Kredit hasaplama

Walyuta
Goterim
Jemi pul
Yyl
Ortaca aylyk toleginiz: 0

Altyn asyr bank kartlary

Nagt däl hasaplaşyklary kämilleşýär

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ykdysady we durmuş taýdan barha kuwwatlanýan ýurdumyzda halkymyzyň bank hyzmatlarynyň mümkinçiliklerinden ösen döwrüň talaplaryna laýyklykda peýdalanyp bilmegi üçin giň mümkinçilik döredilýär. Bu işleriň ählisi halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmek ugrunda uly tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň “Döwlet adam üçindir!” diýen ynsanperwer ýörelgesiniň durmuşymyzyň ähli ugurlarynda öz beýanyny tapýandygyna şaýatlyk edýär.

“Senagat” Paýdarlar täjirýilik bankynyň “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna” laýyklykda alyp barýan işleriniň netijesinde bank ulgamyny döwrebaplaşdyrmakda, ýurdumyzyň ilatyna ýokary ähmiýetli amatlyklary üpjün edýän nagt däl hasaplaşyklaryň tehnologiýalaryny giňden ornaşdyrmakda gazanylan netijelerde ähmiýeti ulydyr.

Nagt däl hasaplaşyklarynyň ýokary derejelerde kämilleşdirilmegi, nagt däl hasaplaşyklaryny geçirmegiň döwrebap töleg guraly bolup durýan töleg kartlarynyň ilatymyza hödürlenilýän täze görnüşlerine we olarda bar bolan hyzmatlaryň kämilleşmegine bagly bolup durýar. Şonuň esasynda banklar tarapyndan ilatymyza hödürlenilýän bank kartlarynyň üsti bilen ýerine ýetirilýän nagt däl hasaplaşyklary jemgyýetimize barha giňden ornaşyp, kämilleşip, halk köpçüligi tarapyndan uly islege eýe bolýar. Bank kartlarynyň üsti bilen geçirilýän nagt däl hasaplaşyklar pul geçirimlerini çaltlaşdyrmak, şeýle hem hasaplaşyklar geçirilende wagty tygşytlamak üçin amatlyklary döredýär. Häzirki wagtda “Altyn Asyr” töleg kartyndan başga-da özüniň amatlylygy we bähbitliligi bilen ildeşlerimiziň arasynda tiz wagtda uly islege eýe bolan “Maşgala” we “Goýym bank kartlarynyň” üsti bilen islendik bankomatlarda ýa-da töleg terminallarynda nagt däl hasaplaşyklary geçirmek mümkinçilikleri döredilendir. Karz edaralary tarapyndan bank kartlarynyň üsti bilen pul dolanyşygynyň netijeliligini gazanmak, dünýäniň öňdebaryjy tilsimatlaryna esaslanýan nagt däl hasaplaşyklary ýaýbaňlandyrmak maksady bilen dürli çäreler geçirilýär. Bank kartlary arkaly töleg terminallarynyň üsti bilen, nagt däl görnüşde söwda we hyzmat ediş nokatlarynda harytlary satyn almak, aragatnaşyk, jemagat we ýaşaýyş jaý hyzmatlaryna tölegi, awtoulag ýangyjy üçin tölegi, saglygy goraýyş edaralarynyň hyzmatlary, awiapetekleri üçin tölegi, karzy üzmek we onuň göterimleriniň tölegini amala aşyrmak üçin döwrebap, amatly we howpsuz usullar hödürlenýär.

Ýurdumyzyň karz edaralary tarapyndan raýatlara elýeterli we amatly nokatlarda ýerleşdirilýän maglumat-amal terminallary we bankomatlar arkaly degişli edara gitmezden öýjükli telefonlaryň (“TmCell”, “CDMA”) hyzmaty, «Türkmentelekom» döwlet elektrik aragatnaşyk kompaniýasynyň hödürleýän internet hyzmaty, «Aşgabat şäher telefon ulgamy» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň hödürleýän internet, öý telefon we IP-TV telewideniýe hyzmatlary üçin, saglyk ätiýaçlandyryş üçin tölegleri tölemäge, bank karzlarynyň esasy bergisini gaýtarmaga we olaryň göterimlerini tölemäge, “Internet-bank” we “Mobil-bank” ulgamlarynyň üsti bilen hyzmatlaryň görnüşlerini artdyrmaga şertler döredildi.

Nagt däl hasaplaşyklary ýaýbaňlandyrmak we kämilleşdirmek maksady bilen, “Senagat” Paýdarlar täjirçilik banky tarapyndan Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrliginiň buýurmasy esasynda çykarylan ýol kartlaryň üsti bilen jemgyýetçilik awtoulaglarynyň ýol töleglerini hasaplaşmak işleri ýola goýuldy.

Bu ulgam tiz wagtda nagt serişdeler bilen hasaplaşmagy aradan aýyrmaga mümkinçilik berdi. Bu bolsa sürüjiler we ýolagçylar üçin töleg amatlyklaryny hem-de medeniýetli hyzmaty ýokarlandyrýar.

Nagt däl hasaplaşyklaryň ýokary derejede ösýänligini göz öňünde tutup, “Senagat” Paýdarlar täjirçilik banky tarapyndan müşderilerimiziň Söwda we hyzmat ediş nokatlarynda töleg terminallaryny ornaşdyrmak işleri yzygider dowam etdirilýär.

