Kredit hasaplama

Walyuta
Goterim
Jemi pul
Yyl
Ortaca aylyk toleginiz: 0

Habarlar

Maşgala” karty – maşgalanyň karty.

”Türkmenistanyň bank ulgamyny ösdürmegiň 2011-2030-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna” laýyklykda alnyp barylýan işleriň netijesinde bank ulgamyny döwrebaplaşdyrmakda ýurdumyzyň ilatyna ýokary ähmiýetli amatlyklary üpjün edýän nagt däl hasaplaşyklaryň tehnologiýalaryny giňden ornaşdyrmakda gazanylan netijelerde bank kartlarynyň ähmiýeti ulydyr. Bank kartlary nagt däl görnüşde hasaplaşyklary geçirmegiň döwrebap töleg guraly bolup, olar jemgyýetimize barha giňden ornaşyp, kämilleşip, halk köpçüligi tarapyndan uly islege eýe bolýar. Bank kartlary pul geçirimlerini çaltlaşdyrmak, şeýle hem hasaplaşyklar geçirilende wagty tygşytlamak üçin amatlyklary döredýär.

Häzirki wagtda karz edaralary tarapyndan bank kartlarynyň üsti bilen pul dolanyşygynyň netijeliligini gazanmak, dünýäniň öňdebaryjy tilsimatlaryna esaslanýan nagt däl hasaplaşyklary ýaýbaňlandyrmak maksady bilen dürli çäreler geçirilýär. Döwrebap tehnologiýalaryň ösmegi bilen, bank kartlarynyň üsti bilen hödürlenilýän hyzmatlaryň hem sany barha artýar. Bank kartlary arkaly töleg terminallarynyň üsti bilen, nagt däl görnüşde söwda we hyzmat ediş nokatlarynda harytlary satyn almak, aragatnaşyk, jemagat we ýaşaýyş jaý hyzmatlaryna tölegi, awtoulag ýangyjy üçin tölegi, saglygy goraýyş edaralarynyň hyzmatlary, awiapetekleri üçin tölegi, karzy üzmek we onuň göterimleriniň tölegini amala aşyrmak üçin döwrebap, amatly we howpsuz usullar hödürlenýär.

Ýurdumyzyň karz edaralary tarapyndan raýatlara elýeterli we amatly nokatlarda ýerleşdirilýän maglumat-amal terminallary we bankomatlar arkaly degişli edara gitmezden öýjükli telefonlaryň (“TmCell”, “CDMA”) hyzmaty, «Türkmentelekom» döwlet elektrik aragatnaşyk kompaniýasynyň hödürleýän internet hyzmaty, «Aşgabat şäher telefon ulgamy» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň hödürleýän internet, öý telefon we IP-TV telewideniýe hyzmatlary üçin, saglyk ätiýaçlandyryş üçin tölegleri tölemäge, bank karzlarynyň esasy bergisini gaýtarmaga we olaryň göterimlerini tölemäge, “internet-bank” we “Mobil-bank” ulgamlarynyň üsti bilen hyzmatlaryň görnüşlerini artdyrmaga şertler döredildi.

Nagt däl hasaplaşyklary ýaýbaňlandyrmak we kämilleşdirmek maksady bilen, “Senagat” Paýdarlar täjirçilik banky tarapyndan Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrliginiň buýurmasy esasynda çykarylan ýol kartlaryň üsti bilen Aşgabat şäheriniň jemgyýetçilik awtoulaglarynyň ýol töleglerini hasaplaşmak üçin täze hyzmat girizildi.

Täze ulgam tiz wagtda nagt serişdeler bilen hasaplaşmagy aradan aýyrmaga mümkinçilik berer. Bu bolsa sürüjiler we ýolagçylar üçin töleg amatlyklaryny hem-de medeniýetli hyzmatyny ýokarlandyrar.

Elektron ýol kartlaryň üç görnüşi bolup, olary Aşgabat şäheriniň poçta bölümlerinden satyn alyp bolar, ýagny umumy, mekdep okuwçylary üçin, şeýle hem pensionerler üçin niýetlenilendir. Täze kartlar elektron gapjyk ýörelgesi esasynda hem hereket edýärler. Olar hasaplaýjy enjamlar (walidator) bilen özara galtaşanda pul serişdeler awtomatik ýagdaýda alynýar. Ol enjamlar paýtagtyň şäheriçi ugurlarynda işledilýän awtobuslarynda gurnalandyr.Häzirki wagtda bu hyzmatdan peýdalanýan raýatlaryň sany yzygiderli artýar.

Bank ulgamy tarapyndan girizilýän hyzmatlaryň esasynda nagt däl görnüşinde hasaplaşyklaryň geçirilmegi, raýatlar üçin pul serişdelerini tygşytlamaga, şeýle hem gymmatly wagtlaryny tygşytlamaga mümkinçilik berer.

