Kredit hasaplama

Walyuta
Goterim
Jemi pul
Yyl
Ortaca aylyk toleginiz: 0

Hasaplaşyk kassa hyzmatlary

Geçirim amallary

Pul serişdeleriniň aýlawynyň ýokarlanmagy –«Senagat»PTB-nyňişiniň täsirliliginiňesasy görkezijisidir.

«Senagat» PTB-y hasap boýunça aşakdaky görkezilen amallary we onuň hyzmaty bilen baglanyşykly bank hyzmatlaryny amala aşyrýar:

  • Müşderiniň hasabyna onuň beýleki hasaplaryndan hem-de beýleki Türkmenistanyň rezidentleriniň we rezident dälleriniň hasabyndan manatdaky we daşary ýurt walýutasyndaky pul serişdelerini geçirýärler;
  • Müşderiniň tabşyrygy boýunça onuň hasabyndan beýleki hasaplaryna hem-de Türkmenistanyň rezidentleriniň we rezident dälleriniň hasabyna manatdaky we daşary ýurt walýutasyndaky pul serişdelerini geçirýärler. Müşderiniň hasabyndan tölegler we geçirimler diňe onuň tabşyrygy boýunç ýa-da Müşderiniň kepillendiriş edarasynda kepillendirilen laýyklykdaky ynanç haty bolan üçünji tarapyň tabşyrygy arkaly  amala aşyrylýar;
  • Müşderä hasapdan manat we daşary ýurt walýutasyndaky pul serişdelerini berýär. Üçünji taraplara - Türkmenistanyň rezidentlerine we rezident dällerine manat we daşary ýurt walýutasyndaky pul serişdeleri diňe Müşderiniň kepillendiriş edarasynda kepillendirilen laýyklykdaky ynanç hatynyň esasynda  berilýär;
  • Bank Müşderiniň hasaby boýunça ähli çykdajy amallaryny onuň gündelik hasabyndaky jemiň çäklerinde amala aşyrýar;
  • Müşderiniň talap etmegine görä gündelik hasabyndan göçürmelari berýär;
  • Müşderiniň  gündelik hasabyndaky bar bolan jemiň çäklerinde, Müşderiniň ýüz tutmagyna görä nagt we nagt däl walýutada satyn alma/satuw amallaryny amala aşyrýar.

«Senagat»PTB-y tassyklanylan tariflere we bank hasabynyň şertnamasynyň şertlerine laýyklykda, amala aşyrylan bank amallary we berilen bank hyzmatlary üçin komission hakyny tutup galýar.

 

Pulhana amallary

«Senagat»PTB-yň pulhanalarynda Müşderiniň işinden onuň bank hasaplaryna gelip gowşan nagt pullaryň (düşewünt) we gaýry gelip gowuşmalaryň kabul edilmegi, täzeden sanalmagy, çalşylmagy, ýeriniň çalşylmagy, sortlanylmagy we gaplanylmagy  ýerine ýetirilýär.

Pulhana amallary bölüminde (pulhanada) pul serişdeleriniň we beýleki gymmatlyklaryň kabul edilmegi, işlenilmegi we berilmegi üçin:  girdeji, çykdajy we täzeden sanama pulhanalar gurnalýar.

«Senagat»PTB-y aşakdakylary üpjün edýär:

  • öz müşderileriniň takyk we öz wagtyndaky hyzmat edilmegi,
  • ynanylan gymmatlyklaryň talaba laýyk saklanylmagyny gurnaýar we doly abatlygyny üpjün edýär,
  • pulhana işinde ýalňyşlyklara, ýitgilere, ogrulyklara we hyýanatçylykly hereketlere ýol bermezlik üçin zerur çäreleri görýär.

 

Biziň hyzmatlarymyz