Kredit hasaplama

Walyuta
Goterim
Jemi pul
Yyl
Ortaca aylyk toleginiz: 0

Habarlar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

02.11.2018

Aşgabat, 2018-nji ýylyň  noýabr aýynyň 2-i (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisde Prezident maksatnamasynyň hem-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň beýleki maksatnamalarynyň ýerine ýetirilişiniň barşyna, şeýle hem halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen içeri syýasatyň käbir ileri tutulýan meselelerine garaldy.

Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen, milli parlamentiň ýolbaşçysy G.Mämmedowa söz berdi. Mejlisiň Başlygy milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada habar berdi.

Täze kanunlaryň taslamalarynyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary babatda hem-de döwlet Baştutanymyzyň Halk Maslahatynyň birinji mejlisiniň çözgütleri bilen baglylykda, deputatlaryň öňünde goýan wezipelerini nazara almak arkaly işlenip taýýarlanylýandygy nygtaldy. Kabul edilýän kanunlary halkara kadalara we ülňülere kybap getirmek ýaly meselelere aýratyn üns berilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow habary diňläp, kanunçylyk-hukuk binýadynyň yzygiderli kämilleşdirilmeginiň häzirki döwürde ýurdumyzyň okgunly ösüşiniň aýrylmaz şerti bolup durýandygyny belledi.

Kabul edilýän kanunlaryň ählisi döwlet ösüşiniň oňyn özgertmelerini üstünlikli durmuşa geçirmäge, türkmen jemgyýetiniň agzybirligini we jebisligini pugtalandyrmaga, demokratik esaslaryny berkitmäge gönükdirilmelidir. Şunuň bilen birlikde, milli Liderimiz deputatlaryň Halk Maslahatynyň çözgütleriniň, kabul edilýän kanunçylyk namalarynyň many-mazmunyny we ähmiýetini düşündirmek boýunça ýerlerde yzygiderli iş alyp barmalydyklaryny, öz okruglarynda durmuş-ykdysady meseleleri çözmek boýunça ýerine ýetiriji häkimiýet edaralary bilen bilelikde netijeli işlemelidiklerini nygtady.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Hazar deňzi bilen baglanyşykly wezipeleri toplumlaýyn çözmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň şu ýylyň 12-nji awgustynda Gazagystan Respublikasynyň Aktau şäherinde geçirilen V sammitiniň barşynda kabul edilen resminamalaryň wajypdygy nygtaldy. Kenarýaka ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary boýunça hukuk binýadyny döredýän bu resminamalaryň hatarynda Hazar deňziniň hukuk derejesi hakyndaky Konwensiýa aýratyn ähmiýet berilýär.

Ýokary derejedäki duşuşygyň jemleri boýunça Bilelikdäki beýannama kabul edildi. Şonda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanda VI Hazar sammitini, 2019-njy ýylda bolsa I Hazar ykdysady forumyny geçirmek baradaky başlangyçlary öz beýanyny tapdy. Bu başlangyçlar sebitiň döwlet Baştutanlarynyň ählisi tarapyndan biragyzdan goldanyldy.

Milli Liderimiziň şu ýylyň 14-nji sentýabrynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen hökümet derejesinde degişli guramaçylyk komitetini döretmek hakyndaky teklipler işlenip taýýarlanyldy. Onuň esasy wezipesi Türkmenistanda ýokarda agzalyp geçilen halkara çäreleri geçirmäge taýýarlyk görmekden hem-de ähli meseleleri öz wagtynda çözmekden, şol sanda sammitiň gün tertibini, gol çekilmegi göz öňünde tutulýan resminamalaryň taslamalaryny hem-de I Hazar ykdysady forumynyň konsepsiýasyny işläp taýýarlamakdan ybaratdyr.

Hasabatyň dowamynda wise-premýer, daşary işler ministri döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňziniň meseleleri boýunça döwlet kärhanasynyň binýadynda Hazar deňziniň institutyny döretmek baradaky teklibi hödürledi. Bu edara hakyndaky Düzgünnamanyň, edaranyň gurluşynyň hem-de wezipe sanawynyň taslamalary taýýarlanyldy. Institutyň işiniň çäklerinde Hazarda dürli ugurlarda amala aşyrylýan işleriň hem-de ylmy barlaglaryň seljermesini geçirmek, degişli halkara we milli resminamalary taýýarlamak, okuw maslahatlaryny guramak we beýleki çäreler göz öňünde tutulýar.

