Kredit hasaplama

Walyuta
Goterim
Jemi pul
Yyl
Ortaca aylyk toleginiz: 0

Habarlar

ÖSÜŞIŇ ÝOLLARY

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Mähriban Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň beýik başlangyçlary we taýsyz tagallalary netijesinde amala aşyrylýan ykdysady özgertmelerde bank we maliýe ulgamynyň işini has-da kämilleşdirmäge gönükdirilen çäreler aýratyn orun tutýar. Çünki ykdysadyýetiň ösüşini bank ulgamsyz göz-öňüne getirmek mümkin däl.

Hormatly Prezidentimiz 2019-njy ýylyň fewral aýynyň 01-ne geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Giňişleýin Mejlisinde “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny” tassyklady.

Bu maksatnamanyň esasy maksady berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe, Garaşsyz Watanymyzyň ykdysadyýetiniň ýokary depginde ösmegini we işjeň maýa goýum syýasatyny dowam etdirmek, Türkmenistany senagat taýdan ösen döwlete öwürmek, bilimlere we innowasiýalara daýanýan, ykdysady, durmuş we ekologiýa taýdan amatly tehnologiýalary özünde jemleýän, ykdysadyýetiň pudaklaýyn we eýeçilik görnüşleri babatynda diwersifikasiýalaşdyrylmagyny üpjün edýän, sanly ykdysadyýete uýgunlaşdyrýan bazar ykdysadyýetiniň özgertmelerini durmuşa ornaşdyrmak, täze iş orunlaryny döretmek, ýurdumyzyň we onuň sebitleriniň ykdysady kuwwatyny berkitmäge gönükdirilen çäreleri yzygiderli durmuşa geçirmek, ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowlandyrmak we sebitleýin maýa goýum işjeňligini kämilleşdirmekdir.

Maksatnamanyň kabul edilmegi bilen, bank ulgamynyň öňünde Türkmenistanda alnyp barylýan maýa goýum syýasaty, pul-karz syýasaty şeýle hem bank ulgamynyň ösüşi bilen bagly bolan birnäçe jogapkärli wezipeler durýar.

Bu maksatnamada ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak, öndürilýän önümleriň bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmak we ösüşiň senagat-innowasiýa ugruna yzygiderli geçmek arkaly durnukly we deňagramly ösdürmäge gönükdirilen Türkmenistanyň orta möhletli geljek üçin döwlet ykdysady syýasatynyň esasy ýörelgeleri we gurallary kesgitlenilýär.

“Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” öňde goýulan wezipeleri amala aşyrmakda “Senagat” Paýdarlar täjirçilik banky hem öz mynasyp goşandyny goşýar.

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň milli ykdysadyýetinde bazar gatnaşyklarynyň talaplaryna laýyklykda ykdysady özgertmeler amala aşyrylýar we oňyn netijeler gazanylýar. Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça geçirilýän döwlet çärelerinde we maksatnamalarynda kiçi we orta telekeçiligi ösdürmäge aýratyn üns berilýär.

Milli Liderimiziň hususy telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak hem-de ýurdumyzyň telekeçileriniň işini has-da ösdürmek üçin berýän tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, bankymyz tarapyndan hususy telekeçilere we kärhanalara aýratyn üns berilýär.

Bankymyz tarapyndan daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri, eksporta niýetlenen harytlaryň görnüşlerini we möçberlerini artdyrmaklyk maksady bilen hususy we çekilen serişdeleriň hasabyna Türkmenistanyň dahyllylary bolup durýan telekeçileriň we kärhanalaryň, önümleri öndürmek, işleri hem-de hyzmatlary ýerine ýetirmek, şeýle hem dolanşyk serişdelerini satyn almak bilen bagly maýa goýum maliýeleşdirilýar.

Telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamakda geçirilýän çäreler we banklaryň karzlaşdyrmak işleri, ýurdumyzda täze iş ýerleriniň dörüdilmegine, içerki bazaryny ýerli önümlerden elýeter bahaly doldurylmagyna, bäsdeşligi ösdürmäge, maýa goýum işjeňligini ýokarlandyrmaga hem-de telekeçilik birleşikleriniň işiniň ýurt üçin ileri tutulýan ugurlaryny çekmek bilen baglanyşykly maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmäge mümkinçilik döredýär.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda geçirilýän ykdysady özgertmeleriň çäginde ýurdumyzyň bank ulgamyny döwrebaplaşdyrmak we kämilleşdirmek babatynda alnyp barylýan işleriň we işlenilip düzülýän çäreleriň durmuşa geçirilmegi, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” bank ulgamynyň öňünde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegine, türkmen milli manadynyň durnuklylygyny üpjün etmäge we dünýä ykdysadyýetine amatly şertler bilen goşulyşmaga mümkinçilik döredýär.

Bizi şeýle asuda ýurtda ýaşamak üçin ähli şertleri döredip berýän Mähriban Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işlerinde diňe üstünlikler ýar bolsun!

 

“Senagat” PTB-nyň Karz amallary

müdirliginiň hünärmeni

Ballyýewa Gülnar

Biziň hyzmatlarymyz