Kredit hasaplama

Walyuta
Goterim
Jemi pul
Yyl
Ortaca aylyk toleginiz: 0

Habarlar

Türkmenistanda sanly ykdysadyýetiň ornaşdyrylmagy

Türkmenistanyň Mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­tini has-da ös­dür­mek üçin di­wer­si­fi­ka­si­ýa ýo­luny ulanmak we sanly tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak mak­sa­dy bi­len, Hormatly Prezidentimiz ta­ra­pyn­dan tas­syk­la­nan 2019-njy ýyldan başlap, 2025-nji ýyla çenli Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Kon­sep­si­ýa­sy­ny ama­la aşyr­ma­k üçin giň gerimli işler alnyp barylýar. Sanly ykdysadyýetiň Döwletimiziň ähli pudaklaryna bildirjek oňyn täsiriniň duýuljakdygynyň belli bolşy ýaly, ony ornaşdyrmakda ähli pudaklaryň goşandyny goşmalydygy mälim bolup durýar.

“Sanly ykdysadyýet” termini häzirki wagtda köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde we gazet-žurnallaryň makalalarynda giňden ulanylýar. Alymlar we ýolbaşçylar öz çykyşlarynda bu düşünjäni ulanýarlar. Sanly ykdysadyýetiň geljegi barada köp maslahatlar geçirilýär.

Sanly ykdysadyýet öz gezeginde sanly tehnologiýalaryň kömegi bilen ornaşdyrylan önümçilik bilen arabaglanyşyklydyr. Häzirki günde ýer şarynyň ilatynyň ýarysyndan gowragy, gündelik mätäçlikleri üçin, okuw ýa-da täjirçilik maksatlary bilen interneti giňden peýdalanýarlar. Internetde edilýän söwda hereketleri gysga wagtyň içinde adaty söwda gatnaşyklaryň göwrüminden geçiljekdigi barada gürrüň edilýär.

Şunda, esasan, zähmet öndürijiliginiň artmagy, önümçilik harajatlarynyň peselmegi, bäsleşige ukyplylygyň ýokarlanmagy ýaly mümkinçilikler göz öňünde tutulýar. Sarp edijileriň islegleriniň has çalt we ýokary derejelerde kanagatlandyrylmagy sanly ykdysadyýetiň baş maksatlarynyň biridir. Sanly ykdysadyýetiň üstünlikli hereket etmegi üçin, esasan, üpjünçilik ulgamy, ýagny internetiň elýeterliligi, programma üpjünçiligi, telearagatnaşyk, elektron işewürligi, hojalyk işini kompýuter torlary arkaly dolandyrmak we elektron söwda-hyzmatlaryň internet arkaly ýerlenilmegi ýaly ugurlaryň berjaý edilmegi zerurdyr.

Sanly önümçilik täze hyzmatlaryň döremegine itergi berşi ýaly, iň öňdebaryjy pikirleriňi durmuşa geçirmäge hem mümkinçilik berýär. Täze açyşlary synagdan geçirmek aňsatlaşýar, indi olary barlap görmek üçin kähalatlarda kompýuterde programma üpjünçiligiň kömegi bilen emeli şertleriň döredilmegi arkaly barlamak ýeterlik. Programma üpjünçiliginde emeli şertleri döretmek arkaly ýerine ýetirilen barlaglar maliýe serişdeleri tygşytlaýar we täze açyşlarda bolup biljek kemçilikleri ýa-da olaryň artykmaçlyklary barada maglumatlary aýan edýär. Bilermenleriň aýtmagyna görä, sanly ykdysadyýet adaty täjirçilik gatnaşyklaryň düýbünden üýtgemegine getirer.

