Kredit hasaplama

Walyuta
Goterim
Jemi pul
Yyl
Ortaca aylyk toleginiz: 0

Bank kepillikleri

KEPILLIKLERIŇ ESASY GÖRNÜŞLERI

· TÖLEG KEPILLIGI–prinsipalyň (alyjynyň) haýyş etmegi boýunça benefisiaryň (satynynyň, getirip tabşyryjynyň we başg.) haýryna getirip tabşyrylan (düşürilen) harydyň (ýerine ýetirilen hyzmatlaryň, edilen işleriň) tölegi boýunça öz borçnamalaryny ýerien ýetirip bilmedik ýagdaýynda soňka tölegleri geçirmek boýunça bankyň kepillikleri;

· TENDER KEPILLIGI–tendere gatnaşmak islegini bildiren we tenderi gurnaýja öz tekliplerini hödürlän tarapyň (gatnaşyjynyň) islegi boýunça  bellenilen puly tenderi gurnaýja tölemek boýunça  bankyň kepillikleri;

· AWANS TÖLEGINI GAÝTARMAGYŇ KEPILLIGI–alyjynyň haýryna satyjynyň talap etmegine görä berlen awansy satyjynyň harydy getirip tabşyrmak (hyzmatlary ýerine ýetirmek, işleri etmek) boýunça öz borçnamalary ýerine ýetirip bilmedik ýagdaýynda, awansy satyn alyja gaýtaryp berek boýunça bankyň kepillikleri;

· ÝERINE ÝETIRMEGIŇ KEPILLIGI- satyjynyň talap etmegine görä  satyn alyjynyň haýryna satyjynyň getirip tabşyrmak boýunça öz borçnamalary ýerine ýetirip bilmedik ýagdaýyndasatyn alyja belli bir puly tölemek boýunça bankyň kepilligi;

Biziň hyzmatlarymyz