Kredit hasaplama

Walyuta
Goterim
Jemi pul
Yyl
Ortaca aylyk toleginiz: 0

Makala

Ýurdumyzyň telekeçileri Hormatly Prezidentimiziň olar üçin döredip berýän giň mümkinçiliklerinden ugur alyp, milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda özleriniň saldamly goşantlaryny goşýarlar. Hormatly Prezidentimiziň ýadawsyz tagallasy bilen soňky birnäçe ýyllaryň dowamynda daşary ýurtlardan import edilýän önümleriň ornuny tutýan önümçilikleri ýola goýmak boýunça uly işler alnyp barylýar.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň (TSTB) agzasy bolan “Aksuw” hojalyk jemgyýetimiz 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, esasan deri, ýüň we maldarçylyk pudagynyň dürli işi bilen şu güne çenli meşgullanyp gelýär. Şol ýyllaryň dowamynda derini gaýtadan işleýän gön fabriginiň binalar toplumy guruldy.

2008-nji ýylda Hormatly Prezidentimiziň TSTB-ni açmagy netijesinde birleşmäniň agzalaryna dürli pudaklarda işlemäge täze mümkinçilikler döredi. Hormatly Prezidentimiziň daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan önümçilikleri gurnamak baradaky çykyşlarynda aýdýan tabşyryklaryna jogap edip, hojalyk jemgyýetimiz ýurdumyzyň ykdysadyýetine öz goşandyny goşmak maksady bilen ýokary depginde işleri alyp barýar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2012-nji ýylyň 20-nji iýulyndaky  12446 belgili «Kiçi we orta telekeçiligiň döwlet tarapyndan goldawy baradaky» Kararyna laýyklykda, “Senagat” Paýdarlar täjirçilik bankyndan ýeňillikli karz serişdesiniň hasabyna hojalyk jemgyýetimiz tarapyndan dünýäde bar bolan iň täze tehnologiýalar, ýagny Italiýa we Turkiýe döwletleriniň gön önümçilik ugrunda iň meşhur kompaniýalaryndan satyn alnyp enjamlaşdyrylan çig derini gaýtadan işleýän önümçilik toplumyny gurup, ulanyşa göýberdi. Önümçilik toplumymyzyň çäginde önümçilikde ýüze çykan hapa suwlary arassalaýan iň täze enjamlar bilen enjamlaşdyrlan ýörite bina bolmak bilen, onda hapa suwlary arassalanyp, olar gaýtadan ulanylýar. Şeýlelik-de önümçilik toplumymyz daşky gurşawa hiç-hili zyýan ýetirmeýär.

Önümçilik toplumymyzyň bir günüň dowamynda 10 (on) tonna ýa-da 550 (bäş ýüz elli) sany iri şahly malyň derisi gaýtadan işlemäge mümkinçiligi bar. Ýurdumyzyň çäginde her günde ortaça 800 (sekiz ýüz) sany iri şahly mal soýulýar. Şeýlelik-de biziň gön fabrigimiz ýurdymyzda soýulýan iri şahly mallaryň derisiniň 70%-ni häzirki wagtda işläp bilýär. Geljekde fabrigimiziň önümçilik kuwwatyny artdyrmagyň hasabyna, ýurdumyzyň çäginde soýulýan iri şahly mallaryň derisiniň tutuşlygyna gaýtadan işlemäge mümkinçiligimiziň bardygyny mälim edýäris.

Iri şahly mallaryň çig derisi ilatdan ýygnalyp, fabrigimize getirilýär. Fabrigimize gelip gowşan çig deriler ilki bilen derini ýuwýan we arassalaýan enjamlarda himiki serişdeleriň kömegi bilen ýuwlup, ýüňüni arassalamak bölüminden geçýär. Soňra deride galan galyndy et we ýaglary arassalamak işleri geçirilýär. Üçünji tapgyrda, müşderileriň islegine görä deriniň galyňlygy ýuwkaldylýar.Dördünji tapgyrda, deriniň düzüminde galan suw galyndylary gysylyp arassalanyp, ölçeg beriş işleri amala aşyrylýar. Bäşinji tapgyrda, derini ilkinji boýamak işleri edilýär. Altynjy tapgyrda, derini çekdirmek we süýndirmek işleri ýerine ýetirilýär. Ýedinji tapgyrda, wakum arkaly derini ütüklemek işleri ýerine ýetirilýär. Sekizinji tapgyrda, deri konweýer arkaly guradylýar. Dokuzynjy tapgyrda, derini enjamlarda ýumşatmak işleri geçirilýär. Onunjy tapgyrda, ahyrky boýag işleri ýerine ýetirilýär. On birinji tapgyrda, ahyrky boýagdan çykan deriler boýag tapgyrdynda ýüze çykan kemçilikleri düzediji enjamdan geçirilýär. On ikinji tapgyrda, boýag işleri doly tamamlanan gönlere pres enjamynyň kömegi bilen islendik şekiller berilýär. Ahyrky on üçünji tapgyrda bolsa, taýýar bolan gönler awtomatiki usul bilen ölçelip, olaryň desimetr ölçegleri belgilenýär we taýýar önümleriň saklanýan bölümine ugradylýar.

           

Biziň gön fabrigimizde her günde ortaça hasap bilen 180 000 - 200 000 dm2 möçberinde gön önümleri taýýarlanýar. Fabrigimizde öndürilýän gönler dürli pudaklarda iş alyp barýan fabriklerde çig mal görnüşinde ulanylýar. Olara mysal edip, esasan aýakgap önümçiligi agzamak bolar. Ortaça hasap bilen bir jübüt aýakgap öndürmek üçin 18 (on sekiz) dm2 gön gerek bolýar. Şeýle hem guşak önümçiligi, portfel we ýan torba önümçiligi, egin-eşik önümçiligi, mebel önümçiligi we beýleki pudaklary mysal getirmek bolar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başda durmagynda 2019-njy «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynda ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmegiň maksatnamasyny, onuň parahatçylygyň we ösüşiň ýoly bilen ynamly öňe gitmegine esaslanyp, hojalyk jemgyýetimiziň gön fabriginde öndürilýän gön önümleriniň ýurdumyzda hereket edýän kiçi we orta ölçegli önümçilik kärhanalarynyň önümçilik kuwwatyny artdyrmaga, şeýle-de täze karhanalaryň açylmagy netijesinde täze iş orunlarynyň döremegine itergi berjekdigine ynanýarys.

Hojalyk jemgyýetimiz häzirki wagtda aýakgap we guşak önümlerini öndürýän täze önümçiligi ýola goýmak boýunça işleri ýokary depginlerde alyp barýar.

 

Senagat” Paýdarlar täjirçilik bankynyň müşderisi

Aksuw” hojalyk jemgyýeti.

Biziň hyzmatlarymyz