bölümlerinde, şeýle hem paýtagtymyzyň ähli baş banklarynda we olaryň şahamçalarynda hem-de söwda we hyzmat ediş nokatlarynyň birnäçesinde hyzmat edýän ýörite terminallarda dolduryp bolýar.

Biziň hyzmatlarymyz