Milli Liderimiz Hazar sebiti bilen baglanyşykly meseleleriň Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasynda möhüm orun eýeleýändigini belledi. Şol strategiýa bolsa oňyn Bitaraplyk, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de özara bähbitli deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýar. Ýurdumyz köpugurly döwletara hyzmatdaşlygy ösdürmek, Hazaryň ägirt uly ykdysady, ulag we energetika kuwwatyndan has netijeli peýdalanmak boýunça yzygiderli ädimleri ädip, gojaman Hazaryň parahatçylyk, dostluk we ylalaşyk deňzi derejesini has-da pugtalandyrmaga hemmetaraplaýyn ýardam berýär.

Türkmen tarapynyň başlangyjy boýunça Hazarda özara gatnaşyklar boýunça möhüm resminamalar işlenip taýýarlanyldy we kabul edildi. Şol resminamalar däp bolan bäştaraplaýyn gatnaşyklaryň okgunly ösmegine hem-de anyk many-mazmun bilen baýlaşdyrylmagyna ýardam etmelidir. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki döwürde Hazar sebitiniň ähmiýetiniň onuň çäginden has daşary çykýandygyny, geosyýasy we geoykdysady ösüşde esasy merkezleriň birine öwrülýändigini, bu ýerde dünýä derejesindäki multimodal ulag-üstaşyr ulgamynyň kemala gelýändigini belledi.

Munuň özi ýakyn we uzak möhletli geljegi nazara almak bilen, hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny durmuşa geçirmek maksady bilen, Hazarýaka ýurtlarynyň tagallalarynyň mundan beýläk-de birleşdirmegini hem-de abraýly halkara guramalar we gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlaryň ählisi bilen netijeli gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyny şertlendirýär. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz wise-premýere, daşary işler ministrine Türkmenistanyň Hazarda hyzmatdaşlyk etmek baradaky döredijilikli başlangyçlaryny ilerletmäge we durmuşa geçirmäge, öňümizdäki halkara çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmäge degişli anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Abdyýewa «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» ýylynyň ýaz we güýz möwsümlerinde ýurdumyzyň taryhy-medeni mirasyny ylmy taýdan öwrenmek hem-de rejelemek boýunça alnyp barlan işler barada hasabat berdi.

Şu ýylyň ýaz we güýz möwsümlerinde ýurdumyzyň taryhy-medeni ýadygärliklerinde arheologik barlaglar geçirildi hem-de olaryň netijeleri seljerildi. Bu iş Ylymlar akademiýasynyň hem-de Medeniýet ministrliginiň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň alymlary we hünärmenleri tarapyndan amala aşyrylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, milli taryhy-medeni mirasymyzy, şol sanda ýurdumyzyň çäginde ýerleşýän, halkymyzyň buýsanjy bolup durýan we umumadamzat ähmiýetine eýe bolan binagärlik ýadygärliklerini aýawly saklamak, öwrenmek we bütin dünýäde giňden wagyz etmek boýunça toplumlaýyn işleri mundan beýläk-de geçirmegiň möhümdigini nygtap, bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Türkmenistanyň gadymy taryhynyň we medeniýetiniň şaýatlary bolan gymmatly ýadygärlikleri dikeltmek boýunça işlere dünýä tejribesini, öňdebaryjy tehnologiýalary hem-de täzelikleri çekmek babatda anyk görkezmeler berildi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Agamyradow 13 — 14-nji noýabrda geçiriljek «Bilim we sport Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe» atly halkara sergä hem-de ylmy maslahata görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Forumda degişli ulgamlarda gazanylan üstünlikler, milli hem-de dünýä tejribeleri bilen tanyşdyrylar.

Sagdynlygyň, ruhubelentligiň hem-de bagtyýarlygyň ýurduna öwrülen ata Watanymyzda bilim we sport ulgamlaryny ösdürmäge uly üns berilýär, bu ugurlarda giň gerimli işler alnyp barylýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Paýtagtymyzda hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynda halkara ölçeglerine kybap gelýän bilim edaralary we sport toplumlary gurulýar. Okuw işine ylmyň soňky gazananlary, täze tehnologiýalary, kompýuter hem-de barlaghana enjamlary ornaşdyrylýar, döwrebap okuw kitaplary we gollanmalary taýýarlanýar hem-de neşir edilýär.

