Kredit hasaplama

Walyuta
Goterim
Jemi pul
Yyl
Ortaca aylyk toleginiz: 0

«Altyn asyr» bank karty

«Senagat»  Paýdarlar Täjirçilik banky Türkmenistanyň Prezidentiniň 2013-nji ýylyň 3-nji oktýabryndaky № 13240 we 2012-nji ýylyň 6-njy iýulyndaky № 12429 belgili Kararlaryny ýerine ýetirmek we milli manadymyzyň hümmetini ýokarlandyrmak, onuň durnuklylygyny ýokarlandyrmak, nagt däl görnüşindäki milli manatdaky bank kartlarynyň hyzmatlarynyň ulgamyny giňeltmek  boýunça öňünde goýlan meseleleri çözmek maksady bilen 2009-njy ýylyň başyndan ýörite “Altyn asyr” atly  plastik kartlaryny girizdi. Bu ulgam Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan hödürlenildi. Häzirki wagtda bank 65 000 gowrak müşderilere hyzmat edýär.

“Altyn asyr” bank karty Türkmenistanyň çäklerinde ulanmak üçin nieýlenendir we häzirkiwagtda müşderlere aşakdaky görkezilen hyzmatlary hödürleýär:

- islendik edara görnüşli taraplaryň işgärleriniň aýlyklaryny plastik karta geçirmek we bermek;

- özüňiz üçin islendik oňaýly wagdta siz bankomatdan pul serişdelerini alyp bilersiňiz;

- siziň serişdeleriňiziň ygtybarly saklanylmagyny üpjün etmek;

- islendik wagt özüňiziň hasabyňyzdaky galyndyny bilip bilersiňiz;

- pul serişdelerini nagt görnüşde ýanyňyz bilen götermek zerurlygy ýok;

- bank amallaryny ýerine ýetirmek üçin wagtyň tygşytlanylmagy;

- siz gije-güje-gündiziň dowamynda öz hasabyňyzdan pul serişdelerini alyp bilersiňiz;

- siz ýurdumyzyň çäklerinde islendik nokada pul serişdelerini ugradyp bilersiňiz;

- siz kreditiň (karzyň) nagt däl gönüşindäki tölegini amala aşyryp bilersiňiz;

- siz aragatnaşyk hyzmatlary üçin tölegi bankomatyň üsti bilen amala aşyryp bilersiňiz;

- söwda merkezlerinde satyn alnan harytlaryň tölegin amala aşyryp bilersiňiz.

 

 

 «Bank karty» näme we ol özünde nähili amatlyklary jemleýär ?

Bank karty – bu Siziň ygtybarly gapjygyňyz. Bank karty ýitirilen ýagdaýynda ony dikeldip bolýar, ýöne Siziň nagt pullaryňyz ýitse welin, ony gaýtaryp bolmaýar. Bu bolsa, bank kartynyň iň esasy amatlygydyr. Şeýle sorag ýüze çykyp biler: «Men aýlyk hakymy plastik kartasynyň üsti bilen ýa-da nagt görnüşinde almagymyň tapawudy näme ?», şeýlelikde, bu Siziň gymmatly watgyňyzy tygşytlaýar, bank kartynyň üsti bilen siz islendik wagt, has takygy, gijede, gündizem, iş we dynç alyş günleri öz aýlyk hakyňyzy tutşlygyna ýa-da bölekleýin, nobata durmazdan bankomatyň üsti bilen alyp  bilersiňiz.

«Senagat» Paýdarlar Täjirçilik bankynyň ilata hödürleýän plastik kartlary gelejekde köp maksatlary meýilleşdirýär. Ýakyn wagtlarda ol öz müşderlerine natg däl görnüşdäki hasaplaşyklaryň dürli görnüşlerini hödürlemekçi.

«Senagat» Paýdarlar Täjirçilik banky Size aşgabat şäherindäki we welaýat merkezlerindäki ýola goýaln plastik kartlarynyndan nagt pul serişdeleri almagyň we hasaplaşyklyry geçirmegiň nokatlaryny hödürleýär.

Mundan başga-da, 2004-nji ýylda «Senagat» PTB-y we Russiýanyň dünýä belli öňde baryjy banklarynyň biri bolan «Promswýazbank» arasynda Mastercard we Maestro kartlaryny girizmek üçin şertnama baglaşyldy. Häzirki wagtda esasy bankda we onuň welaýat şahamçalarynda we myhmanhanalarda oňa gelýän daşary ýurt raýatlarynyň bu karty ulanmaklary üçin giň mümkinçilikler döredildi. 

Gelejekde biziň bankymyz tarapyndan Mastercard, Maestro we Viza ýaly halkara kartlary nagt puly berýän ähli nokatlarda, şeýle hem Türkmenistanda giňden ýaýran söwda ulgamynda we daşary ýurtlarda kabul ediler. 

 

Biziň hyzmatlarymyz