Kredit hasaplama

Walyuta
Goterim
Jemi pul
Yyl
Ortaca aylyk toleginiz: 0

Pul geçirimleri

Ýanardag ulgamy

 Türkmenistanyň Prezidentiniň banklaryň işini halkara derejede alyp barmak boýunça talaplaryna laýykylykda işlenip düzülen “Ýanardag” elektron tölegleriniň ulgamy hereket edýär. Bu ulgam ilatyň Türkmenistanyň çäklerinde nagt pullary tiz geçirmek isleglerini kanagatlandyrmak maksady bilen «Senagat» PTB-yň gatnaşmagynda işlenip.

“Ýanardag” elektron tölegleriniň ulgamy 2003-nji ýylyň 17-nji fewralynda  Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan tassyklanylyp, 2003-nji ýylyň 24-nji fewralynda herekete girizildi.

Elektron tölegleriniň bu ulgamy Türkmenistanyň welaýat merkezlerinde, has takygy mary, Daşoguz, Türkmenabat, Balkanabat, Türkmenbaşy we Serdar şäherlerinde hyzmat edýär.

Ulgamyň dolandyryş merkezi «Senagat»  PTB-dyr.

Geçirimler fiziki şahslaryň arasynda, bank hasaplary açylmazdan amala aşyrylýar.

“Ýanardag” elektron tölegleriniň ulgamy  ilatyň arasynda tizligi, howpsuzlygy we amatlylygy bilen bellidir.

Gelejekde bu ulgamyň täze görnüşini girizmek göz öňünde tutulyp, onda müşderiler diňe bir geirimleri hem däl, eýsem özleriniň zerur hasap eden habarlaryy, gutlaglaryny hem ýollap bilerler.

                                                 

WesternUnion pul geçirimleri

            «Senagat» Paýdarlar täjirçilik banky Täze Galknyşlaryň we beýik özgertmeleriň zamanyndaky talaplara laýyklykda ilata tiz we amatly bank hyzmatlaryny hödürlemekden ugur alyp, şeýle hem ilatyň isleglerini göz öňünde tutup, bank hyzmatlaryny kämilleşdirmek maksady bilen özüniň döredilen senesinden bäri müşderiler bilen işe uly üns berýär. Bank hemişe ýerine ýetirýän amallarynyň spektrini giňeltmegi, bank hyzmatlarynyň dürli görnüşlerini girizmegi we olaryň hilini ýokarlandyrmagy başardy.

«Senagat» PTB-y  2001-nji ýylda Moskwanyň  «Western Union DP Wostok» atly bank däl kredit guramasy bilen şertnama baglaşyp, ýurdumyzda ilkinji bolup “Western Union” pul geçirimlerini ýola goýdy. Geçirimler fiziki şahslaryň arasynda bank hasabyny açmazdan amala aşyrylýar. Western Unionulgamy  adatça pul serişdeleriniň dünýäniň islendik ýurduna tiz geçirilmegini üpjün edýär. Kime pul geçirimi ugradylan bolsa, ol birnäçe minutdan geçirimi alyp biler.Bu bolsa, siziň wagtyňyzy tygşytlap, Sizden uzak aralykda ýerleşýän garyndaşlaryňyza we tanyşlaryňyza pul kömegini bermäge mümkinçilik berýär. Biziň bankymyz tarapyndan müşderileriň sanyny köpeltmek we olara edilýän hyzmatlaryň hilini gowulandyrmak boýunça köp işler alnyp barylýar. Diňe bir esasy ofisde däl, eýsem ähli welaýatlardaky şahamçalarda, şeýle hem ilatyň gür ýerleşýän ýerlerinde, täze açylýan söwda merkezlerinde ilatyň amatlyklary üçin köp “Western Union” we alyş-çalyş nokatlary açyldy.

 

Biziň hyzmatlarymyz