Kredit hasaplama

Walyuta
Goterim
Jemi pul
Yyl
Ortaca aylyk toleginiz: 0

Ilatyň goýumlary

«Senagat»PTB-y üçin ilatyň goýumlaryny çekmek bank amallarynyň wajyp görnüşleriniň biri bolup durýar.

Häzirki wagtda «Senagat» PaýdarlarTäjirçilikbanky ilatyň serişdelerini dürli görnüşli depozit goýumlaryna çekmek boýunça amallary amala aşyrýar we olary çykarmagyň tertibiniň nukdaý nazaryndan seredeniňde, iki sany esasy toparlara bölüp bolýar :

а) berilmegi talap edilýänçä goýumlar

б) möhletleýin depozit goýumlary.

«Senagat»  PTB-y oňa tabşyrylan pul serişdeleriniň doly abatlygyny we goýumçynyň ilkinji talaby boýunça berilmegini kepillendirýär.

«Senagat» PaýdarlarTäjirçilikbankyilatamilli walutadaky aşakdaky görnüşlerdäki goýumlary hödürleýär:

  • berilmegi talap edilýänçä goýum;
  • çagalar üçin maksada gönükdirilen goýum;
  •  «Ene-atalar barada alada» depozit goýumy;
  •  «Halkyň saglygy–ýurduň baýlygy» depozit goýumy;
  •  «Çagalar biziň gelejegimiz»depozit goýumy;
  •  «Täze manat-täze durmuş»depozit goýumy;
  • "Amatly"depozit goýumy.

Berilmegi talap edilýänçä goýum– goýumyň iň ýaýran görnüşi. Goýumyň bu görnüşi goýulan serişdeleri eýeleriniň ilkinji talap etmegi boýunça almak mümkinçiligini berýär. Pul serişdeleri şeýle hasaplara nagt we nagt däl görnüşinde kabul edilýärler we bölekleýin ýa-da tutşulygyna çykarylýarlar. Bu howpsuz we tygşytly usul. Bu hasaplaryň esasy ähmiýeti – olaryň ýokary derejedäki akyjylygy, bu hasaplaryň töleg serişdesi hökmünde gönüden-göni ulanyp bolmak mümkinçiligi. Goýumçy üçin goýumyň bu görnüşiniň esasy ýetmezçiligi – girdeji hakynyň pes göterimi.  Bu goýumdan pullaryň berilmegi pullary alyjynyň şahsyýetini kepillendirýän resminamanyň görkezilmegi boýunça amala aşyrylýar.

Goýumlaryň dürli görnüşleriniň arasynda iň giňden ýaýranlary depozit goýumlarydyr.Depozit goýumy nagt pul görnüşinde belli bir adamyň adyna pasportyny görkezmegi arkaly kabul edilýär. Bu hasaplar boýunça ilkinji goýumyň jemi öňünden gürleşilýär. Depozit hasaplary boýunça göterimler öz wagtynda geçirilip durulýar we bank öz tarapyndan hasabyň eýesine geçirilen göterimleriň bökdençsiz  geçirilmegini kepillendirýär. Ýöne depozit goýumy wagtyndan öň alnan ýagdaýynda goýumçy ýokarlandyrylan göterimlerdenmahrum bolýar we  şertnamada başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa,berilmegi talap edilýänçä goýumda göz öňünde tutulan göterimler tölenilýär  .

Çagalar üçin maksada gönükdirilen goýum– garyndaşlyk gatnaşygyna bagly bolmazdan, şahslardan 16 ýaşyna çenli çagalaryň adyna kabul edilýär we onuň saklama möhleti kämillik ýaşyna ýeteýinçä bolup, ýyllyk 6 göterimden ybaratdyr. Ilkinji goýumyň jemi 20 manatdan az bolmaly däl. Göterimler her aýda hasaplanylýar we tölenýär.

«Ene-atalar barada alada» depozit goýumy–saklanyş möhleti ýyllyk 10 % boýunça 6 aýdan 1 ýyla çenli. Depozitiň bu görnüşi pensionerler üçin ýörite işlenip düzüldi. Pension şahadatnamasy görkezilende, ilkinji goýumyň jemi 20 manatdan az bolmaly däl. Göterimler her aýda hasaplanylýar we tölenýär.

«Halkyň saglygyýurduň baýlygy» depozit goýumy- saklanyş möhleti ýyllyk 5 % boýunça 6 aýdan 1 ýyla çenli.Goýum meýletin saglyk ätiýaçlandyryş şertnamasyny baglaşan raýatlar üçin ulanylýar. Saglyk ätiýaçlandyryş pasporty görkezilende, ilkinji goýumyň jemi 20 manatdan az bolmaly däl. Göterimler her aýda hasaplanylýar we tölenýär.

«Çagalar biziň gelejegimiz» depozit goýumy- saklanyş möhleti 1 ýyl. Goýumlar 16 ýaşyna çenli çagalaryň adyna garyndaşlyk gatnaşygyna bagly bolmazdan, şahslardançaganyň dogulyş hakyndaky şahadatnamasy görkezilende ýylly 7 göterimi bilen açylýar. Bank çaganyň doglan gününe ýadygärlik sowgadyny gowşurýar. Şertnamanyň möhleti tamamlananyndan soňra, goýumy goýumçynyň özi, onuň ene-atasy ýa-da kanuny welilleri alyp bilýärler. Ilkinji goýumyň jemi 100 manatdan az bolmaly däl. Göterimler ýylyň ahyrynda hasaplanylýar we tölenýär.

«Täze manat-täze durmuş» depozit goýumy- saklanyş möhleti ýyllyk 10 % boýunça 1 ýyl. Ilkinji goýumyň jemi 2000 manat. Göterimler her aýda hasaplanylýar we tölenýär.

"Amatly" depozit goýumyilkinji goýum ň azyndan 1 000 manat

·  saklanyş möhleri 1 aý –  ýyllyk 1,5% ;

·  saklanyş möhleri 3 aý –  ýyllyk 3 %;

·  saklanyş möhleri 6 aý –  ýyllyk 4,5%;

·  saklanyş möhleri 9 aý –  ýyllyk 7 %;

 saklanyş möhleri 12 aý –  ýyllyk 9 %.

Göterimler her aýda hasaplanylýar we tölenýär.

Berilmegi talap edilýänçä goýum -  ýyllyk 0,5%, goýum goýumçynyň islegine görä tölenilýär.

Mundan beýläk hem «Senagat» PTB-y Türkmenistanyň Häkimiýetiniň syýasaty bilen düzgünleşdirilýän depozit syýasatynyň esasy ýörelgelerini saklarwe ol Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň düzgünleşdirilmegi  we ösmegi üçin amatly şertleriň döredilmegine gönükdiriler.

 

Biziň hyzmatlarymyz