Kredit hasaplama

Walyuta
Goterim
Jemi pul
Yyl
Ortaca aylyk toleginiz: 0

Mahabat

  

 

“Senagat” Paýdarlar Täjirçilik banky 2016-njy ýylyň  1-nji iýulyndan şu  aşakdaky hyzmatlar boýunça girizilýän ýygymlary barada habar berýär:

 

                  Hyzmatlaryň we amallaryňň görnünüşleri                                     Hyzmatyň nyrhy

Töleg kartlarynyň üsti bilen bankomatlardan we terminallardan nagt pul

                     serişdelerini almak üçin ýygymy                                                          1%

Töleg kartlarynyň üsti bilen bankomatlardan we terminallardan nagt däl

           pul serişdeleriniň bir geçirimi üçin (tranzaksiýa) ýygymy                                 20 teňňe

 

Paýnamalary satyn almak isleýän paýdarlar we müşderler doly maglumatlary almak üçin 45-31-33 (1061,1173,1093), 22-46-12 belgili telefonlara jaň edip alyp bilersiňiz.Senagat” Paýdarlar Täjirçilik banky, ýönekeý atly paýnamalarynyň 18-nji göýberlişini satýandygy barada habar berýär. Ýagny, bir paýnamanyň nominal bahasy 20 manat.

 

 “Senagat” Paýdarlar täjirçilik banky şu aşakdaky görnüşli karzlary we ilatyň goýumlary Size hödürleýär:

 

Siziň hyzmatyňyzda:

Karzlar :

  • Dürli maksatly karzlar : telekeçilere we hususy kärhanalara önümçilik maksatlaryna (enjamy, çig maly, tehnologiýany satyn almak üçin), gurluşyk, täzeden  dikeldiş, önümçilik desgalaryny bejermek maksatlaryna, gurluşyk tehnikalaryny, ýük  we gulluk awtoulaglaryny satyn almak üçin, hyzmatlary üçin, maldarçylygy öşdürmeklik üçin, täjirçilik (söwda), ipoteka, sarp ediş  karzlary - ýyllyk 8%-den 15%-me çenli;
  • Türkmenistanyñ Prezidentiniñ  “Kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak hakynda” kararyna laýyklykda ýeñillikli ýyllyk 5%-li uzak möhletli  karz;
  • Türkmenistanyñ Prezidentiniñ "Türkmenistanda ýaş maşgalalaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak hakynda" kararyna laýyklykda ýaş maşgalalara ýeňillikli ýyllyk 1%-li uzak möhletli  karz;
  • Türkmenistanyñ Prezidentiniñ “Ýurdumyzda oba hojalyk önümlerini öndürijileri maliýe taýdan goldamak hakynda” kararyna laýyklykda, oba hojalyk önümlerini öndürijilere ýeňillikli ýyllyk 1%-li we 5%-li uzak möhletli  karz.

 

Ilatyň goýumlar :

 

  • „TÄZE MANAT-TÄZE DURMUŞ“ atly möhletli goýum - ýyllyk 10 %, möhleti  1 ýyl, goýumyň iň pes möçberi  2 000 manat ;
  • „ÇAGALARA NIÝETLENEN MAKSATLY GOÝUM  - ýyllyk 6 %  , möhleti  çaga kämillik ýaşyna ýetýänçä;
  • „ENE-ATALAR HAKYNDA ALADA“ atly möhletli goýum – ýyllyk 10%, möhleti 6 aýdan 1 ýyla çenli;
  • „HALKYÑ SAGLYGY-WATAN BAÝLYGY“ atly möhletli goýum – ýyllyk 5%, möhleti 6 aýdan 1 ýyla çenli;
  • „ÇAGALAR-BIZIÑ  GELJEGIMIZ“ atly möhletli goýum - ýyllyk 7 % , möhleti -1 ýyl;
  • “BÄHBITLI” atly möhletli goýum - goýumyň iň pes möçberi  1000 manat :
  • 1 aý möhlet bilen goýlan goýuma –ýyllyk 1,5% ;
  •  3 aý möhlet bilen goýlan goýuma –ýyllyk 3% ;
  •     6 aý möhlet bilen goýlan goýuma –ýyllyk 4,5% ;
  •     9 aý möhlet bilen goýlan goýuma –ýyllyk 7% ;
  • 12aý möhlet bilen goýlan goýuma –ýyllyk 9% girdeji;

 

  • „TALAP EDILÝÄNÇÄ GOÝUM“ - ýyllyk 0,5 % girdeji tölenip, goýumçy öz goýumyny islendik wagty alyp bilýär.

Şeýle hem, bank tarapyndan goýberilýän   “Altyn Asyr” töleg kartlarynyň üsti bilen bankomatlardan nagt pul almak,  hyzmatlaryň dürli görnüşlerine we satyn alnan harytlar boýunça nagt däl görnüşinde hasaplaşyklary geçirmek, şeýle hem daşary ýurtlarynda dürli hasaplaşyklary amala aşyrmak, hususan-da, söwda we hyzmatlar ulgamynda harytlar, hyzmatlar, internet arkaly petekleri satyn almak, otelleriň öňünden tölegleri, okuw we syýahatçylyk maksatly amatly töleg serişdesi bolan VISA : Electron, Classic, Business, Gold we MasterCard : Maestro, Standart, Gold, Business bank kartlaryny peýdalanyp bilersiňiz.

“Senagat” Paýdarlar täjirçilik banky tarapyndan ornaşdyran maglumat amal terminallarynyň üsti bilen nagt we nagt däl görnüşinde öý we öýjükli aragatnaşyk TM CELL, MTS, CDMA we internet tölegleri  geçirmek ýaly hyzmatlaryny Size hödürleýär.

 

“Senagat” Paýdarlar täjirçilik bankynyň merkezi dolandyrma edarasynda we  ähli welaýat şahamçalarynda bankymyzyň hyzmatyndan peýdalanyp bilersiňiz!

 

 

Siziň gelejegiňiz biziň bilen!

Biziň hyzmatlarymyz