Şu günki günde dünýäniň halklarynyň aglaba bölegi internet ulgamyndan işjeň peýdalanýar. Bu bolsa sanly ykdysadyýetiň geljekde birnäçe  ýylyň dowamynda işjeň ösdürilmegini şertlendirýär. Sanly ykdysadyýet özüniň dünýäde innowasiýalara, bäsleşige ukyplylyga we  ykdysady ösüşe wajyp itergi beriji güýç hökmündäki ornuny barha pugtalandyrýar. Mundan başga-da, sanly ykdysadyýete  geçilmegi önümçilikde  hem-de hyzmatlar ulgamynda harajatlary peseltmäge, bazarlarda bolup geçýän özgertmelere basym, çalt uýgunlaşmaga, ýokary çeýeligi üpjün etmäge ýardam edýär. Maglumatlaryň we tehnologiýalaryň elýeterliligine daýanýan sanly ykdysadyýet özara gatnaşyklaryň täze-täze ugurlarynyň açylmagyna   giň mümkinçilikler döredýär.

Sanly ykdysadyýetiň esasy maksady, internet arkaly ilaty täze hyzmatlar bilen bahym we ýokary hilli üpjün etmek bolup durýar. Harytlaryň we hyzmatlaryň öndürilmeginde edilýän çykdajylaryň tygşytlanmagy ahyrky satyn alyjy üçin bahanyň peselmegine getirýär. Mysal üçin, kitabyň elektron görnüşini onuň neşir edilen görnüşinden iň azyndan 25 % arzan alyp bolar. Meşhur aýdymçylar internetde ýerleşdirýän aýdymlaryna beýleki sanly göterijilere ýazandan has az çykdajy edýär.

XX-nji asyryň ahyrynda global toruň adamlaryň durmuşynyň ähli zolaklaryna ýaýramagy bilen sanly ykdysadyýet barada ilki pikirler peýda bolup başlady. Ilki satyn alyjylar internetde programma üpjünçiligini satyn alyp bilýärdi, soň kitap, aýdym we ş.m. Häzirki wagtda dünýäniň köp döwletlerinde internet arkaly öýüňden çykman islendik zatlary almaga mümkinçilik bar. Bilermen ykdysadyýetçileriň çaklamasyna görä sanly bazaryň ähli gatnaşyjylary üçin uly bähbitler garaşýar.

Sanly ykdysadyýet önümçiligiň işjeňlik potensiýalyny artdyrmak arkaly islendik müşderiniň talaplaryny üpjün etmäge ukyply bolup durýar. Sanly söwda, töleg hyzmatlaryň artmagy, mahabat gulluklaryň netijeliliginiň artmagy we beýleki hyzmatlaryň görnüşleriniň tizliginiň hem harytlaryň hiliniň artmagy ykdysadyýetiň ösüşine uly itergi berip biler.

Ýokarda belleýşimiz ýaly Hormatly Prezidentimiz tarapyndan tassyklanan Türk­me­nis­tan­da san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­ti ös­dür­me­giň Konsepsiýanyň esaslary möhüm kanunlardan, maksatnamalardan we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan gözbaş alýar. Ol Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, «Elektron resminama hakyndaky», «Aragatnaşyk hakyndaky», «Türkmenistanda internet torunyň ösüşini we internet-hyzmatlaryny etmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakyndaky», «Maglumat we ony goramak hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunlaryna, şeýle-de «Türkmenistanyň durmuş ykdysady ösüşiniň 2011-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasyna», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2018-2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna», «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna», «Türkmenistanda ylmy barlaglaryň we innowasiýa tehnologiýalarynyň netijeliligini ýokarlandyrmagyň 2017-2021-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna» pugta esaslanýar.

Biziň ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmekde döwletiň ornuna uly ähmiýet berilýär. Döwletiň esasy maksady ýurdumyzda täze ýagdaýlara uýgunlaşan kanunçylyk binýadynyň kämilleşdirilmegini, önümçilik serişdeleriniň hasabatlylygynyň ygtybarlylygyny hem-de senagat derejesinde internet ulgamyny ornaşdyrýan kompaniýalaryň hukuk goraglylygyny, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrýan kärhanalar üçin amatly şertleriň döredilmegini üpjün etmekden ybarat bolup durýar.

Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň esasy ugurlarynyň hem-de tapgyrlarynyň durmuşa geçirilip başlanylmagy bilen bagly bolan zerur işler üstünlikli çözülýär.

 

Wepa Allamyradow,

“Senagat” PTB-nyň Awtomatizasiýa

müdirliginiň başlygynyň orunbasary.

 

Biziň hyzmatlarymyz