Türkmen türgenleri sebit we dünýä derejesinde geçirilýän abraýly ýaryşlarda ýurdumyza mynasyp wekilçilik edýärler. Aşgabat şäheri iri halkara sport ýaryşlarynyň geçirilýän ýerine öwrüldi diýip, milli Liderimiz belledi. 2017-nji ýylda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary, şeýle hem şu günler dowam edýän Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty şonuň aýdyň mysallary bolup durýar.

Ýurdumyzda guralýan halkara çäreler oňyn özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylmagynda uly ähmiýete eýedir. Geçirilýän forumlar oňyn tejribe alyşmak, bu ugurlarda hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin netijeli çäre bolup hyzmat edýär diýip, hormatly Prezidentimiz wise-premýere serginiň we maslahatyň degişli derejede guralmagyny üpjün etmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow ýangyç-energetika toplumynyň düzümlerinde işleriň ýagdaýy, “Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasyny” üstünlikli amala aşyrmak maksady bilen görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ykdysadyýetinde ýangyç-energetika toplumynyň ähmiýetli ornuny belledi hem-de nebitiň we tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmagyň, olary gaýtadan işlemegiň hem-de daşary ýurtlara ugratmagyň, ýurdumyzyň içinde we dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýän dürli nebit hem-de gazhimiýa önümlerini öndürmegiň we olaryň görnüşlerini artdyrmagyň möhümdigini aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz wise-premýere anyk görkezmeleri berip, ýangyç-energetika toplumynyň düzüminiň döwrebaplaşdyrylmagyny we tehniki taýdan enjamlaşdyrylmagyny, pudaga goşmaça maýalaryň, öňdebaryjy tehnologiýalaryň çekilmegini we dünýä tejribesiniň özleşdirilmegini ileri tutulýan ugurlar hökmünde aýratyn belledi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat berip, ýurdumyzda güýzlük bugdaý ekişiniň tamamlanandygy barada hoş habary aýtdy. 2019-njy ýylyň hasyly üçin 760 müň gektarda güýzlük bugdaý ekişi agrotehnikanyň kadalaryna laýyk geçirildi. Şu günler däne ösdürip ýetişdirmek üçin bölünip berlen meýdanlarda gyradeň gögeriş almak üçin zerur agrotehniki çäreler geçirilýär we ilkinji ösüş suwy tutulýar.

Welaýatlarda pagta ýygymy dowam edýär. Möwsümiň depginini güýçlendirmek, ýygnalan çig mal hasylyny kabul ediş bölümlerine bökdençsiz daşamak hem-de olaryň pagta arassalaýjy kärhanalarda gaýtadan işlenilmegi üçin degişli çäreler görülýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, pudagyň girdejililigini has-da artdyrmaga, düzümlerini döwrebaplaşdyrmaga, dürli önümleriň öndürilişiniň mukdaryny köpeltmäge gönükdirilen oba hojalyk özgertmeleriniň şu günüň möhüm wezipesidigini nygtady.