Bank kartyny saklaýjylara amatly şertler döretmek maksady bilen, ýurdumyzyň ähli karz edaralary tarapyndan bank kart hasabyndaky galyndy pul serişdelerine ýyllyk 5 göterim hasaplanýar. Bu bolsa müşderiler üçin goýum hökmünde goşmaça girdeji çeşmesi bolup hyzmat edýär.

Bank ulgamynyň maliýe durnuklylygyny, banklaryň maýalaşdyryş derejesini ýokarlandyrmak, olary möhüm taslamalary amala aşyrmaga ugrukdyrmak, maýa goýum işjeňligini artdyrmak, karzlaşdyrmagyň göwrümini giňeltmek, şeýle hem ilatyň we hojalyk taraplaryň erkin pul serişdelerini depozit goýumlaryna çekmek ýurdumyzda ykdysady özgertmeleriň aýrylmaz bölegi  bolup durýar. Şonuň esasynda raýatlar üçin girizilen we ýurdumyzyň ähli karz edaralarynda ilatyň erkin pul serişdelerini karz edaralaryna möhletli goýum görnüşinde çekmek maksady bilen banklar tarapyndan hödürlenilýän “Goýum bank karty” atly hyzmatyny ýurduň islendik bankynda açmak, goýum bank kartlaryna islendik möçberde nagt puly goýmak, töleg amala aşyrmak, kartdan nagt puly çekmek, bankomatlardan we internet ulgamy arkaly goýumdaky puluň we toplanan göterimiň möçberini bilmek mümkinçiligi döredildi.

Soňky ýyllarda geçirilen bank özgertmeleri netijesinde, ýurdumyzda nagt däl hasaplaşyk tehnologiýalary barha giň meşhurlyga eýe bolýar.

Hormatly Prezidentimiziň ilatymyza ýokary derejede hyzmat etmäge döredýän mümkinçilikleriniň esasynda ýaňy ýakynda ýurdumyzyň her bir maşgala agzalaryna niýetlenen täze “Maşgala” bank kartynyň hyzmaty hödürlenildi. “Maşgala” bank karty maşgalanyň islendik agzalaryna – mekdep okuwçylaryna, talyplara, öý hojalykçy zenanlarymyza, ýaşulylarymyza we beýleki maşgala agzalarynyň gündelik ulanmagyna mümkinçilik berýär. “Maşgala” bank karty maşgalanyň islegine göra maşgalanyň her bir agzasyna açylyp bilner we arzanyň ýa-da “internet-bank” hyzmaty arkaly maşgalanyň her bir agzasy üçin gündelik ýa-da hepdelik sarp ediljek pul mukdarynyň möçberi kesgitlenip bilner. Maşgalanyň agzalaryna açylýan “Maşgala” bank karty esasy göz öňünde tutulan “Altyn Asyr” bank kartyna birikdirilýar. “Maşgala” bank kartynyň üsti bilen aşakdaky amatlyklardan peýdalanyp bilersiňiz:

-“Maşgala” bank kartynyň üsti bilen hyzmatlaryň dürli görnüşleri ýa-da satyn alnan harytlar boýunça nagt däl görnüşinde hasaplaşyklary geçirmek;

- alnan karz serişdeleriniň esasy bergisini we oňa hasaplanan göterimlerini bankomatlaryň üsti bilen töleg etmek;

- internet hyzmatlarynyň mümkin bolan islendik ýerinden kompuüter enjamlarynyň ýa-da öýjükli telefonlaryň üsti bilen özüniň kart-hasaby boýunça “internet-bank” hyzmatlaryndan peýdalanyp tiz we amatly nagt däl hasaplaşyklaryny geçirmek;

- SMS arkaly bank kartynyň hasabyndaky hereketleri barada maglumat almak;

- müşderi islegine görä arzasy boýunça ýa-da “internet-bank” hyzmaty arkaly “Maşgala” bank kartynyň hepdelik sarp ediljek pul mukdarynyň möçberini kesgitläp biler.

Maşgala” bank kartynyň üsti bilen nagt däl görnüşinde öý we öýjükli aragatnaşyk TM CELL, CDMA, internet, IP-telewideniýe we saglyk ätiýaçlandyryş tölegleri geçirmek ýaly hyzmatlaryndan peýdalanyp bilerler.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ykdysady we durmuş taýdan barha kuwwatlanýan ýurdumyzda halkymyzyň bank hyzmatlarynyň mümkinçiliklerinden ösen döwrüň talaplaryna laýyklykda peýdalanyp bilmegi üçin giň mümkinçilik döredilýär. Bu işleriň ählisi halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmek ugrunda uly tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň “Döwlet adam üçindir!” diýen ynsanperwer ýörelgesiniň durmuşymyzyň ähli ugurlarynda öz beýanyny tapýandygyna şaýatlyk edýär.

Biziň hyzmatlarymyz