“Senagat” Paýdarlar täjirçilik banky ýurdumyzyň ilatyna ýokary derejede bank hyzmatlaryny hödürlemek bilen, Hormatly Prezidentimiziň döredýän giň mümkinçlikleri esasynda gelejekde hem ilatymyza nagt däl hasaplaşyklarynyň üsti bilen amatly we ygtybarly, gysga wagtda we bökdençsiz amala aşyryp bolýan täze bank hyzmatlaryny hödürlemegä degişli işleri alyp barar. “Senagat” Paýdarlar täjirçilik banky ildeşlerimizi banklar tarapyndan ornaşdyrylan töleg terminallarynyň üsti bilen nagt däl görnüşinde hasaplaşyklaryň giň mümkinçiliklerinden peýdalanmaga çagyrýar.

 

Döwletmyrat Ýagşybaýew

“Senagat” Paýdarlar täjirçilik bankynyň

Elektron tölegleri müdirliginiň başlygy.

 

«Senagat»  Paýdarlar Täjirçilik banky Türkmenistanyň Prezidentiniň 2013-nji ýylyň 3-nji oktýabryndaky № 13240 we 2012-nji ýylyň 6-njy iýulyndaky № 12429 belgili Kararlaryny ýerine ýetirmek we milli manadymyzyň hümmetini ýokarlandyrmak, onuň durnuklylygyny ýokarlandyrmak, nagt däl görnüşindäki milli manatdaky bank kartlarynyň hyzmatlarynyň ulgamyny giňeltmek  boýunça öňünde goýlan meseleleri çözmek maksady bilen 2009-njy ýylyň başyndan ýörite “Altyn asyr” atly  plastik kartlaryny girizdi. Bu ulgam Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan hödürlenildi. Häzirki wagtda bank 65 000 gowrak müşderilere hyzmat edýär.

“Altyn asyr” bank karty Türkmenistanyň çäklerinde ulanmak üçin nieýlenendir we häzirkiwagtda müşderlere aşakdaky görkezilen hyzmatlary hödürleýär:

- islendik edara görnüşli taraplaryň işgärleriniň aýlyklaryny plastik karta geçirmek we bermek;

- özüňiz üçin islendik oňaýly wagdta siz bankomatdan pul serişdelerini alyp bilersiňiz;

- siziň serişdeleriňiziň ygtybarly saklanylmagyny üpjün etmek;

- islendik wagt özüňiziň hasabyňyzdaky galyndyny bilip bilersiňiz;

- pul serişdelerini nagt görnüşde ýanyňyz bilen götermek zerurlygy ýok;

- bank amallaryny ýerine ýetirmek üçin wagtyň tygşytlanylmagy;

- siz gije-güje-gündiziň dowamynda öz hasabyňyzdan pul serişdelerini alyp bilersiňiz;

- siz ýurdumyzyň çäklerinde islendik nokada pul serişdelerini ugradyp bilersiňiz;

- siz kreditiň (karzyň) nagt däl gönüşindäki tölegini amala aşyryp bilersiňiz;

- siz aragatnaşyk hyzmatlary üçin tölegi bankomatyň üsti bilen amala aşyryp bilersiňiz;

- söwda merkezlerinde satyn alnan harytlaryň tölegin amala aşyryp bilersiňiz.

 «Bank karty» näme we ol özünde nähili amatlyklary jemleýär ?

Bank karty – bu Siziň ygtybarly gapjygyňyz. Bank karty ýitirilen ýagdaýynda ony dikeldip bolýar, ýöne Siziň nagt pullaryňyz ýitse welin, ony gaýtaryp bolmaýar. Bu bolsa, bank kartynyň iň esasy amatlygydyr. Şeýle sorag ýüze çykyp biler: «Men aýlyk hakymy plastik kartasynyň üsti bilen ýa-da nagt görnüşinde almagymyň tapawudy näme ?», şeýlelikde, bu Siziň gymmatly watgyňyzy tygşytlaýar, bank kartynyň üsti bilen siz islendik wagt, has takygy, gijede, gündizem, iş we dynç alyş günleri öz aýlyk hakyňyzy tutşlygyna ýa-da bölekleýin, nobata durmazdan bankomatyň üsti bilen alyp  bilersiňiz.

«Senagat» Paýdarlar Täjirçilik bankynyň ilata hödürleýän plastik kartlary gelejekde köp maksatlary meýilleşdirýär. Ýakyn wagtlarda ol öz müşderlerine natg däl görnüşdäki hasaplaşyklaryň dürli görnüşlerini hödürlemekçi.

«Senagat» Paýdarlar Täjirçilik banky Size aşgabat şäherindäki we welaýat merkezlerindäki ýola goýaln plastik kartlarynyndan nagt pul serişdeleri almagyň we hasaplaşyklyry geçirmegiň nokatlaryny hödürleýär.

Mundan başga-da, 2004-nji ýylda «Senagat» PTB-y we Russiýanyň dünýä belli öňde baryjy banklarynyň biri bolan «Promswýazbank» arasynda Mastercard we Maestro kartlaryny girizmek üçin şertnama baglaşyldy. Häzirki wagtda esasy bankda we onuň welaýat şahamçalarynda we myhmanhanalarda oňa gelýän daşary ýurt raýatlarynyň bu karty ulanmaklary üçin giň mümkinçilikler döredildi. 

Gelejekde biziň bankymyz tarapyndan Mastercard, Maestro we Viza ýaly halkara kartlary nagt puly berýän ähli nokatlarda, şeýle hem Türkmenistanda giňden ýaýran söwda ulgamynda we daşary ýurtlarda kabul ediler. 

 

Biziň hyzmatlarymyz