Döwlet Baştutanymyz pagta ýygymy möwsüminiň öz wagtynda tamamlanmagy baradaky meselelere pudagyň ýolbaşçylarynyň ünsüni çekip, bu babatda wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi. Daýhanlaryň ýadawsyz zähmeti bilen ýetişdirilen ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň möhüm önümi bolan pagta hasylynyň doly möçberde ýygnalyp alynmagy zerurdyr diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary K.Durdymyradow gözegçilik edýän ulgamynda işleriň ýagdaýy, senagat toplumynyň edara-kärhanalaryny ýokary bilimli hünärmenler bilen üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda milli ykdysadyýetimizi senagatlaşdyrmak we diwersifikasiýalaşdyrmak, ýerli çig maly netijeli peýdalanmak boýunça strategiýanyň amala aşyrylmagy netijesinde ýurdumyzda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen döwrebap önümçilikler gurulýar we ulanmaga berilýär. Degişli maksatnamalara laýyklykda, geljekde beýleki senagat desgalaryny gurmak hem göz öňünde tutulýar. Bularyň hemmesi ýokary derejeli hünärli işgärleri taýýarlamak meselesiniň möhümdigini şertlendirýär.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiziň garamagyna Türkmenabat şäherinde “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň garamagynda, tehniki orta hünär okuw mekdebiniň binýadynda Türkmenistanyň Himiýa-tehnologiýa institutyny açmak barada teklip hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Lebap welaýatynyň dolandyryş merkezinde täze ýokary okuw mekdebini döretmek bilen bagly meseleleri düýpli işlemegiň möhümdigini aýtdy. Bu gazylyp alynýan peýdaly magdanlara baý bolan sebitiň senagat pudagynyň sazlaşykly ösmegini nazara alanyňda, maksadalaýyk bolup durýar. Häzir senagatlaşdyrmak ýoluna düşen ýurdumyzda nebit hem-de gazhimiýa ýaly pudaklaryň önümçilik düzümini giňeltmek, Diýarymyzyň eýe bolan serişde we ykdysady kuwwatyny doly peýdalanmak, gaýtadan işleýän pudagy ösdürmek boýunça yzygiderli çäreler görülýär.

Täze institutda gerek bolan hünärler boýunça ýokary derejeli işgärleri, giň gözýetimli hem-de innowasion tehnologiýalardan, nou-haulardan baş çykarýan öz işiniň hakyky ussatlaryny taýýarlamak üçin zerur ähli zatlar göz öňünde tutulmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýere we beýleki degişli ýolbaşçylara ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlaýan ulgamy has-da kämilleşdirmek bilen bagly anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary D.Amangeldiýew gözegçilik edýän ulgamlarynda işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Hususan-da, döwlet Baştutanymyza paýtagtymyzy abadanlaşdyrmak boýunça geçirilýän işler barada habar berildi.

Bellenilişi ýaly, milli Liderimiziň başlangyjy bilen işlenip taýýarlanylan Aşgabady ösdürmegiň meýilnamasyna laýyklykda, täze ýaşaýyş toplumlaryny gurmak, bar bolan inženerçilik-tehniki ulgamlaryň durkuny täzelemek, ýol-ulag düzümini ösdürmek we şäheri bagy-bossanlyga büremek boýunça işler yzygiderli dowam edýär.

Öňde goýlan wezipeler bilen baglylykda, şäher düzümini dolandyrmagyň we ony döwrebaplaşdyrmagyň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça ilkinji nobatdaky çäreler kesgitlenildi. Ýol-ulag hereketiniň howpsuzlygyny, gurluşyk we energetika düzümleriniň, jemagat hojalyklarynyň sazlaşykly işlemegini üpjün etmäge ýardam berýän awtomobil ýollarynyň we köprüleriniň gurluşygyna uly üns berilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, döwletimiziň geljekde hem, ýurdumyzyň beýleki şäherleri hem-de ilatly ýerleri üçin bolşy ýaly, paýtagtymyzy döwrebaplaşdyrmak we düzümini giňeltmek üçin uly möçberde serişdeleri gönükdirjekdigini, türkmenistanlylara amatly durmuş şertlerini döretmek üçin zerur çäreleri görjekdigini belledi.

