Kredit hasaplama

Walyuta
Goterim
Jemi pul
Yyl
Ortaca aylyk toleginiz: 0

Sarp ediş maksatlary üçin karzlar

Sarp ediş maksatlary üçin karza ýüz tutmak üçin zerur resminamalar

Awtoulagy girewne goýup karz pul serişdesini almak üçin:
1.Karz alyjynyň arzasy
2. Karz alyjynyň (aýaly we adamsy) pasportyň asyl we göçürme nusgalary
3.Nika şahadatnamasynyň nusgasy ýa-da nikada durmaýanlygy hakynda RÝNÝ bölüminden delil haty.
4.Işleýän ýerinden aýlyk zähmet haky barada Güwähat (milli manatda)
5.Karz alyjynyň zähmet depderçesiniň göçürme nusgasy (tassyklanylan).
6. Ýaşaýan ýeri we maşgala ýagdaýy barada Güwähat (Forma № 3.)
7.Maşgala agzalarynyň pasportlarynyň göçürme nusgalary.
8. Maşgala agzalarynyň razylyk haty.
9. Alan karzyňy plastik kartyň üsti bilen gaýtarmak:
10.Zamunçynyň pasportynyň asyl we göçürme nusgalary.
- Zamunçynyň işleýän ýerinden aýlyk zähmet haky barada Güwähat (ähli tutumlary görkezilmeli) we zähmet depderçesiniň göçürme nusgasy (tassyklanylan iş ýerinden).
11.Girew:
-awtoulag: Teh pasportynyň asyl we göçürme nusgalary, 4 sany surat (awtoulagyň iki gapdal we yz, öň taraplarynyň suratlary), awtoulagyň girewde durmaýanlygy barada PÝGG-dan Güwähat.
12.Awtoulaga baha kesdirmeli
Karzy almak boýunça bildirilýän şertler
1.Zerurlyk ýüze çykan halatynda goşmaça resminamalaryň talap edilmegi.
 
Ýaş çatynjalara ýeňillikli karz:
1.Karz alyjynyň arzasy
2.Ýaş çatynjalaryň (aýaly we adamsy) pasportlarynyň asyl we göçürme nusgasy.
3.Nika şahadatnamasynyň asyl we göçürme nusgasy.
4. Aýalynyň we adamsynyň öň nikada durmaýandygy barada RÝNÝ bölüminden
kepilnama.
5.Işleýän ýerinden aýlyk zähmet haky barada Güwähat (ähli tutumlar görkezilen)
(Eger-de hususy telekeçi bolan şahsy adamyň girdejileri üçin salgyt boýunça beýannamasy, ähli tutumlar tutulandan soňra galan sap girdejisi görkezilen)
6.Karz alyjynyň zähmet depderçesiniň göçürme nusgasy (tassyklanylan).
7. Ýaşaýan ýeri barada Güwähat (Forma № 3.)
8.Zamunçylaryň ikisiniň hem pasportlarynyň asyl we göçürme nusgalary.
9. Zamunçylaryň işleýän ýerinden aýlyk zähmet haky barada Güwähat (ähli tutumlary görkezilmeli) we olaryň zähmet depderçesiniň göçürme nusgasy (tassyklanylan).
10. Alan karzyňy plastik kartyň üsti bilen gaýtarmak:
Karzy almak boýunça bildirilýän şertler
1. Är-aýalynyň ikisi hem 30 ýaşamadyk bolmaly.
2.Zerurlyk ýüze çykan halatynda goşmaça resminamalaryň talap edilip biliner.
 
Hususy ýaşaýyş jaýyny girewne goýup karz pul serişdesini almak
1.Karz alyjynyň arzasy
2. Karz alyjynyň (aýaly we adamsy) pasportyň asyl we göçürme nusgalary
3.Nika şahadatnamasynyň nusgasy ýa-da nikada durmaýanlygy hakynda RÝNÝ bölüminden delil haty.
4.Işleýän ýerinden aýlyk zähmet haky barada Güwähat
5.Karz alyjynyň zähmet depderçesiniň göçürme nusgasy (tassyklanylan).
6. Ýaşaýan ýeri we maşgala ýagdaýy barada Güwähat (Forma № 3.)
7.Maşgala agzalarynyň pasportlarynyň göçürme nusgalary.
8. Maşgala agzalarynyň razylyk haty.
9. Alan karzyňy plastik kartyň üsti bilen gaýtarmak:
10.Girew:
-hususy jaýy: Öý kitabynyň we tükelleýiş işiniň asyl we göçürme nusgalary.Türkmenistanyň Adalat ministrligiden şol jaýyň tussagda durmaýanlygy barada güwähat.
Karzy almak boýunça bildirilýän şertler
1.Zerurlyk ýüze çykan halatynda goşmaça resminamalaryň talap edilmegi.

Resminamalary ýüklemek

2 МБ.
gif jpg jpeg png pdf doc docx xls xlsx.

Biziň hyzmatlarymyz