Milli Liderimiz Aşgabady has-da ösdürmek meselesine ünsi çekip, uzak möhletleýin geljegi nazara almak bilen öňde goýlan wezipeleri çözmäge toplumlaýyn çemeleşmegiň möhümdigini belledi. Paýtagtymyzyň öz belent derejesine laýyklykda ähli ugurlarda nusgalyk bolup, ata Watanymyzyň ähli sebitlerinde ýaýbaňlandyrylan özgertmeleri amala aşyrmakda görelde bolmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň baş şäherinde bina edilýän desgalaryň gurluşygynyň öz wagtynda tamamlanmagyny we ýokary hilli bolmagyny üpjün etmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow gözegçilik edýän ulgamynda işleriň ýagdaýy hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Şeýle hem köptaraply daşary ykdysady aragatnaşygy has-da ösdürmek, haryt dolanyşygyny we ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmak boýunça görülýän anyk çäreler barada aýdyldy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyza Söwda-senagat edarasy hem-de ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde taýýarlanan 2019-njy ýylda geçirilmegi teklip edilýän sergileriň, ýarmarkalaryň we maslahatlaryň sanawynyň taslamasy hödürlenildi. Geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreleriň hatarynda ýurdumyzda we daşary ýurtlarda dürli ugurly gözden geçirişler hem-de işewür maslahatlary, Türkmenistanyň eksport harytlarynyň sergisi bar. Şeýle hem “Türkmen sährasy — 2019” atly awtosergini guramak bellenilýär.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, halk hojalyk toplumynyň pudaklarynyň hem-de telekeçilik ulgamynyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmagyň hakyky gurallarynyň biriniň gyzyklanma bildirýän taraplaryň ählisi bilen halkara hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmakdan ybaratdygyny belledi. Şu işde bu ulgamda işleri anyk utgaşdyrmaga, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklaryň çäklerini giňeltmekde Türkmenistanyň eksport kuwwatyny üstünlikli peýdalanmaga mümkinçilik berýän işewür maslahatlarynyň geçirilmegine ähmiýetli orun berilýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady hem-de wise-premýere degişli ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary bilen bilelikde bu meseläni has giňişleýin öwrenmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Çakyýew ýurdumyzyň wekiliýetiniň 30-njy oktýabrda Azerbaýjan Respublikasyna bolan iş saparynyň netijeleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, milli Liderimiziň beren tabşyryklaryna laýyklykda, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen duşuşyk boldy, şonuň barşynda üstaşyr we ulag hyzmatdaşlygy boýunça hökümetara türkmen-azerbaýjan toparyny döretmek hakynda teklip beýan edildi.

Duşuşygyň dowamynda Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe (Lazurit) halkara ulag geçelgesiniň möhüm ähmiýeti bellenildi.

Şeýle hem ikitaraplaýyn iş duşuşyklary geçirilip, şolaryň çäklerinde iki ýurduň ulag ulgamlaryny ösdürmegiň mümkinçiliklerine we geljegine baha berildi hem-de üstaşyr ýükleri daşamak we logistika ulgamyny döretmek boýunça bilelikdäki hereketler barada teklipler aýdyldy. Nyrhlary kesgitlemek hem-de resminamalary düzmek, gümrük düzgün-kadalaryny amatlaşdyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň çäk taýdan amatly ýerleşmegi sebit we yklym ähmiýetli möhüm üstaşyr-ulag merkezi hökmünde onuň derejesini şertlendirýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady. Ýurdumyz bu ugurda eýe bolan ägirt uly kuwwatyny netijeli amala aşyrmaga çalşyp, ulag ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmaga, bar bolan ulag-kommunikasiýa ulgamlaryny giňeltmäge we täzelerini döretmäge gönükdirilen milli maksatnamalaryny üstünlikli amala aşyrýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Türkmenistan işjeň hyzmatdaş hem-de Ýewropa — Kawkaz — Aziýa (TRASEKA) maksatnamasyna gatnaşyjy hökmünde çykyş etmäge taýýardyr. Çünki Merkezi Aziýadan ugur alýan günbatar ulag geçelgesiniň döredilmegi Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmegiň maksatlaryny amala aşyrmak babatda uly ähmiýete eýedir diýip, milli Liderimiz nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Lazurit halkara ulag-üstaşyr geçelgesini döretmegiň ähmiýetini aýratyn belledi. Bu ýol ýurdumyzyň, Owganystanyň, Azerbaýjanyň, Gruziýanyň we Türkiýäniň çäklerinden geçip, Merkezi we Günorta Aziýa, Hazar we Gara deňiz, Ortaýer deňzi sebitlerini öz içine alýan giň geoykdysady giňişlikde netijeli gatnaşyklary berkitmäge ýardam eder. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz wise-premýere ulag ulgamynda özara gatnaşyklar boýunça meseleleri ara alyp maslahatlaşmak, degişli meseleleri düýpli işlemek we öz wagtynda çözmek boýunça hökümetara türkmen-azerbaýjan toparyny döretmek maksady bilen degişli çäreleri görmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisini tamamlap, oňa gatnaşyjylaryň ählisine berk jan saglyk hem-de işlerinde uly üstünlikleri, “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýlip yglan edilen ýylda halkymyza gülläp ösüş arzuw etdi.

Biziň hyzmatlarymyz